Düýn gowy däl zatlary eştdim gynanaýdym biziň serhedimiz gaty biderek goralýan eken. Men Lebap bilen Özbegistanyň serhedi barada nejis zatlary eştdim hemmesini aýtmaýyn. TM-dan näçe tonnalap Özbegistana benzin geçirýän ekenler. Galla, mal, pagta.. hemme zady serhetden geçiriberýän ekenler. Öňki prezident wiza girizenden soň şu zatlar galar öýdüpdim ýöne ýok henizem dowam edýä. Olary barlap tutýalaram ýöne ýene-de pent bolanok täzeleri taýylaýýa özem öz türkmenlerimiz kömek edýä daşyna zat geçirmäge ýa bolmasa özleri äkidip satýalar. Serhetde durýan esgerjiklere bolsa ýa pul berýälermişin ýa-da aftomat bilen gorkuzýalarmyşyn. Şu zatlara ömürlik gözegçilik edip bolmazmyka?! TM specnazlary taýýarlaýan okuw barmy?! Ýok bolsa açmaly güýçli oglanlary taýýarlamaly kim köp pul berse dälde kimde höwes, ukyp, mertlik bolsa şolary almaly. Agent 007-lary taýýarlamaly. Ýa bu zatlar barmy gizlin edilýämi?! Beýleki ýurtlarda-da serhezi esgerler goraýamy?! Ýokarda otyran işgärleriň hemmesi diýen ýaly haram işleýäler şonuň ýaly kynmyka iň bolmanda öz ýurdyňa zyýan getirjek zady bir etmeli däl ahyry.

Köneler, Harmandali tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir