Ey ýaranlar,musulmanlar,
Ýyglamaýan gülen barmy?
Ýalançy pany dünýäge
Giden gaýdyp gelen barmy?

Pelek, kimlerni şat etdiñ,
Kimni gamdan azat etdiñ,
Bir niçelerni mat etdiñ,
Senden razy bolan barmy?

Kimse wepa tohmun eker,
Kimse ajal zahmyn çeker,
Kimni gamdan azat eder,
Sargarmaýan solan barmy?

Bildim bu dünýä çaglygyn,
Gam gafratda oýaglygyn,
Hassa bolmaýan saglygyñ
Ganymatyny bilen barmy?

Bu dünýä iki pyrakdyr,
Biri gara, biri akdyr,
Menzil iki, ýol yrakdyr,
Anyñ pikrin kylan barmy?

Şeýdaýy diýer,geler,geçer,
Bu güzere gonan göçer
Ýigitlik çyragy öçer,
Bu sözümde ýalan barmy?

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir