Salam dostlar! Siziň hemmämizi Beýik Ýeňşiň 63 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu baýramçylyk biziň üçin örän mukaddes baýramçylyklaryň biridir. Beýik Watançylyk urşunda 20 milliondan gowrak adam wepat boldy. Türkmenlerden anyk bilemok näçe adamyň wepat bolanyny, ýöne ganym uruş milletimiziň men-men diýen gerçek ýigitlerini pürreledi(gyrdy). Eşidişime gör-ä, türkmenistanly sowet soýuzynyň gahrymanlary beýleki halklaryň-ka garanyň-da känmişin. Jemi 76 sany. Meselem, Aýdogdy Tahyrow, Gurban Durdy, Tagan Baýramdurdyýew, Pena Rejepow we beýlekiler. Kim bu barada köpräk maglumat bilýän bolsa, pikir alşalyň-la! Sözümiň ahyrynda men Beýik Watançylyk Urşunda mukaddes Watanymyzyň hatyrasyna gyrmyzy ganyny döken we milletimiziň adyny beýge galdyran merdana türkmen ýigitleriniň öňunde başymy egýärin!!!

Köneler, Nehir tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir