Mahrijemal aynanyn onunde ozune timar berip oturanam bolsa, hereketleri gowunli-gowunsizdi. Su toya onun asla gidesi gelenokdy, yone jorasy Jemal:"Name boldy gyz, sana? On-a obamyzda toy bolsa, menden ondedin. Ya menden bir zady gaty gordunmi, toya menin bilen gidesin gelenokmy?" diyip, el telefonyndan janygyp duranson, bialac jorasynyn gowni ucin saylanmaly boldy. "Bolyar, tayyn bolamson, ozum ustunden bararyn" diydi-de, jorasy bilen hoslasdy. Toy koyneklerinden birini geydi. Indi saclaryna timar berbermelidi welin, yene-de oz isleginin garsysyna gidip bilman, aynanyn onune gecip esli otyrdy. Icki dunyasine berildigice-de, yatlamalar, durli hili oylar ony gaplap aldy.
...Toya cagyrlan bagsy-sazandalar toyun agsamky sowhunyny yetjek derejesine yetiripdi. Gelen myhmanlaryn kopusi tans meydancasyndadylar. Mahrijemalam joralary bilen tans edip yordi. Birdenem gapdaldaky aylawda oglanlar bilen tans edip yoren Dowran onun gasynda peyda boldy. Dowran gyzlaryn aylawyna yorite gelip gosdymy, ya tans edip yorsune, nadip gyzlara gosulanyny ozem bilman galdymy, muny hic kimem ansyrmady. Ansyrjak bolup baryanam yokdy. Esasy zat, sol pursatda Dowran Mahrijemala yylgyryp bakdy-da:"Kusdepda-de cyksan-a" diydi. Sonam yene oglanlaryn aylawyna gosulyp gitdi.
Mahrijemal Dowranyn hayysyny nahili manyda kabul etmelidigini entek bilmese-de, kusdepda joralary bilen cykdy.
Dowran bilen Mahrijemal obadasdylar, den-dusdular. Bir mekdepde okayardylar. Dowran Mahrijemaldan bir yyl yokary synpda okayardy. Dowranyn bu yyl mekdep bilen hoslasyan yylydy. Olar mekdepde arakesme wagtynda, ya yolda-yzda dusyardylar, salamlasyardylar. Yone henize cenli ikisinin arasynda sundan artyk gep-gurrun bolmandy. Dowran den-dus gyzlarynyn kopusinin howesleyan oglanydy.
Mahrijemal kust depmani gowy goryardi. Joralary bilen toylarda kust depen mahallary, ka guslar yaly ganatlaryny yayyp ucup gidiberjege menzap, ka topraga tagzym edyane calym edip, aylanyp seyle bir kust deperdiler, heziller ederdiler. Bu gun bolsa Mahrijemal kust depmek hakynda pikir edip bilenokdy, sonun ucinem onun hereketleri hemisekilerinden tagasyksyzrak gelyardi. Ol aram-aram Dowranyn aylanyp-pyrlanyp ussatlyk bilen kust depisine goz aylap goyberyardi. Ortadaky kici aylawda kust depip yoren Dowran dostlaryndan saylanyp durdy. Gownune bolmasa, Dowran bu gun kusdi dine Mahrijemal ucin depyan yalydy.
To bagsylary in sonky kustdepdi sazynynam calnandygyny habar berensonlar, myhmanlar oylerine dagamak bilen boldular. Mahrijemalam gonsy gyzlar bilen oylerine gaytdy. Oylerine yetip gelyarkaler, gyzlaryn biri yzyndan gelyan humurda tarap ganrylyp seretdi-de, gen galmak bilen:
-Olar namucin barik gaytdylarka? Oylerine anyrlygyna gitmeli ahyry-diydi. Mahrijemal kimler hakynda gurrun edilyandigini bilmek ucin yzyna seredeninde, yzrakdan gelyan iki oglanyn birinin Dowrandygyny tanady. Gyzlar hersi oz oylerinin denine gelende, sowlup galdylar. Mahrijemal oylerine sowulyanca, ile gep-gurrun bolayjak bir wakanyn bolaryndan cekinil, icinde jany galmady. Yone Dowran dagy yzrakdan yorap gelislerine, gyzlar bilen aranam yygjamlatjak bolmadylar, sozem gatmadylar. Dowran bir zat diyip soz gatayan bolsa, ona name jogap berjegini bilman gelyan Mahrijemal:
-Menin yagdayymy bilendir. Cakymdanam akylly oglan eken-diyip, Dowrandan hosal boldy.
Sunun yaly toydan oye "yoldasly" gaydylan gezekleri sonam birnace gezek bolupdy. Yone Dowran dagy gyzlaryn hic birinin adyny tutup habar gatmansonlar, olar bu syrly "yorisin" sebapkarinin kimdigini bilip bilman yorduler.
Sol yyl mekdepde gurnalan gutardys agsamyndan kop wagt gecmanka, "Dowran gulluga gidipdir" diyen gurruni esidip, Mahrijemal birbada gen galdy:
-O nahili gulluga gidipdir? Oz-a iki yyllap gulluga gidip baryar,bir gezegem maksadyny anyk-aydyn aytman gidiberipdir-le? Muna nahili dusunmelika? Meni synap gorjek boldumyka? Ay, yok,la beyle daldir-le. Ya mana bir zatlar diymage cekinip, aydybilman gidiberdimika?... Ol:"Men gelyancam, arkayyn okuwyny okasyn, mekdebi gutarsyn. Gullukdan gelemson, onson gurleserin" diyendir.
Dowamy bar...
Cemen Annaberdiyewa
5.03.2021 21:56

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir