öňem bu mowzuga meňzeş bir mowzuk açypdym, türkmençede doly manysy bolmadyk sözler. Emma öz dilimizi daşary ýurt dilleri arkaly dälde göni özünü öwrenmek üçin täze bir mowzuk açmagy kararlaşdyrdym! Biziň dilimizde kän ulanylman unudylyp giden sözler bar, hatda kän. köne adamlar, käbir türkmenler ulanýaram welin umuman täze nesil, ýagny biz kän bilemzokda. Bilsegem başga dillerden geçen alternatiwini ulanýas, meselem: esgi - trýapka we ş.m. Meselem ata atly agzamyz ýazgylarynda arassa türkmençe ulanýar, emma onuň hatlaryna, ulanýan sözlerine düşünmek üçin ýarym sagadym gitýär! eger ýadyňyzda şonuň ýaly sözler bar bolsa manysy bilen ýazmagyňyzy haýişt etýän!

Köneler, CeriumOxide tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir