Logikaň nämedigine ählimiz bilýän bolsak gerek? Häzir logikaň kömegi bilen Detjaly ýa-da şoňa meňzeş birini tapmaga synanşaýly. Ilki başda Detjal diýilende, fiziki beden dälde, aňly düşünjeli şahsýeti göz öňüne getirmäge synanşyň.

Biziň barymyz mekdepde okadyk we biziň barymyzyň ýadymyzda, her bir klasda hökman "birinji şef" diýen ýaly bir çaga bolýar. Adamzadyň psihalogiýasyna görä adamlarlaryň içinden hökman bir lider saýlanýar. Eger 10-20 sany, bir birini tanamaýan adamlary, ýaşalmaýan ada zyňsaň, ol adamlar hökman irarhyýa gurup başlaýar. Başgaça aýdaňda piramida gurýarlar. Her bir edarada başlyk bar, her bir ýurtdan prezident bar, emma näme üçindir Zemin planetaň baş başlygy ýok. Adamzadyň miliýonlarça ýyllar bäri ýaşap ýörenini hasaba alsaň, eýýäm Zeminiň öz baştutany bolmalydy, ýöne ol ýok. Ol resmi taýdan ýok, hakyktda bolsa Zeminiň baş hany bar, ol bolaýmaly, başgaça bolmaga haky ýok. Zemini dolandyrýan güýje "dünýewi hökümet" diýýerlär. Ol hökömet barada ABŞ prezidenti açyk aýtdy we ony atyp öldürdiler, ol prezidenda Jon Kenedi diýýärler. Ol dünýewi hökümet diýilýän edara şu wagtky ýewropada ýerleşýär, has tajyk aýdaňda olaryň esasy bölegi iňlis maşgalalar, iňlis patyşa maşgalalary. Dünýewi hökümet bar bolsa, olar nädip öz güýjini berkitdi? Dünýewi hökümediň esasy agzalary iňlis tapyşalygy, soňky 250 ýyllap dünýä ýüzünde söwdä etdiler we her bir milletiň gylyk häsýetlerini öwrendiler. Narkotik söwdäsinde gowja baýadylar, alymlara hormat goýdylar we adamzady dolandyrmaň ähli usullaryny öwrendiler. Adam gatnaşyklaryny öwrenýän ýokary okuw jaýlaryň barsy, dünýewi hökümediň dolandyrmasynda dur diýip hasap edilýär. Masonlar, ilýuminatlar, rim kluby we başga şoňa meňzeş guramalaryň barsy, dünýewi hökümediň dolandyryş gurallary. Dünýewi hökümediň ýene bir aýratyn tarapy, ol hiç haçan ýurtlaryň içgi işlerine goşulanok, emma köplenç uly ýurtlaryň prezidentlerini aýyryp belleýär.
Meň özüm dünýewi hökümet barada bir giden informasyýa okap, ol guramaň hakylatdan hem bardygyna ynandym, emma meň ýalňyşýan bolmagym hem ähtimal?

Dünýewi hökümet bar diýeli, eger ol bar bolsa, ol hökümediň hakyky maksady näme? Nirede olaryň alyp barýan programmasyny görüp bolýar? Dünýewi hökümediň baş programmasy adamzadyň sanyny azaltmak. Bu programma barada köp ýerde eşdip bolýar, kitaplarda we kinolarda, käbir meşgur adamlardan, mysal üçin Bil Geýts, Žar Kusto we bir giden şoňa meňzeş adamlar Zeminiň adam sanyny azaltmaly diýip agzap geçýärler. Adamlary azaltmak üçin uly urşlary geçirmek degerli netije bermedik bolmaly? Onsoň dünýewi hökümet aýal-gyzlaryň daşyna geçýär, maşgalany dagytmak we şoňa meňşez programmalar. Maşgala berk bolmasa, çaga önenok. Aýal gyzlar asylla bolmasa, berk maşga döränok. Maşgala meselesini şu wagt öz ýurdymyzda özüňiz hem görýänsiňiz? Dünýewi hökümediň baş programmasy adamzady azaltmak ýaly bolup görünsede, ol programma azajyk başgarak eken. Adamzady tutuşlygyna azaltman, oň diňe belli bir bölegini azaltmak baş maksat eken. Mysal üçin dünýewi hökümede, we başga bir islendik hökünede iň gerek zatlaryň biri, edil gul ýaly hukuksyz halk bolup durýar. Näme etseň sesini çykarman gezip ýören halk, islendik hökümediň arzuwy. Dünýewi hökümet hem şol arzuwdan daşa düşmedi. Dünýewi hökümet edil gul ýaly pikir edýän halklaryň sanyny köpeldip, kesir halklaryň sanyny azaltjak bolýar. Mysal üçin Hytaý we Ýapon milletleri edil gul ýaly halklar, şol sebäpden şol halklaryň sany köpelýär. Ýewropa halklary kesir we ýalta halklar, ondan başga ol halklaryň kelleleri gowy işleýär, netijede Ýeropa halklaryndan dynmak programmasy işleýär. Şol sebäpden Ýewropada geýlaryň hereketi iň erkin aýallar bar. Eýýäm ençem ýyl bäri Ýewropany ýok etmek boýunça programma işleýär, ruslar hem şol akymda. Bu zatlara Detjal nähili dahylly diýip sorarsyňyz? Azajyk garaşyň, häzir ol oglanada nobat ýeter. Gepiň gysgasy men bir giden informasyýany okap, dünýewi hökümediň bardygyna ynandym. Ýöne meni başga bir zat alada goýdy. Dünýewi hökümediň başynda asaty adamlar otyrmaly, emma bize görä has haramzada we diýseň mekir adamlar. Belkide ol döwletiň başynda belli bir topar otyrandyr, mysal üçin 13 sany adamdan durýan topar? Dünýewi döwletiň başynda kim duram bolsada, ol döwletiň programmalary näme üçindir örän uzak ýyllara hasaplanan. Mysal üçin Ýewropany geýleşdirmek 1950-nji ýyllardan başlady diýeli? Ondan başga men 1995-nji ýylda ýazylan kitapdan bir informasyýa okadym, şol informasyýa laýyklykda adamzada degişli bir programma 2050 ýylda tamamlanýar. Eýsem dünýewi hökümet beýle uzak aralyga nädip meýilnama ýazyp bilýär? Adaty prezidentlaryň programmalary 4 ýyla hasaplanan. Adaty adam 4-5 ýyldan aňary hiç zat meýilleşdirip bilenok. Meýilnamany 100 ýyla ýazmak hem kyn däl, ýöne şonça wagtlap şol meýilnamadan çykmazlyk aňsat iş däl. Dünýewi hökümediň meýilnamalarynda bolsa bir zatlar tersi. Ol meýilnamalary ýerine ýetirmek üçin adamzadyň bir nesili ýetenok. Onsoňam adam diýen zat şol bir zada höwesini örän çalt ýitirýär, ol bir meýilnamaň üstinde aňary gitse 10 ýyl zähmet çekip biler, soň höwesi gaçar, ýa-da ünsi başga bir zada sowylar. Ýewropany bolsa eýýäm 50-60 ýyl bäri geýleşdirýärler. 50 ýyl bolsa bu eýýäm 2 adam nesli, diýmek kakaň işini ogul dowam etmeli. Garaz dünýewi hökümediň uzaga gidýän meýilnamalary mende kän sorag döretdi. Onsoň logiki jogap tapyp bilmän, men başga tarapa pikit etmeli boldym. Dünýewi hökümediň baştutany kim bolsada ol adaty adamyň ömrüni ýaşanok, ol adam, ýa-da şahsyýet soňky 300-400 ýyl bäri diri we ýene şonça ýaşamakçy. Elbetde pikir diýseň fantastiçeski, ýöne adaty adamyň 50-60 ýyllap bir pikire gullup edip biljegine ynanmak, ondan hem fantastiçeski bolup görünýär. Gepiň gysgasy ölemez ýitmez bir şahsyýetiň bardygy barada netijä gelindi, ýene bir tarapdan dünýewi hökümediň adatdan daşary ganymlygyny hasaba alyp, ol şahsyýetiň adam däldigi barada hem şübhe bardy. Şeýle pikirde gezip ýören wagtym men internetde bir makala gabat geldim, şol makalada Detjalyň eýýäm 3500 ýyl ýäri ýaşap ýörendigi barada aýdylýardy. Ýöne Detjalyň beýle uzak ýaşamagyna Beýik Allahyň oňa möhlet ýerendigi barada düşündirilýärdi, ondan başga käbir hadyslarda Detjaly uzyn daýaw adam hökmünde agzap geçýärdiler, ýenede şol hadysdan Detjal Muhammet Pygamber döwri hem dirimişin. Meň şahsy pikirime görä, Detjal dünýewi hökümediň prezidentiniň rolyna örän gowy gabat gelýär. Adamzada bolan ganymlyk, dünýewi hökömediň programmalarynyň örän uzak wagta nýetlenendigi we başgada bir giden işler. Gepiň gysgasy Detjal şu wagt hem bar diýip hasaba alsaň, daş töwerekde bolýan bir giden zatlar öz özünden düşnikli bolýar. Eger Detjal bar bolsa we ol dünýewi hökümediň baştutany bolsa, ol nädip adaty adamlardan uzak ýaşap bilýär? Eger oňa Beýik Allah rugsat beren bolsa, ol hökman mukaddes kitaplarda agzalyp geçerdi. Diýmek Detjal adaty adam däl, ol adamlaryň üýtgeşik tohmundan, diýmek Detjal ýaly başgada adamlar bolmaly, ýöne olar sadaja adamzat bilen işleri ýok. Hadyslardanmy ýa-da başga bir ýerden Detjalyň boýunyň uzyndygy barada işitdim, diýmek ägirtler barada informasyýa gözlemeli, belki ägirtler uzak ýaşaýandyrlar? Iň soňyndada şeýle bolup hem çykdy. "Tüseleýän Hudaý" atly eserde kakaly ogul ägirtleriň dünýesi barada gürrüň berýärler. Olaryň özleri şol dünýä düşüp görüpdirler we 1829 ýylda öýjükli telefon we monorels poýezdy barada gürrüň berýärler, ol döwürler beýle tehnalogiýa biziň obamyzda ýokdy, diýmek ataly ogul ýalan sözlänok. Gepiň gysgasy biziň ýaşaýan ýerimizde bir ýerde örän ösen ägirtleriň ýurdy bar we şol ägirtler örän uzak ýaşaýarlar. Şol ýeriň çagalary mekdebe diňe 20 ýaşap gidýärler we 60-70 ýaşda soň öýlenýärler. Detjal kim bolsada, şol ýerlerden çykanlardan biri bolmaly? Edil şu güne çenli gelinen netije şulardan ybarat, ýöne Detjalyň gözlegi entek hem dowam edýär...

Tehnologiýa, Adalat19 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir