Ýeriň geoid şekili.
I. Salam dostlar. Tanyşyň, suratdaky Alymlaryň aýtmagyna görä ýeriň hakyky şekili eken. Oňa geoid şekil diýilýär. Mundan başgada ylymda ,,oblate spheroid", ,,ellipsoid" şekillerde bar.
Geoid şekile gelsek, wikipediýada ýazylşyna görä ýeriň okeanlarynyň we deňizleriniň suwy guradylsa ýeriň şu ,,geoid" şekili emele gelýärmişin. Ondan başgada oblate spheroide görä ýeriň ekwatordan aşaky günorta bölegi, ýokarky demirgazyk bölekden uly eken.
Mende dörän soraglara jogap berseňiz.
1. Ýer geoid, ýa oblate spheroid şeklinde bolsa nämeüçin NASA-nyň ,,kosmosdan" alnan suratlarynda ýer tos-togalak?
2. Ýeriň suwlary çekilende ýeriň hakyky geoid şekili emele gelýän bolsa, Beýleki planetalaryň, meselem marsyň suwy çekilse olam geoid şekili alarmy? Dogry, marsda suw ýok. Ýagny ýer geoid ýa ellipsoid bolsa, näme üçin başga planetalar beýle däl?

II. Ýeriň geoid şekilini 1400 ýyl ozal bilen Gurhan.
Käbir musulmanlar ýeriň ,,hakyky" şekilini Gurhanyň öňden bilenini öňe sürýärler.
Olaryň aýtmagyna görä Näziat süresiniň 30-njy aýatynda ,,Vel arze bade zälike dehaha" diýen aýatdaky dehaha kelimesi düýeguş ýumurtgasy manysyny berýärmiş, ýok beýle däl bu bir toslama. Gurhan ýeri tekiz diýýär we onuň hereketsizdigini hereket edýän aý, gün we ýyldyzlardygyny aýdýar.

Bilim, Khanture tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir