Salam hormatly talyplar!!! Geliñ gyz bilen tanyshmagyñ gysga ýoly hakda pikir edeliñ. Meniñ pikirime görä iñ esasy ýol: gyzyñ ýanynda öz-özüñ bolmak. Öz-özüñiz boluñ! Bul iñ oñat usuly. Siz gyzykly, duýgur, göwnüaçyk. Siz gyzlary söýýäñiz. Siz shul häsiýetleriñize uly baha berseñiz size üstünlikler garashýar. Eger siz özüñizde sheýle häsiýet görmeseñiz ikinji dj begga bolmak gerek däl. Eger-de siz millioneriñ ogly bolsañyzam gyzlaryñ öñünde paçka-paçka pullary bulamagam gerek däl. Beýtmek bilen biz özümiziñ ýasama adamdygymyzy görkezýäris. Öz-özüñiz boluñ! Köp gyzlara bul geñ we gymmatly görünýär. Öz häzirki kärine we duýgularyna hormat goýýan erkek gyzlaryñ ünsini köp çekýär. Men shu blogy açmazdan öñ köp gyzlardan pikirlerini soradym. Jennet: "oglan hemishe öz-özi bolmalydyr. Köp oglanlar meniñ ýanymda özüni öwjek bolýar. Ýöne maña özüme üns berýän, açyk göwünli, öz hakyky ýüzüni görkezýän oglanlar ýaraýar" Maral: "meni köçede bir molla(ishan) oglan saklap -"shu taýda nireden wagtlaýyn ýashar ýaly (kwartirant) kwartira tapyp bolarka?" diýip sorady. Biz gürleshdik. Soñ kafe gidip kofejik içdik. Biz tiz-tizden dushushyp bashladyk. Biziñ söýgimiz bir ýyla çekdi. Sebäbi ol 1-nji minutdan öz-özi boldy. Maña ol bilen gürleshmek gyzyklydy." Gyzlaryñ bu pikirlerini özüñiz analizläp görüñ. Meniñ bir dostum bar. Onda shohruh khanyñky ýaly owadanlygam ýok, baýlygam. Ýöne gyzlar shonuñ üstünde ölüshýärler. Ol muny nädip bashardyka??? Sebäbi ol öz-özüne ýaraýar. Özüni gyzlara mähir berip biljek adam hasaplaýar. Dostum futbol komandanyñ kapitany ýaly gyzlar diñe shoña ylgaýarlar. Ol "menem owadan, baý bolsadym" diýip arzuw edenok. Ol özüniñ hosh niýetliligi bilen gyzlara mähir berýär. Gyzlaryñ gerek zadyny bilýär. Belki meniñ ýazgymda ýalñysh ýerleride bardyr. Talyplar.comyñ gyz agzalary meniñ ýalñyshymy düzeldip bilerler. Oglan agzalar bolsa tanyshmagyñ bashga metodlary hakda pikir alyshyp bilerler:)

Köneler, Bayram-Jm tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir