Ine, bu goşgymda ejem pahyr bar,
Bu goşguda bolsa, galam gaşly gyz.
Elim degen çagy elime alýan,
Şol hem bular bilen salamlaşdygym.

Bu ýerde şapagyň aotyn şöhlesi,
44Ýowşan ysly ýaýla düşýär endigan.
Bärde bolsa bir gül —azatlyk küýsän,
Porsy ýerzeminde otyr bendiwan.

Ony erkinlige çykarmalydym,
Ýerzemini sowuk, çygly hem zeýli.
Emma, maňa päsgel berdi hemişe,
Has ajaýyp zatlar döretmek meýli.

Wah, ejeler ýagdaýyňa düşünýär,
Senem düşünjek bol, galam gaşly gyz
.Meni örteýän zat, bu goşgularyň
Bir maýyp görgülä çalymdaşlygy.

Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir