GYZA NÄHILI SÖÝGIŇI BILDIRMELI



Gyz bilen gürleşeniňde, esasy aýdylmaly zat ýatdan çykypdyr. Agyz boşlugyňyždaky dişleriňiziň iriňläp, ganamagy, ýa iýmitleriňiziň dişiň aralarynda galmagy agyz boşlugyny ýakymsyz yslar gurşap almagyna getirýär. Şonda näme etmeli? Zubnoý pasta ýok, sakgyç ýok, çigit ýok, özem gyz bilen duşuşyga gitmekçi bolýaňyz... Şonda näme bilen agzyň ysyny ýok etmeli? Aý zubnoý pasta ýok, Listerin ýok... O ýok bu ýok? Aşhanada duz bardyra... Ana şol duzy bir çaý çemçesi bilen käsä guýup, bar bolsa çaýny sodadan bir loşka duzuň üstüne guýup üstündenem gaýnag suw guýmaly-da çemçejik bilen bulamaly... Suw çala sowan soň gaty sowuk bolmalam däl, agyz boşlugyny şoň bilen çaýkamaly. Agzyň içi şorjyrap dursa peýdaly şol... Ysyny aýyrýar...
Indi geleliň esasy tema!
Gyz bilen duşuşdyň, gürleşip gördüň!? Hemme tejribeleri ýerine goýup bildiň!? Saňa üstünlik!?
Indi bolsa gyza ''Söýýändigiňi duýdurmak'' barada...
Ýatda sakla: Gyza ''Men seni gowy görýän'', ''Seni söýýän'', ''Haladymow seni'' diýip aýtmaga howlukmaň... Ony söýýändigiňizi diliňiz bilen aýtmaň...
Meň size bu berjek maslahatymberjaý etmek kyn. Ýöne öz tejribäm bolany üçin, size-de şony maslahat berjek...
1. Hemme zatda taýyn bolmak: Indi siz haýsydyr bir gyz bilen tanyş bolduňyz, gürleşýäňiz...
Gyzyň ýaşaýan ýerine çenli ugradyp görenleriňiz barmy? Eger bar bolsa ''Hemme zatda taýyn bolmak'' diýýänim, gyzyň ýaşaýan ýerine çenli ugradyp, gyz öýüne girensoň, (kynyrak ýeri) siz öýüňize gaýdaňyzok... Gyz çörek ýa ş.m. almak üçin dükana çykýar. Şonda siz köçäň gyrasynda otyrsyňyz we ol sizi görýär, ýene bile gürrüňdeş bolýaňyz. Eger dükandan alyp gelýän zatlary agyrrak bolsa bu has hem gowy. Göterişmeli, öýe çenli... Gyz dolanyp, seň bilen hoşlaşyp ýene öýüne girýär. Gyza köp zatda kömek etmeli. Işe, okuwda, hudaý ýoluda, toýda, ýasda eliňden gelen kömegi etmek. Baýramçylyklarda gyzyl gül sowgat etmek. Ýollarda, meselem awtobusda bile gürleşip gelýäňiz, özüňizi kinokomediýada ýaly duýuň...
Şonda onuň özi sizi gowy görüp başlar. Kimde-kim şu kynçylyklara döz gelse gyzyň maşgalasynyň gözüniň öňünde senden gowy oglan ýok.
2. Gyzyň doganlary seni öz jigsiniň ýanynda gürleşip durandygyny gördi (dartgynly awariýalar)
Geldi gyzyň dogany duşuşyp gürleşip otyrkaňyz! Gyzyň bir dogany, ýa ikisi bile geldi, mümkin dostydyr. Tutup suwa saldym edip ýençýärler seni, Senem başarsaň gaýtawul berýäň, ýa bolmasa olaryň ikisinem sen urýaň. Eger ikisiniňem elinden basylyp ýüz-gözüň pers-ala bolan bolsa-da gyzdan asla ýüz öwürmezlik. Huligan häsiýetiň bilen gyzdan ýene araňy açaňok. Ýene duşuşyk, gyzyň dogany geldi, tebigy betbagtçylyk hadysasy ýene boldy. Ýöne gyzdan ýüz öwüreňok. Sypdyrmaly däl gyzy...
Bu maslahata hakyky söýgi diýilýär. Bu söýgi dil bilen aýdylan söýgüden güýçli söýgüdir.




@Jeksparro

Sorag-jogap, Jeksparro tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir