Salam talyp.com-yň mähriban gyzlary!!! Men sahypaňyzyň täze agzasy, siziň köpiňiziň ýazgylaryňyzy we jogaplaryňyzy okadym. Sahypa agza bolanymdan bäri ýöne hijiňiziň ýazgyňyzy göremokda:(. Baryňyz dilleşip dynç almaga gidenä dälsiňiz:). derman, arzyman, tapjangül....nirede barynyz. Gyzlar şu mowzugy biz üçin açdym. Öňem eşiden bolmagyňyz mümkin, Pygamberimiz Hz. Muhammet (s.a.w) sahabalarym gökdäki ýyldyzlar ýalydyr, olaryň haýsy birine tutunsanyz dogry ýola düşersiňiz diýýär. Yslam alymlary bize, özümize hasiýetlerini iň ýakyn hasaplan sahabalarymyzy durmuşymyza nusga edinmegimizi ündeýäler. Aşakda birnäçe hanym sahabalaryň atlaryny ýazaýyn, siz içinden ady boýunça ýa-da öňem özüňize ýakyn hasaplaýan sahabaňyzyň adyny saýlaň, olar barada köpüräk maglumatlar ýazsaňyza hasam gowy. Olaryň ýaşap geçen ýolaryny öwreneliň. Durmuşda bir situaciýa duçar bolamyzda meň sahabam näme ederdikä meň ýerimde bolan bolsady diýip şolary nusga alyp bilýäsdä özümize. Harmandali, derman, arzyman, tapjangul, akgul, shadyyanja, Cendrillon we beýleki gyz agzalar haýsymyz haýsy hanym sahaba meňzeýäkäk? Mendärä birazajyk gaharjaňlyk bilen gaýduwsyzlyk bar :P, käwagt özümi mamla bilsem kakam bilenem jedelleşip bilýän. Hanym sahabalardan Hz. Hafsa walidemiz şoň ýaly eken, calt gaharlanýan eken Pygamberimiz bilenem jedelleşýän gezekleri bolupdyr. Rasullaha garşy gelýän ekeniň diýip kakasy oňa bir gezek käýinipdirem:) Pygamberimiz (s.a.w) ynsany we syýasy sebäplerden bir näçe nikalary bardyr. Pygamberimiziň (s.a.w) hanymlary şol bir wagtda bütin musulmanlaryň enesidirler. Olar: 1. Hz. Hatije (Hz. Hatije-i Kübra) (r.anha) 2. Hz. Sewde Bint-i Zem`a (r.anha) (käbir çeşmelerde ady Sûde Bint-i Zem'a) 3. Hz. Äşe (Hz. Ayşe-i Siddikiye) (r.anha) 4. Hz. Hafsa (r.anha) 5. Hz. Zeyneb Bint-i Huzeyme (r.anha) 6. Hz. Ümm-i Seleme (r.anha) 7. Hz. Zeyneb Bint-i Cahş (r.anha) 8. Hz. Ümm-i Habibe (r.anha) 9. Hz. Cuveyriye Bint-i Haris (r.anha) 10. Hz. Reyhane (r.anha) 11. Hz. Mariye (r.anha) 12. Hz. Safiye Bint-i Hayy (r.anha) 13. Meymune bint-i Haris (r.anha) Pygamberimiziň (s.a.w) gyzlary: 1. Hz. Fatıma (r.anha) 2. Hz. Rukiyye (r.anha) 3. Hz. Ümmü Gülsum (r.anha) 4. Hz. Zeynep (r.anha) Pygamberimiziň (s.a.w) agtyklary: 1. Hz. Emame Bint-i Ebi'l As (r.anha) 2. Hz. Zeynep Bint-i Ali b.Ebî Tâlib (r.anha) Pygamberimiziň (s.a.w) eje we kaka tarapdan daýzalary: 1. Hz. Erva Binti Abdülmüttalib (r.anha) 2. Hz. Halide binti Esved (r.anha) 3. Hz. Safiyye Binti Abdülmuttalib (r.anha) 4. Hz. Ümmü Haram (r.anha)

Köneler, agayunus tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir