Käbir agzalar ol ýa-da beýleki agzanyñ barlygyndan birahat. Näme üçin türkmen jemgyýetçiliginde dürli pikirlilikden gorkulýar. Öz pikir edi$iñ ýaly çemele$meýänler çetledilýär! Bu sorag däl ýöne bir ýüzlenme! Sebäbi jogabyny bilýämikäm diýýän. Asyrlaryñ dowamynda dü$ünjeden we pikirden mahrum edilen halk diñe idilip, dürtüp hereket etmäge endik etdirildi. Ynha-da $onuñ netijeleri. Birpikirlilik. Goý bond erkin pikirlenmegine dowam etsin. Goý ba$gasy öz ýolunda ýöresin. Wagtal wagtal men ata agasyna-da bir taraply çemele$meleri üçin ýalñy$yp ýazgardym. Goý olam öz dü$ünje ulgamy, pikirleni$ örüsi bilen "ba$gadygyny" görkezsin. Ýagdaýyñ $eýle bolmagy talyplar.com'y baýla$dyrýar. Dürli dürli bolsun emma geliñ bir nokatda bir çukura tüýküreliñ. *milli meselelerde*. Milletiñ $ahsyýetini kemsidýän sözlere jem bolup bir agyzdan jogap bereliñ. Ine meniñ biynjalyk bolan meseläm $ol. Türkmen taryhda diñe agzalalykdan ejir çekdi. Ýagdaýyñ $eýledigine garamazdan käbir agzalaryñ "o milletden" diýmeýi$i... Bolýa! Zyýany ýok. Bond'a $yltak atýan käbir agzalar diñe bir taraply çemele$ýän bolmaly. Sebäbi onuñ aýratyn gyzykly özbolu$lylygy saýty baýla$dyrýar. Men özüme gezek gelende welin bärde galmak üçin ýalbarmak ýa-da pozisiýamdan el çekmek niýetim ýok. Türkmeniñ sosial durmu$yna, türkmen jemgyýetçiligine, halkyñ edim gylymyna türk täsiri edil iriñ ýaly ynjalyksyzlandyrar. Ynha meniñ dünýägaraýy$ym, pozisiýam we öñe sürýän meseläm. Mydama $eýle bolar. Türkmende mertebe hemme zatdan bir ädim öñde bolmaly. $onuñ üçin men "galaýyn" diýip hiç kime ýalbaramok. Ýöne talyplar.com pikirlenmekde köpdürliligi esas alsa öz aktuallygyny we gyzyklylygyny dowam etdirer.

Köneler, Nokat tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir