*Häzirki döwür Internetde, 13-14 ýaşly gyzlar "Ýigidim taşlady" diýip aglaşyp ýörler. A men bolsa olaryň ýaşynda wagtym diňe Kleýton Tarzanyň maýmyn ejesini öldürenine aglap gezýärdim.

*Gelin wepaly bolsun öz ärine, Jelep dolanmaz dolanar öz kärine.

*Iň uly samsyklyk - şol bir edýän zadyňy etmek we ondan başga bir netijä garaşmak.

*Iň garyp adam puly bolmaýan däl-de, arzuwlary hasyl bolmaýan adam.

*Öz eden işiň üçin öz başyň egilse egilsin, ýöne eneň ataň başy hiç haçan egilmesin!

*Özüñ büdräp öz ýykylan ýeriñi, il ýykylmaz ýaly düzlegin eý adamogly.

*Eger kimdir biriniň göwnüne degip, soň köp gezek ýagşylyk edenem bolsaň, ondan seresap bolmalydyr. Sebäbi bedene çümen peýkam sogrulan hem bolsa, onuň ýarasynyň yzy giden däldir.

*Bir zady ýatda saklamak gerek. Hemişe biziň isleýän zadymyz bize hakykatdan hem gerekli zat däldir. Ol zat häzir bizde ýok bolsa, diýmek haýyrlysydyr. Biz diňe Allahdan özümize haýyrlysyny etmegini dilemelidiris.

*Gül ýaly owadan bol ýöne, tikeni ýaly zalym bolma.

*Hiç haçan kömek etmekden bir gezek boýun gaçyran adama ýüz tutma.

Toplap taýýarlan - Perhat Sabirovv
Eger mowzuk göwnüñize ýarasa (+) bilen goldap kuwwatlamagyñyzy soraýaryn. Halamasañyz (-)
19.03.2021ý 00:23

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir