aslynda bu film Geçen ýylyň noýabr aýynda görkezilip başlanypdy, emma filmiň baş rol oýunçysy, senaristi we režisýory Mahsun kırmızıgül, meniň iň ýigrenýän aýdymçylarymyň biri bolanlygy üçin filmi seretmändim. Hatda köp dostlarym maslahat beripdi, gör şol kinony diýip, şonda da görmändim. uzyn sözüň gysgasy,,, düýn agşam kompiýuterde sereder ýaly görülmedik kino gözledim, emma şu filmden başga zat tapmadym, aý onsoň näme barada gitýärkä diýip seredip başladym. eý film şeýle gowy ekeni, ilkinji sapar bir filmi yz ýany gaýtaladyp 2 sapar gördüm. Mahsun Kırmızıgül şeýle gowy film düşürip biler öýtmändim, emma ýalnyşan ekenim. Eger filmi görmedik bolsaňyz, görmegiňizi maslahat berýän!!! Gören bolsaňyz, film baradaky pikirleriňizi ýazsaňyzlaň!

Köneler, CeriumOxide tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir