Biz din bilen bilimi deňeşdirýäris, "bilimiň eden açyşy Gurhanda-da bar", "din bileme gabat gelýär" diýen ýaly gürrüňler bilen.
Bilim - dürli teoriýalar we synaglar bilen elde edilýän bir zat. Bilimde bir teoriýa dogry diýip kabul edileninden soň bir-näçe ýyl geçeninden we elimizde täze deliller bolanyndan soň ol teoriýanyň ýalňyşdygy subut edilip bilinýär we derrew ol teoriýa terk edilýär (bilimde iň gowy görýän ýerim). Bu 10 ýyldanam bolup biler 1000 ýyldanam. Mysal üçin Newtonyň grawitasiýa kanuny 3 asyr soň Einştein tarapyndan "General Relativity" teoriýasy bilen ýalňyşlandy we terk edildi. Bilim synaga mydama açykdyr.
Din - belli bir şertler we dogmalardan ybarat we bular soragsyz-sowalsyz kabul edilmelidir, ýagny iman edilmelidir. Synag üçin açyk däldir.
Indi sorag şu; "bilimiň şu açyşy gurhanda-da bar" diýilýär käte. Mysal üçin "Big Bang" (uly partlama) teoriýasyny Gurhanyň Enbiýa süresiniň 30-njy aýady bilen gabat gelýändigi aýdylýar. Eger bir gün "Big Bang" teoriýasy bilim tarapyndan ýalňyşlansa onda Gurhanam ýalňyşlandygy bolmazmy?
Şol sebäpden din bilen bilim başga zatlar. Biri-birine gabat getirjek bolmak hökman däl, biri "Bilmek" biri bolsa "ynanmak".

Bilim, Panturkist tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir