Iñ meşhur wagt syýahatçysy ABŞ-yň harby deňiz güýçleriniň ätiýaçlykdaky ofiseri Alfred Bilek.Onuň ýene bir ady Edvard Kameron.Alftred iki wagt aralygyna syýahat etmek üçin tejribelere gatnaşýar.Ol 1943-nji ýyl "Filadelfiýa eksprementi" we 1949-njy ýylda "Montok" eksprementlerine gatnaşýar.

Harby edaralar Bilegiň aýdýan maglumatlaryny inkär etsede,ol ylmy tejribelerden soňra öçürüp taşlanan ýadynyň doly dikelendigini aýdýar.Umuman aýdanda ofiser 2137-nji ýylda 6 hepde we göz öňüne getirmesi kyn bolan 2749-ýyldan başlap 2 ýylyny gelejekde geçirýär.Şondan soň Bilek aşakdakylary aýdyp berýär.

"Yklym,geografiýa,planeta we kenar çyzygy düýbünden üýtgär.Asyrlaryň geçmegi bilen binalar ýokary ösüp başlar,kenarýaka binalar bolsa suw astynda galar."

Onuň syn eden 2000 gatly binalara eýe bolan uly şäherleri kenarýakada ýa-da ýerden bir ýarym kilometr belenltikde äpet antigravitatsion platformalaryň kömegi bilen asmanda uçup gezer.

Ýigrimi sekizinji asyrda umumy sany(şuňa üns beriň) 500 million adama çenli kemelen jemgyýetiň içinde "Her kim zähmetine görä,her kim başarnygyna görä" düzgüni höküm sürer.

Dolanşygyň beýleki görnüşleri möhümligini ýitirer.2749-njy ýylda dünýäde ideal sotsailistik jemgyýet höküm sürmeli ýeke-täk tertip,durmuşa ornaşdyrylar we her bir işe ukyply adam umumy ösüşe öz goşandyny goşar.

Kanuny bozan adamlar,aýratyn bölüp berlen ýerlere sürgün edilip,jemgyýetden uzaklaşdyrylar,potentsial howply jenaýatkärler bolsa,agyry-ynjysyz öldüriler.

Jeza bermegi ýa-da günä geçmegi emeli aň ýerine ýetirer.Ähli jemgyýetçilik agzalaryny merkezi megakompýuter her bir şäher üçin aýratyn dolandyrar.Ähli dolandyryş merkezleri ýeke-täk sintetik tora birleşdiriler.Her bir şäher garamagynda bolan awtonom gorag sistemasy,hemişe söweşjeň ýagdaýda durar emma,döwlet serhetleri,uruşlar,politsiýa,armiýa,banklar,pullar we hökümetler bolmaz.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir