Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentligi 2020-nji ýylyň 1-nji fewralyndan ýokary amatlyklary bolan VIP wagonlarynyň işini ýola goýmakçy.

Agentligiň otlularyndaky şeýle wagonlar üçin petekleri onuň resmi saýtyndan onlaýn usuly bilen ýa-da demir ýol kassalaryndan satyn alyp bolar.

VIP wagonlarynda ýolagçylara goşmaça hyzmatlaryň birnäçesi ― agşamlyk nahary, alkogolsyz içgiler, islege görä, çaý ýa-da kofe hödürleniler. Şeýle-de ýolagçylar bir gezeklik süpürgiç, ýokary hilli ýapynja bilen üpjün ediler.

VIP wagonlary her biri dört ýolagça niýetlenilen küpelerden ybarat bolar.

Tehnologiýa, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir