Mendede seniňki ýaly söýgi bar 5

...Aradan 3 aý geçeninden soňraky bolan üýtgeşme, Wepanyň ýüregine çuňňur ornaşdy. Ýeneki adaty duşuşuklar. Ýene Wepanyň ýigitlik duýgulary jogapsyz galmalymy!? Bu gezek, nähili ýagdaýam bolsa, gyzyň gursagyna has içgin girmegi Wepa berk ýüregine düwdi. Ýene wadalaşylan alleýada, şol öňküje, belleşilen wagtda bar arzuw-hyýaly bolan gyzy Tanýa garaşyp oturdy. Ahyry aňyrdan ýyrş-ýyrş ýylgyryp görünen Tanýa hakykatdanam çaga ýaly bökejekläp Wepa tarap ylgady. Gele-gelmänede oglany gujaklap, oglanyň boýnundan asyl-asyl bolup gollaryny geçirdi. Oglan bu duýdandsyzlyga aljyrasada gyza jogap edip bu hem gyzyň billerinden mäkäm gujaklady. Gujaklaşyp duran ýaşlar, şol ýakyn aralykda pyşyrdaşyp gürleşmäge başladylar. Wepa ýuwaşlyk bilen:
-Küýsediňmi!? - diýeninde, gyz jogap ýerine oglany hasda beter gysdy. Esli wagt gujaklaşyp dursalarda bir-birlerinden doýmaýan ýaşlar boluşlaryndan hiç utanmadylar. Wepa içinden "ylahym, şu söýgi diýilýänimikä, şeýle bolsun hem bu ýagdaý ömürlik dowam etsin" diýip begenjinden aglajagynam bilmedi güljeginem. Gyzyň ýüregi bolsa atygsap ot-alýar. Gyzyň çalt ýürek urşyny oglan öz döşi bilen duýdy. Ahyry oglan "Inniki hereketlere geçeýin, ýöne Wepajan çyzykdan çykaýma" diýip özüne berk tabşyryp, gujaklap duran gyzyny berk saklap, gyza tarap, öňe gaýyşyp ugrady. Gyz deň-agramlylygyny saklap bilmän, arkan ýykyldym-ýykyldym bolanda oglan şol gujaklap durşuna, agyp duran gyzy eltip skameýkada oturtdy. Gyz utanmasyn diýip, oglan bolan ýagdaýy ýuwmarlap:
-Aýtmyşlaryna görä adamda köp energiýa bar. Iň esasyslaram negatiw we pozitiw energiaýlar. Şol energiýalaryň pozitiwi adamda köpelse adam özüini bagtly duýýarmyş, negatiwi köpelse nerwlaryna zyýanmyş. Onsaň şo negatiw energiýany zyňamk üçin şularýaly hereketlerem etmeli!!! - diýip düşündirip otyran oglan, göýa gyz üçin aýdym aýdýanýaly. Tanýa aýdylan sözleriň bir harpynam diňlemändir. Muny duýan oglan gyzyň aýagyna pitikläp göýberdi. Gyz "Aýýý"(Agyryny aňladýan ümlük) diýip tisginip, gülüp oýun bilen oglanyň egnine kakyp "agyrýara, sinýak galarda" diýip gaty görensirän bolup aňyrsyna bakyp oturdy. Oglan, uly gyzda beýle çaga endikleriň nirden peýda bolýanyna düşünmän "özünden beter bolaýyn" diýip gyzyň arkasyna barmagyny degirip "tuk-tuk-tuk" diýip güldi. Gyz, aňyrsyna bakyp otyrşyna:
-Men çagadäl, bu sinýagy başgalar görse näme diýerin!?...
+Çagalar daş zyňdy diý. Onsaňam men gaty pitiklemedimä. Çalaja ahyry. Ondan arkaýyn bol, sinýak galmaz! - diýip oglan ol etmişine çala ökündi. Şondada gyza ýalbarmagyny dowam etdiriji äheňde, gyzyň arkasynda ýekeje süýem barmagyny goýup, tä gyzyň biline çenli ýuwaşlyk bilen aşaklygyna sypalady. Gyz başyny bir geňsi etdide çaltlyk bilen ýerinden turup:
-Men öýe gitmeli! - diýip çala gaharly söz aýtdy. Wepa öz içinden şol sekuntda "Näz edýändir. Türk serialyň iň soňky bölüminde Gülbeşeker-Feride-hanymy Kemran uzak wagt gujaklap durupdy ahyry. Feride Kemrany näçe ursada, çümmüklesede, dişlesede Kemran Feridäni hiç göýbermedi. Ahyry şol wagtda Feridäniň özi Kemrany gujaklap, ogşap, sypalamadymy. Bolmasa menem şeýdäýsemmikäm" diýip oturan ýerinden, dik duran gyzyň elinden tutup gujagyna çekip otyrtdy. Gyz gorkdymy, ýa oglanyň beýle batyr dogumyny gaty haladymy ol hem jogap edip oglana has beter gysmyljyrady. Wepa pyşyrdap:
-Bagşla, sen gaharlandyň, köşeşdirmelidim. Şundan başga hereket kelläme gelmedi. - diýip sakawlap gürledi. Tanýa "hiçle" diýip Wepanyň saçlarynyň arasyna barmaklaryny gezdirip sypaladyda:
-Çynym, men gitmeli, kakamdan gorkýan. - diýip messaý pyşyrdady. Gyzyň bu sesi bir geňsi, gamgyn hem agyly sandraklap çykdy. Gyz gorkandyr oýdüp, gujagynda otyran Tanýany göterip diýenýaly gapdalynda oturdan Wepa:
-Wi howwa. Ýör saklamaýyn. Çaltlaşaly. Ýene soňraky günlerem bar ahyry. - diýip ýerinden turduda, gyzyň elinden tutup, gyzy çekip turuzdy. Şeýdip ýaşlar çalt ädimler bilen bu ýerden daşlaşdylar. Gyzyň öýlerine golaýlan oglan herhili gürrüňler bilen Tanýanyň ýüregini gysdyranok. Ahyry öýe golaýlanlarynda, Wepa öz balagynda, has-dogrusy but-ýanynda çyglyk duýup:
-Mbäh, men hiçýerde üsdimi suw etmändim, ýa fantanlardan syçraýdymyka, beýle diýsek fantanadama gaty golaý barmadyk!? - diýip degişip güleninden Tanýa haýdap, elleri bilen ýüzüni tutup, öýüne tarap ylgady. Halanynyň öňki hereketlerine ýanyp ýören oglanyň oduna ýene ot goşulup, sessiz aňkaryp galan Wepa, beýle hadysa jogap tapyp bilmedi. Inniki duşuşukda bu meseläni we gyzyň beýle hereketlerini çürt-kesik etmegi meýilleşdiren Wepanyň inniki soraglaryna Tatýana näme jogap bererkä...

5-nji bölümiň soňy.

Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir