Yazly mekir uly hudayyoly berdi. Oña obadaky uly hem kici mollany cagyrdy. Uly molla taze alan yeñil mashyny bilen,Kici molla bolsa, kowush-messisini sharkyldadyp,pyyada geldi.Oye girensoñ jayyñ tori olaryñky boldy.Hudayyola cagyrylan adamlar gelip bashladylar. Bir zamandan giñ jay mahelleden hyryn-dykyn boldy. Sacagyñ ustunde gushuñ suydunden bashga memme zat bardy. Corek iyildi,cay icildi. El yuwuldy,nahar iyildi. Icleri yylan yalan yaly bolan tabaklar yygnaldy. Uly molla omyna bashlady. Ayatyñ orta gurpune yetende Uly mollañ umlemesi bilen Kici molla dowam etdirdi. Eller ikinji gezek yuzlere sylynansoñ iki mollañ ortasyna bir kicijek duwuncek patlap dushdi. Uly molla oña elini yetirdi. Kici molla-da duwuncegiñ bir gulagyndan tutdy. Pully yaglyk iki mollañ arasynda o yana, bu yana suyshup bashlady. Ahyry mollalar aydysharman boldylar. Gor,bak,name diyerler.

Uly molla-
Dilime soz geldi bir zat diyesi,
Al bari,duwuncek meñki bolmaly.
Maña umzuk atyp,goydy eyesi,
Al bari,duwuncek meñki bolmaly.

Kici molla-
Yurekdaki sozum sybana yetdi,
Shu pully duwuncek meñki bolmaly.
Saña umzuk atyp,maña seretdi,
Shu pully duwuncek meñki bolmaly.

Uly molla-
Sypdyrmany tersoturun,nokadyn
Ayatyñ yaryny ozum okadym,
Sen telim sozleri goshdyñ,dokadyñ,
Al bari,duwuncek meñki bolmaly.

Kici molla-
Ayatyñ yaryny menem okadym,
Sypdyran daldirin otur,nokadyn,
Yadyñdan cykanny ozuñ dokadyñ,
Shu pully duwuncek meñki bolmaly.

Uly molla-
Owazym eshiden acylar gul-gul,
Sebabi yakymly,sen shony bilgil,
Sesiñ eshek sesi,meniñki bilbil,
Al bari,duwuncek meñki bolmaly.

Kici molla-
Seni goren,asla,gul,gul acylmaz,
Aklygyñy yhlas bilen ecilmez,
Sese-pese yetme,gunañ gecilmez,
Shu pully duwuncek meñki bolmaly.

Uly molla-
Perishde yok sakgalyñda,tuyuñde,
Donuñ suyrenip yor kelte boyuñda,
Yatsañ bolmayamy cykman oyuñde,
Al bari,duwuncek meñki bolmaly.

Kici molla-
Kelte diyme Huday beren boyumy,
Kemsitme sakgaly-melek oyuni,
Daraklap gorduñmi gylym-tuyumi,
Shu pully duwuncek meñki bolmaly.

Elkyssa,bular goshgyny tamam etdiler. Emma,dawalar tamam bolmady. Mollalar hasanaklachyp yerlerinden turdylar. Iki eliñ ayasyndaky pully duwuncek yyrtylara gelip cekilyardi. Bir calyp duwulen duwuncek cignap,cozer yaly bolmady. Uly molla ici sherebeli suwa yatyrylan hyyarly tarelkany Kici mollañ yuzune gapgardy. Kici molla-da ici sogan,pomidor salatly dash tarelkany Uly ,ollañ mañlayyna urdy. Mollalaryñ geyimleri durli reñke boyaldy. Pully duwuncek hali hem iki eliñ penjesinden sypanokdy.
Bulary aralajagam bolmadylar. Adamlara tomasha gerekdi. Sebabi,adamyñ ustunden adam gulyar.Bashga jandar gulmeyar. Yogsa olar towella-tagsyra goshulanda dym-dyrslyk bolmagam ahmaldy.
Hawa,iki molla gidishyardi.Olaryñ biriniñ mañlayynda kase dowuldi,beylekisiniñ depesinde ici gyzgyn cayly caynek pytyrady. Duwuncek iki eliñ ayasynda hali hem tans oynayardy. Gezek demir cemce bilen demir durtruje yetdi. Indi adamlar gozganyshyp bashladylar. Iki jeñbazy aralamaga ymtyldylar. Sebabi,dawanyñ indiki basgancagy jenayat cagine yakynlapdy. Shu yerde bolmaz ish bolan yagdayynda tomashakar bolan ozleriniñ kelle yalañaclap, jogap bermeli yeriniñ bardygy yatlaryna dushensoñ, ada,lar yerli-yerden turup, iki mollany araladylar. Shol waht cekilip yyrtylan duwuncekden iki sany 10-lyk teññe kecañ ustune gacdy. Uly molla duwuncegi hasyr-husur barlap gordi. Bashga pul yok. Ol yyrtylan yaglygy Kici mollañ yuzune zyñyp goyberdi.
Uly molla Kici mollany yzyna tirkap,gapa yoneldi. Oy eyesi Yazly mekir olara yuzlendi.
---Ahow,mollalar, omyndan soñ el yuwdyrylanak hali. Elleriñizi yuwup gidiñ. Yogsa,oyumiñ yrsgal-bereketini ozuñuz bilen alyp gidersiñiz.
Uly molla siltenjiredi.
---Yrsgal-bereketli duyus bolyan bolsañ bir tar kukurt copem dushmejek 10-teññe berermidiñ zaññar.-diyip,meydana cykdy. Kici molla-da onuñ yzyna eyerdi.
Sho mahal kanalyñ añyrky kenaryndaky bir oyden yzlashyk sesi cykdy. Mollalar doñuz diñini salyp, gulak gabatdylar. Duranlaryñ biri ,,pylan aga olupdir,,diydi. Bu sozi eshiden Uly molla mashynyna tarap yuwurdi.
---Dur,nira baryañ. O bende meniñki bolmaly-diyip,Kici molla onuñ synyndan aslyshdy.
---Yok,olen bende meniñ mushderim- diyip,Uly molla gaharlandy. Shu yerde iki molla aydyshar boldy,gor,bak,name diyerñer.
Kici molla-
Gara bashyn yere goyan
Shol mushderi meniñkidir.
Alylña aylan-da,oyan,
Shol mushderi meniñkidir.

Uly molla-
Goz yumanyñ soñy daldir,
Ol mushderi meniñkidir.
Dogmak-olmek uzak yoldyr,
Ol mushderi meniñkidir.

Kici molla-
Hudayym ecilip yorer,
Sheydip yrsgalymyz berer,
Ezrayyl orar-yorer,
Shol mushderi meniñkidir.

Uly molla-
Bol-da kanagatly kishi
Ashak eg kellani-bashy,
Cishirmesin iliñ ashy,
Ol mushderi meniñkidir.

Kici molla-
Señem iyyan ashyñ ilden,
Gelmedigi belli yelden,
Yrsgalymyz alyas dilden,
Shol mushderi meniñkidir.

Uly molla-
Senem iyyan coregiñi,
Ilden alyañ geregiñi,
Ele alma yuregiñi,
Ol mushderi meniñkidir.

Kici molla-
Mashynyñ yoldan sowulsyn,
Agdarlyp,yetmish dowulsin,
Yuzuñ yeñsañe owrulsin,
Shol mushderi meniñkidir..

Uly molla-
Ozuñe bolsun garhyshyñ,
Mynjyrasyn gara bashyñ,
Yasharyn Hak beren yashyn,
Ol mushderi meniñkidir.

Elkyssa, Uly molla derhal mashyna mundi-de, otlap,surmage hyyallandy. Kici molla ugratmajak bolup,Uly mollañ messili ayagyna yapyshdy. Uly molla bir depende Kici molla agdarlyp gitdi. Elinde-de Uly mollañ birtay kowush-messisi.Uly molla bir ayagy messili,bir ayagy yalañac, mashynyny zarp bilen surdi-de, iki cakrym uzakdaky kopra tarap tusselap gitdi. Kici molla bolsa namaz jaya ondan oñ barmagy niyetlap,ini otuz adim cemesi kanaldan dogurlap gecmegi yuregne duwdi. Ol barshy a cyrpynyp akyp yatan yaba ozuni tashlady. Kanalyñ ortasyna cenli suwy boylap gitdi. Ondan añyrsy cuñrak bolansoñ kelte zaññar boylap bilmedi. Dat,komek ediñ diye de icine suw gitdi. Ayagy yer tutmady.

Awtory - Şyhmyrat Abdyllayew

Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir