Salam dostlar. The econoomist: the world in 2021 žurnalyny analiz etmäge çalyşdym.
Ilki bilen sizi ýetip gelýän täze 2021-nji ýyl bilen tüýs ýüregimden gutlaýan, 2021-nji ýyl siziň üçin ajaýyp ýyllaryň biri bolmagyny, bu ýylda ýetip bilmedik ädimleriňizi 2021-nji ýylda ýetmegini hem-de size we ýakynlaryňyza ähli gowulyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýän!!!
Ilki žurnalyň fonuna üns bersek, fon gara reňkde berilipdir. Bu ýylda meniň ozaldan bäri aýdyp gelýän elektrik kesilmesini aňladýarmyka ýa-da gytlygy?
Görşümiz ýaly žurnalda humar oýny maşyny bar. Depesinde 6 sany gyzyl, 5 sany gyzyl çyrajyk ýalpyldap dur. 6+5=11. 11 sanynyň ýönekeý bir san däldigini köp beýan edipdim (Köpsüni dostluk.ruda, bu ýerde biri: http://talyplar.com/posts/30948 )
Oýuny başlamak üçin, üstünde ýer şary şekillendirilen taýajygy çekmeli, şonda oýun başlar. Ýer şary şekilinde materikler ýaşyl reňkde şekillendirilen. Pikirimçe indiki ýyl üçin planlar uly, ilat sanyny kemeltmek proýekti.
Maşynyň ekranyna üns bersek, onda dört sütün bar, pikirimçe hersi bir pasyly aňladýar. Ýylboýy bu wirus garşymyzda bolar, sebäbi başlangyçdada, soňdada wirus şekili bar. Birinji sütündäki wirus şekiliniň aşagynda bolsa waksina şekillendirilen. Waksina ýaşyl reňkde. Ýaşyl reňk köplenç zäheri simwol edýär. Özem şekillendirilen waksinaň ýarysy ulanylan. Pikirimçe dünýäniň ýarsy waksinasiýa ediler.
Ondan aşakda bolsa maskaly smaýlik gelýär, pikirimçe bu ýylda ýene maska dakmaga dowam ederis. Smaýlik gözleri ýumulan şekilde teswirlenen. Munuň manysyna çözüp bilmedim, pikiriňizi teswirlerde ýazyp bilersiňiz.
Ondan aşakda bolsa sorag belgisi. Belki bu ýylda biz garaşmaýan wakalarda bolup biler.
Indi ikinji sütüne geçýäs, bu sütün beýlekilerden juda tapawutly, sebäbi beýleki sütünler hereketde bu sütün bolsa hereketsiz. Näme diýjek bolýanyma düşünmeseňiz, sütünlere ünsli serediň!
Ikinji sütüniň depesinde bir radioaktiw (atom, ýadro) raketa bar. 2021de bize ýadro söweşi garşýarmy? pikirleriňizi teswirlerde galdyryň.
Ondan aşakda Jo Baýdeniň şekili. Sary reňde çekilen. 2021-de onuň saglyk ýagdaýy barada mesele çykjaga meňzeýär.
Ondan aşakdaky belgi boýunça pikirlerim şu mowzukda bar: http://talyplar.com/posts/30855
Ondan aşakdaky belgi bolsa ,,tik-tok" nyşany. Bu bolsa ABŞ üçin wagt tamamlanýandygynyň alamaty, ýagny: tik tok tik tok tik tok...
Üçünji sütün. Ýene sorag belgisi, muny geçýäs.
Aşakda dollar simwoly, pikirimçe bu dollaryň gadyrsyzlanmagyny aňladýar.
Ondan aşakda şemal generatorlary. dostluk.ru da bir mowzugymda Ermenistandaky Messamor Atom Elektrik Stansiýasynyň partlama howpunyň bardygyny we onuň 911 ritualy görnüşde amala aşyryljagyny beýan edipdim. Pikirimçe bu waka bolar we AES-ler howply diýilip, şemal, gün we ş,m alternatiw energiýa çeşmelerine geçiler.
Ondan aşakda Hytaý baýdagy. Hytaýyň ösüşi. Pikirimçe Wanga daýzaň 2018-de amala aşmadyk, öňdengörüjiligi.
Iň soňky dördünji sütüne geldik. Depede inflasiýa. Bu ýylda inflasiýa bolmagam mümkin.
Ondan aşakda bolsa, agaç ýanýar, bu tokaý ýangynlaryny we gurakçylygy aňladýar.
Ondan aşakda ,,Zoom" simwoly. Buda karantinleriň dowam etjegini we şol sebäpden onlaýn konferensiýalar geçiriljegini, okuwlaryňam onlaýn görnüşde okadyljagyny aňladýar.
Umuman bu žurnala görä wirus durmuşdan gitjege meňzänok.
Analiz ýalňyşda bolup biler. Pikirleriňizi teswirlerde gaaldyryň.

Täzelikler, Khanture tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir