Adam köpçüliginde ynsan gytçylygy...

Ilki bilen Essalowmaleýkim hormata mynasyp gardaşlar we söze nämynasyp saýtdaşlar. "Sabirowa_M" atly agzañ açan "Häsiýetnama #2" diýen mowzugynyñ aşagyndaky teswirleri okap çykyp şu mowzugy açmasam bolmaz diýen karara geldim. Şol teswirleri okap esasy dawalaşyp oturan Perhat Sabirow bilen Mähri ekenligini añmak bolýar welin soñra bir ýerlerden "Yylgyn" we "Yashalym" atly agzalaram dawa goşlupdyr. Adam diýeniñ iki ynsan urşyp duran bolsa orta düşip daw jenjeli bes ediñ diýip gowluk bilen düşindirjek bolarmyka diýip tama edýäñ welin soñky (töññelerem) gelenlerem gaýta dawa üstine dawa goşupdyr. Her haýsy bir ýerden bir gyzyñ üstine özlerinçe diýibilenini diýipdirler. Şäher bi derweze bolmaýşy ýaly saýdam sizler üçin köçe däl eden etdilik bolar ýaly. Hany Perhat Sabirow, Yylgyn, Yashalym geliñ töre geçiñ özüñize akyllysumak arnamaysjañ erkek diýip hasaplaýan bolsañyz öz ýazanja sözlerñize düşindiriş berip geçseñiz. Dogry siz maña düşindiriş bermäge borçly däl emma üç sany erkek oglan bolup bir gyz maşgala ýerli ýerden gaýtargy berip söz aýmaga aýdypsyñyz welin yzynda-da durarsyñyz diýip umyt edýän. Men hemişe öz mylakatlylygymy saklamaga çalyşýan welin sizler mylakatly bolmaga mynasyp däl ekeniñiz. "Sabirowa_M" daşoguz welaýatynda ýaşaýar şol sanda menem. Milletparazlyk ýa-da welaýatparazlyk etmek niýetim ýok welin özümiñ ildeş doganymy sizler ýaly oglanlardan gorap bilmesem özüm üçin namys bilýän. Hany onda ýazan teswirlerñizdäki sözlerñize başarsañyz jogap berjek boluñ!

"Perhat Sabirovv 2 days ago
@Sabirowa_M, Wagtyňy boş sahypalarda bolar-bolmaz mowzuklary açýançaň ile-güne, geljekgi ýaş nesillere peýdaly zat paýlaşsana!"

>>Edil sen Perhat Sabirow açýan mowzuklaryñda ile-güne, geljekgi ýaş nesillere peýdaly zat paýlaşýan diýip hasaplaýañmy özüñi? Açan mowzuklaryñ işim ýok welin ile at dakmakdan öñürti özüñe bir baha bermegiñi haýş edip soraýan. Seniñ medeniýet bilen arañ nahili uzakdygyny köpçülik bilýän bolsa gerek?!Galanyny özüñ pikir et!

"Perhat Sabirovv 2 days ago
@Sabirowa_M, Goýar ýaly näme zat bar? Meniň saňa ýazan paýyş, hapa sözlerimmi?"

>>Sen erkek oglan bolup gyz maşgala hapa paýyş sözleri aýdanlygyñy özüñe subutlap duryp ýene utanman "Goýar ýaly näme zat bar?" diýen bolmagyñ bir hili okyjyda özüñe bolan ýigrenç duýgusyny döretdi!
Galanyny özüñ pikir et!

"Yylgyn 2 days ago
Mähri jigim, Sabirovvv atly agza hakda doly tanaman pikir ýöretme. Ynsanlar Wirtualda başga görnüşde Realda başga görnüşde bole. Seniň Perhada bolan ýüregiňde bir ýigrençlilik bar. Ol hem siz aýrylyşanyňyz soň ýüze çykana menzeýär!"

>>Yylgyn gardaş ýokarky teswiri ýazmakdan maksadyñ Perhada hossarlyk bildirmekmi? Eger Mährä jigim diýip özüñi ýaşuly saýýan bolsañ näme üçin ýaşlara görelde bolup ikisinehem "Goýuñ dawañyzy" diýmediñ? Adamyñ "Virtualda" ýa-da "Realda" nähili ekenligini bilip bolmaýanlygyny bizlerem bilýärmikak diýip ýördük. Bar zady bilmän duryp hem gepe goşulmak akylly adamyñ işi dälmikä diýýän.
Galanyny özüñ pikir et!

"Yylgyn 2 days ago
@Mähri, Sen ýalňyşmasam häli çagalykdan saýlanmadyk gödek öýdýän. Ýazýan zatlaryna uns ber, Perhat menin jigim hem dal dostum hem dal men ony diňe sen ýaly internetde tanayan. Perhatda guna diyyaniň welin, seniň bilen gurlesip we sana hiyanat edenimi. Jigim hazir 21-nji asyr hazir dogan bilen doganlar biri birine hiyanat edip yor. Seniň gurrun edyan zadyn name..."

>>Çagalykdan saýlanmadyk adama pent nesihat bermeli gardaş akyllysyrap üstünden basmaly däl. Seniñ gürrüñ edýän zadyña seredip otursak Perhadyñ hyýanat edeni seniñ pikriñçe XXI asyrda günä iş däldä şeýlemi? Onda saña sorag XXI asyrda günä gazanmagymyz üçin näme iş etsek dogry bolar? "Häzir planynçy asyr gürrüñ edýän zadyñ näme?" diýen bolmak hondan bärsilenmekden başga zat däldigini özüñem bilýänsiñ diýip umyt edýän.
Galanyny özüñ pikir et!

"Yylgyn 2 days ago
@Mahri, Men su sayta 7yyldan bari giryan. Sizin yaly dawa urus edyan adamlary kop gordum. Senin Sabirovw hakda yazanlaryn yaman çendenaşa boldy. Ozune beyle derejede uly baha berme. Durmushda doly tanamayan adamlaryn hakda hem yazma..."

>>Saýda ýedi däl elli ýyldan bäri girýänem bolsañ ol saña üýtgeşik bir akyl paýhas berip bilmez. Ondan gowusy ýedi ýylda birje kitap waraklanyñda häzirkiden manylyrak sözlärdiñ. Uruş dawa edýänleri köp görenem bolsañ orta girip "Hany besediñ dawany" diýibemä bilmänsiñ tarapgöýlik eden bolmañ näme? Kim özüne nahili dereje bermegini ýa kim hakda näme ýazmalydygyny ýazgarmak bizlere galmandyr gardaş!
Galanyny özüñ pikir et!

"yashalym 2 days ago
@Yylgyn senem Perhadam Mahrinem gowy tanañok etek shoñ un señki yalñysh señki dogry dp yokmek bize bolanok, ozleri dushunsher.
Yone Perhat bu sayty aktiw saklamak un elinde baryny etya saytan perhat bn 12, agzany ayyrsañ sayda giresiñizem gelmez... Sayt gum gukluk boljagy gornup dur. Bashga saytlara bilemok wn shu sayt un perhadyñ goshandy uly..."

>>Yashalym şu teswiri bilen dawany ýatyrybam biljek ekeniñ. Şu teswiriñi okap seni azajygam bolsa hormat etjek bolup başlapdym.

"yashalym 2 days ago
Mahri, bar zadyñ sebabi soygi, sen perhady gorman nadip soyduñ hayran men saña, yone dost bolmaly ekeniñiz soyuship yormek un gyz gyt dal soygi geregem dal soygiden name peyda bar okamaly owrenmeli doretmeli yashyñ ba eliñde soyga wagtyñam bolmaly dal aslynda"

>>Yashalym şu teswiri näme üçin ýazdyñ düşinemok kimi nädip söýmelidigin ýa-da dost bolmalydygyny ýazgarmak hakyñ bar diýip oýlaýan bolsañ? Perhady näme üçin ýazgarañok? Ýadyñda ýokmy Perhat Sabirow nähili mowzuklar açyp gezdi söýýän köýýän diýip hany şolar barada-da akyl satda aklyñ köp bolsa. Gaýtam özüñ saýtdan gyzlaryñ nomerini çöplejek bolup her hili mowzuk açyp nomeriñi reklama edip ýörsüñ. Arada talyplar.com dan registratsiýadan ötmekçi bolsañyz kömek gerek bolsa habarlaşaýyñ diýip nomer goýan bolup mowzuk açanyñ ýadyñdamy? Ol goýan nomere sms ýazyp jañ etsem biri alyp "Men hiç zatdan habarym ýok, beýlede sada bolmaly däl ekeniñ" diýen bolup samsyksyrap otyra. Eýdip saýda reklama goýup adam oýnamak barada akyl sat aklyñ köp bolsa.
Galanyny özüñ pikir et!

"Perhat Sabirovv 2 days ago
@Yashalym, Internetdäki söýgi ynanýaňmy dost?
Mena ynanamok, bu wagtlaýynça duýgy!"

>>Perhat Sabirow hany sende wyjdan diýlen zatdan azajygam bolsa barmy? Şu saýtdakylar bilýärä seniñ nahili söýýän diýip maslahat soran bolup mowzuk açyp ýörenlerñi ýa indi olary inkär edýäñmi? Mähriñ yzyndan ylgap ýörmediñmi waý õldüm diýip ýalnyp ýalbaryp. Indi haýsy ýüziñ bilen ýokardaky teswiri ýazypsyñ men haýran galmakdan ýaña añkam aşdy. Adamam beýle iki ýüzli bolup bilýän ekenow.

"Perhat Sabirovv 2 days ago
@Sabirowa_M, Indi bilýäň! Hany onda dawa gutaran bolsa jemini jemläp töwir galdyraly:
Ähmm, Ühmm. Hany onda Ot belasyndan, Suw belasyndan, Heleý belasyndan özi gorasyn. Omynnnnn..."

>>Nahar iýilensoñ, iş başlamazdam öñ, ýola gitmekçi bolunanda we ş.m omyn okap töwir galdyrylýandygyny bilýän welin dawadan soñ töwir galdyrylýandygyny senden eşitdim. Adamkärçiligi sylamasañam Yslam dinimyzy bir syla.

"yashalym 2 days ago
Mahri menem seni soyyan!!!

Ynandyñmy?"

>>Indi bu ýerde suwjyksyran bolmagyñ nämäm. Şular ýaly gürleýän adama iñ gowy jogap bermek üçin hä bir ata şappatdan birini indermek bolsa gerek sebäbi gürlemek haýp seniñ ýaly suwjyga. "Menem seni söýýän" diýen özüñçe näme ýazandyryn gopbamsyranam bolýansyñ haýp saña adam diýen at.

"Perhat Sabirovv 2 days ago
Sabirowa_M, bilen däl "bilýän" bolmaly, türkmen dilinde. Eger sen hem türkmen bolsaň!"

>>Milletparazçylyk etmekden öñürti gowja pikirlen ilki bilen ählimizem ynsan milletiñ dahly ýokdugyny. Özi türkmen bolup ar namysy bolmasa türkmen bolanyñdan ne peýda. Gep dogry ýazmakda däl dogry pikirlenmekde.

"yashalym 2 days ago
Mahri jim sylayan seni sagat 15:00 dan 18:00a çenli sylayan señki dogry deñ bolup yorme"

>>15:00 dan 18:00a çenli sylamak nahili bolýareý ol hany sylap görkezda bizem göreli. Üç oglan bolup bir gyza diýip bileniñizi diýip özüñizi ýene erkegem diýip ýörensiñiz. Özüñ bir 2003-njy ýylda doglan sy*ak hany Mährä diýjek gepleriñ bolsa diýda maña men seni eşitmäge taýyn. Adam sylamany bilýäñmi sen jim diýen sen töññeleri diýip döwür batjak laýyna batdyk. Baryp ýatan manysyz.

Õzi döwrüñ şeýle erbet bolup durany keselçilik, krizisler ýetmän duran ýaly siziñ bu bolşuñyz näme? Adam boljak bolalyñ hemmämizem bir pyhammeriñ ymmaty. Bir ýurtda ýaşaýas bir howadan dem alýas. Ýene özümiz bilen özümiz etimiz iýşip ýörüs uýat dälmi. Bir gün gelip hemmämizem gidýäs panydan baka azajygam bolsa adam bolup ýaşap ynsan bolup gitjek bolalyñ... Bu mowzugam üç oglan bolup bir gyza ýerli ýerden gep atanlarñyz üçin çydap bilmän açdym! Ýene türkmeniñ arnamysymyşyn bular haýp size!..

Saýtda dawa çykarmak niýetim ýok welin halys bir gyza üç oglanyñ deñli deñine gürlemegine çydap bilmedim.

Täzelikler, MrOKaS tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir