Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Men şu mowzukda başdan geçiren we başymyzdan geçip biläýjek kä wakalary ýazmakçy. Sizde-de ýazmaga oňaýlylary bar bolsa, şu ýerde ýazyp, biziň bn paýlaşmagyňyzy haýyş edýän! Ynha, men başlaýan başyny: 7-nji klasdakam(BTTM-e girmäkäm) klasymyzda jedirdäp ýören bir gyz bardy, häzir görsemem gaçaryn-laý ondan :) (Wiý, häzir ol durmuşa çykypdyr.) Klasymyzyň glawar(iň daýow) 2 gyzy bir gün gelip maňa şeýle diýipdiler: -Gyýw, Atamyradow, seniň pylana ýazan hatyňy olaryň küllerinden tapypdyrlar! Eý, şeýle bir gaharym geldi, ikisini klasymyzyň iň çetde tutulýan oglanlaryna deňäsim gelip gitdi :) Ýogsam, ikisem gelip, maňa az ýalbarmandylar "öý işiňi beräý!" diýip :) Diýjek bolýanym: ýa käbir gyzlar özlerine hat ýazypdyr diýdirjek bolýar, ýa-da başga gyzlar başga bir gyzy bu işde ulanyp, töhmet atjak bolýalar! Garaz, gynançly ýeri, gyzlardanam bar şeýle edýänleri. A asylly gyzlaram kän, men-ä şolara telpek goýýan! Hawa, telpek şeýle gözel, batyrgaý, namysly, medeniýetli we ynançly türkmen gyzlaryna!

Köneler, ata tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir