Wagt diýen zadyň nämedigi şu wagyda çenli anyk hiç kim aýdyp bilenok. Wagt barada çaklamalar diýseň kän, alymlar wagtyň hakykatdan nämedigini ençeme gezek düşündirjek boldylar, emma ol ymtylmalaryň barsy oňaýly netije getirmedi. Adamzat wagtyň nämedigini bilmesede, wagtyň käbir üýtgeşik häsýetlerini anyklamaga başardy. Mysal üçin daňdanlaryna wagt 2 esse ýaly haýal akýar, emma sagatlar bar zady bolmalsy ýaly görkezýärler. Ondan başga käbir geometriki şekiller wagtyň akymyny üýtgetmäge ukyply, mysal üçin piramidalaryň şekilleri şeýle alamatlara eýe diýip hasap edilýär. Ondan başga wagtyň ýene bir örän geň häsýeti bar: Ýeriň tekizliginden näçe beýikde bolsaň, şonçada wagt haýal akýar. Eger ýerde bir ýyl geçen bolsa, mysal üçin dagyň üstinde bir ýerde baryýogy 10 aý geçdi, men diňe mysal hökmünde aýdýan. Şol sebäpden dagda ýaşaýan adamlar uzak ýaşaýar diýip hasap edilýär, sebäbi ol ýerde wagt haýal akýar. Resmi ylym bolsa, dag adamlaryň uzak ýaşamagyny, kislarodyň azlygy bilen düşündirjek bolýarlar. Ýer ýüzüniň baý adamlarynyň beýik binalaryň iň ýokarky gatynda jaý tutunmaklarynyň iň esasy alamatlary hem şondamyşyn. Ýerden näçe beýge göterilseň, şonçada uzak ýaşaýaň. Kosmosa uçan astronawtlaryň garramaýanlygy hem şol sebäpden. Ýer bilen gögüň wagtynyň tapawudyny ilki bilen ylmy tarapdan çaklamaga synanşan Albert Enşteýn. Wagtyň we giňişligiň görälik teorýasy şol zatlary düşündirip bilýämişin diýýärler. Enşteýniň amala aşyran işleri netijesinde adamlar kosmosa uçurýan sputniklarynda ulanýan sagatlaryna düzediş girizmegi başarypdyrlar we sputnikdaky wagt bilen, ýerdäki wagt deňleşipdir. Eger wagt baradaky täsinlige ynansaň, ýerde işläp duran sagady, iň bolmanda birje günlik kosmosa çykaryp ýene aşak düşürseň, ol sagadyň görkezýän wagt, ýerdäki sagatlaryň wagty bilen deň däl bolmaly. Kosmosy görüp gelen sagat yza galýar. Özem sagady nämeden ýasaý we näme bilen goraý, sagat barybir hökman yza galýar. Wagt diýen zadyň geň-taň ýeri şundan ybarat, ýerden arşa näçe götereldigiňçe, şonçada wagt togtaýar. Belki şol sebäpden Perişdeler miliýartlarça ýyllar ýaşaýa diýip hasap edilýändir? Olaryň ömrüni biziň dünýämize geçirseň miliýart ýyl bolýan, öz dünýäsinde belki olar edil adam ýaly 70-80 ýyl ýaşaýandyrlar? Sebäbi tabigatda bary ýogy 18 sagat ýaşaýan jandarlar hem bar, olar hem biziň wagtymyza görä örän az durmuş ýaşaýan ýaly bolup görünsede, öz durmuşlarynda olaryň çagalyk, ýaşlyk, kämillik we garrylyk pursatlary bar. Garaz wagt diýen zat örän täsin zat, wagt barada ýene bir çaklamany mysal getireýin, ol çaklama men bir multfilimde gabat geldim. Çaklama dogry düşüner ýaky käbir mör möjekleri göz öňüne getiriň. Mysal üçin aýdaly siňegi göz öňine getiriň. Siňek biz üçin örän çalasyn jandar, bir ony näçe synanşsak hem elimiz bilen tutup bilmeýäris. Hakykatda bolsa, siňek hiç hili çalasyn däl, siňek diňe bir wagtyň başga akymynda ýaşaýar we biziň wagtymyzdan seretseň oň hereketleri diýseň çalt ýaly bolup görünýär. Siňegiň gözi bilen seretseň welin, biziň hereketleriňiz diýseň haýal. Mörmöjekleriň dünýäsiniň wagty bilen adamlaryň dünýädiniň wagtlary öz ara süýşirlen. Mör-möjekleriň dünýädinde wagt diýseň çalt akýar, şol wagta göräde olar çalt hereket edýärler we çalt durmuşy ýaşap geçýärler.

Indi welin aýtjak zatlarymyň iň samsyk we iň gyzykly bölegi gelip ýetdi. Wagtyň beýiklik zerarly üýtgeýändigini nazara alyp, Allatagalanyň huzuryna çenli bolan aralygy ölçeseň bolýar. Elbetde beýle ölçegleri geçirmek üçin ýeriň tekiz formasyny kabul etmeli. Sebäbi ýeriň togalak formasynda asmanda hiç hili Allahyň Arşy ýok, ol ýerde kosmos boşlygy başlaýar. Biziň ilki bilmeli zadymyz näçe kilometr beýiklige galaňda, wagt näçe sekunt tapawut edýär? Allahyň huzurynda wagtyň näçe esse tapawud edýänini biz eýýäm bilýäs, muny Allahyň özi aýtdy. Eger ýalňyşmasam ýerdäki 1000 ýyl Allahyň ýanynda bir gün bolmaly? Eger müň ýyly gün tertibine öwürsek şeýle sanlar çykýar. Ýerdäki 360,000 gün bilen asmandaky 1 gün deň, diýmek Allahyň "ýaşaýan" ýerinde, ýa-da tagtynda, wagt 365,000 gezek togtaýar. Ýerden asmana göterileňde, wagtyň her bir kilometra näçe esse totaýanyny bolsa, asmana raketa atýan döwletleriň alymlary bilen NASA-ň alymlary bilýär. Eger şol maglumaty bilip bolsa, Allahyň arşyna çenli bolan aralygy hem matimatiki usul bilen ölçäp bolýar. Sebäbi praporsyýa eýýäm bize mälim: 365,000=1

Täzelikler, Adalat19 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir