Aşgabat şäheri gadymdan oturymly ozalky Ashabat obasynyň ýerinde döräpdir. 1881-nji ýylyň ýanwarynda Ashabat çeşmesiniň ugrunda ýerleşýän agzalan obada 800 çemesi ak öý bar eken.
1881-nji ýylyň 6-njy maýynda Zakaspiý harby bölüminiň üstüne Ahal sebitini goşup, 1982-nji ýylda Zakaspiý oblasty döredilýär. Täze oblasty edara etmek şu ýerdäki harby korpusyň baştutanynyň üstüne ýüklenipdir, edara ediş guramalary korpusyň ştab serkerdelerinden düzülip, onuň merkezi hökmünde bolsa Aşgabat bellenipdir.
Ilki-ilkiler şäheriň köne çäginiň (Ashabat obasynyň ýerleri) köçeleri dar, egrem-bugram, hatda tegelenip gidýän görnüşlerde bolupdyr. Obanyň bir gapdaly giň meýdana baryp diräpdir. Şol ýerde her gün diýen ýaly, harby garawullar nyzama durup, barmaly ýerlerine ugradylypdyr, kähalatlarda harby okuwlar we ýörişler geçirilipdir.
Soňra şäheriň taslamasy Ýewropa biçüwinde çekilip başlanypdyr. Köçeler göni we giňden gurlupdyr. Köçelere şol döwre ýoň bolan atlary, aýratyn hem harbylaryň atlaryny dakypdyrlar. Mysal üçin, Annenkowskaýa (häzirki S.Türkmenbaşy ş.), Kuropatkinskaýa (häzirki Magtymguly ş.), Lewaşewskaýa (häzirki Azady ad. k.), şeýle hem («Ofiserskaýa»), «Sapýornaýa», «Artilleriýskaýa» we ş.m. Aşgabadyň ilkinji dörän we iň uzyn köçeleriniň biri Kuropatkinskaýa köçesidir. Ilkinji peýda bolan köçeleriň ýene-de biri «Serkerdeler» «Ofiserskaýa» köçesi bolupdyr. Onuň ugrunda harby serkerdeler ýaşapdyrlar we ol şäherde iň gür bagly, owadan köçe hasaplanypdyr. Lewaşewskaýa (Engels, Azady) köçesi hem mähelleliligi, gatnawlylygy bilen tapawutlanypdyr. Bu köçäniň ugry bilen ir ertirden giç agşama çenli şol wagtky Rus we Teke bazaryna üsti ýükli kerwenler, arabalar, paýtunlar gatnapdyrlar.
ХIХ asyryň aýaklaryna Aşgabat şäheriniň esasan, söwda we hyzmat ulgamy ösüpdir. 1889-njy ýylda şäherde 750 öý, 654 söwda nokady, hünärmentleriň 121 sany dükany, 33 sany kerwensaraý, 2 myhmanhana, 15 sany naharhana, 105 sany meýhana bolupdyr.
Aşgabadyň ilaty köpelip başlaýar. Eger 1882-nji ýylda onda bary-ýogy iki müň adam ýaşan bolsa, 1903-nji ýylda ilatyň sany 36 müňe ýetipdir. 1911-nji ýylda bolsa ol 45 müňden geçipdir.
1885-nji ýylyň iýul aýynda çykan «Turkestanskiýe wedomosti» neşiri 18-nji iýulda Aşgabatda ilkinji hususy dermanhananyň açylandygyny habar beripdir. Ondan öň dermanlar ilata diňe harby lazaretiň (kiçiräk harby keselhana) üsti bilen paýlanýar eken.
Aşgabadyň çalt ösmegine onuň Eýran bilen söwda ediş merkezine öwrülmegi hem ýardam edipdir. Russiýa we bütin Merkezi Aziýa Eýran bilen söwda gatnaşygyny Aşgabadyň üsti bilen amala aşyrypdyr.
Paýtagtymyzyň ýaşuly ýaşaýjylarynyň biri, türkmen fotografiýa sungatynyň aksakgaly Abdylla Güseýinow şeýle ýatlap geçipdir: «Men oglanjykkam, häzirki «Aşgabat» seýilgähinde oýnardyk. Gün ýaşyberende, arkasyna ýagly gabyny göterip, çyraçy gelerdi we seýilgähiň dört çüňkünde dikilen pürse çykyp, olara berkidilen panus çyralara nebit guýardy. Şol çyralar garaňky gijeler zordan görnerdi. «Aşgabatda ilkinji iki gat jaýyň hem gurlanyny bilýärin, ol «Kirpiçnaýa» köçesiniň, Karl Libkneht adyndaky bulwaryň ugrundady. Biz ol jaýy gaty beýik hasaplap, her gün diýen ýaly baryp synlardyk».
Şeýle hem 1967-nji ýylda Aşgabat şäherine bagyşlanyp ýörite düşürilen «Azatlyk prospekti», 1975-nji ýylda surata düşürilen «Öz şäherimizi gurýarys» atly dokumental kinofilmleri ýatlap geçmek bolar.

Täzelikler, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir