Dostluk barada ýadymda galanlardan

#Bäsleşik üçin
Erbet dost ite meñzeýär, özini iñ gowy görýän kişiñ aýagyna buşugýar.

***

Bir dost kimdir? Beýleki mendir.

***

Eger ejiz tarapyñyz adamlara dostluk görkezmek bolsa, onda siz dünýäniñ iñ güýcli adamysyñyz.

***

Dostuñyzy näme üçin boş w...

Dowamy »

725 34
Edebiýat, 2 years ago


Ýazgyt barada ýatda galanlar

Takdyra tebdil bolmaz. (Tebdil-öwürme, çalşyrma, üýtgetme)

Bezirgeniñ ýoly bir bolsa-da, rysky başga.

Takdyra ten beren ýagşy.

Nesibe başçy, biz goşçy.

Nesibe bir erkeç bolar, tartsañ geler,dursañ durar.

Nesibesiz -tapar, nesibeli - ulanar.

Bir ýigidiñ dag ýal...

Dowamy »

707 5
Edebiýat, 3 years ago


"Jennet eneleriñ aýagynyñ astyndadyr" Muhammet(S.A.W)

Kä wagt kä kişä seredip pikirlenýäñ:

-Eý, bu bu derejelere nireden ýetip ýör... güýc bilen almaly bolsa aljak, okumyşlyk bilen almaly bolsa aljak, pul bilen almalam bolsa beýle derejäni bir-birinden öñürdip aljak kişiler kän-ä..."

Bu sözleri diýýän kişilere-de (ýa-da ýañzydýan) diýilýän kişilere-de durmuş bizi duşurup...

Dowamy »

1121 27
Edebiýat, 3 years ago


*****

Galamyñam reñkleriñem bar, jennetiñ suratyny çek-de içine gir!

* * *

Köp kişiniñ esasy meselesi heniz öz-özi bilen tanyşmadygyndadyr.

* * *

Guş, gül hemem çaga bar bolsa, gorkup oturma, dünýäde ähli zat ýerbe ýer.

* * *

Adam agaç ýalydyr. Ülje berenok diýip in...

Dowamy »

1303 1
Edebiýat, 4 years ago


* * * /2019.09.

Gowy geçirilen gün nähili gowy uky bilen tamamlanýan bolsa, gowy geçirilen ömür hem ajaýyp ölüm bilen tamamlanar.

* * *

Ömürboýy ýaltalyk bilen geçdik, käşgä ene-atalarmyza ýalta bolmasadyk...

* * *

Durmuşy düýş ýaly ýalan-ýaşryk diýip kabul etmezligmiziñ sebäbi öwrenşenligimizdedir.
...

Dowamy »

1251 0
Edebiýat, 4 years ago


Goşgular toplumyndan

"Watan, şah damarymda, möwç urýan
duýgym"
(Goşgular toplumyndan)

W-atan atalarmyñ gany siñeni,
A-syrlar aşsada synman geleni,
T-añryñ ýerde-gökde goldap gezeni,
A-ryndan, namysdan öñe goýany--
N-amy dünýä dolan TÜRKMENISTANDYR.
...

Dowamy »

1337 2
Edebiýat, 4 years ago


Ondan mundan ýatda galanlar

* * *

- Eger şu duran diwar dillenip, gürlese, pygamberdigime ynanarsyñyzmy?-diýdi.
- Elbetde ynanarys!-diýdiler.
Diwara gürle diýdi. Diwar:
- Bu ýalança ynanmañ, pygamber däldir! -diýdi.

* * *

Ýöne şübhesiz iñ erbet kesel adamdyr.

* * *

Iñ uly ýadyg...

Dowamy »

1666 4
Edebiýat, 4 years ago


Gyrylan ganatlar

GYRYLAN GANATLAR


Ýigrimi ýaşymdakam ejem maňa şeýle diýipdi:
- Manastire girenligimde, hem-ä özüm, hemem töweregimdäkiler üçin gowy boljak eken...
- Eger manastire giren bolsaň, men dünýä inmezdim—diýdim.
- Dünýä inmegiň has öň ýazylypdy, oglum—diýdi.
- Howwa, ýöne men dünýä gelmänk...

Dowamy »

1501 2
Edebiýat, 4 years ago


* * * .

Ýer ýüzünde hiç zada ýer ýokdur...

* * *

Haýp, adamlar pikirlerne kybap görnişde däl...

* * *

Bir dostuñ bolmagy ajaýyp zat. Ýöne esasy zat: dostsuz ýaşap bilmekdir.

Dowamy »

1344 0
Edebiýat, 5 years ago


Orhan Pamugyñ "Gar" atly eserinden

Nejip: "Ynsanlara ynanmasañ ömriñde hiç bir zat eliñden gelmez" diýdi.

* * *

Şu dereje bedibagt bolan adam, aslynda bedibagtam däldir. Sebäbi bu ýerdäki adamlar öz tesellilerini bagyrlaryna basyp, umutlaryna sygynýarlar.

* * *

Ka: "Germaniýada juda ýalñyz ömür sürýärin" -diýdi. Ýarygijele...

Dowamy »

1474 5
Edebiýat, 5 years ago


Orhan Pamukdan çöplemeler

Kekirdegñize çenli günäleriñ içine çümeniñizden beter, beýlekileriñ bigünäligine içiñiziñ tüteýänini bilýärin.

(Sessiz öý)

* * *

Kakam, üç sany owadan gyza gözini dikip otyran ýerinden: "Kellesinde akyly bolan adam, ýaşaýyşyñ owadandygyny,maksadynyñam bagtly bolmakdygyny biler" -diýdi. "Ýöne soñ, diñe sa...

Dowamy »

1542 4
Edebiýat, 5 years ago