Bütin oba garaşyp dur. yola bakyar hemmeler. Atasy pyşyrdayar: “Geler. Geler. Geler”. Gelnejesi pyşyrdayar: “Gelermikä? Kim biler...” Atasy göwünlik beryär: “Geler-le... hökman geler”. Gök toraňňyň sayasynda yüzläp adam dymyp dur. Çekizeli ak haltadan Turşy damja damyp dur. Yygnanyşdy babadaşlar, Içginler hem daşgynlar. Ne signal bar, ne şowhun- Dymyşyp dur maşynlar. Geldi dürli maşynlar - Gyzyl, sary, yaşyl, ak. Geldi garaşylmayanlar. Garaşylyan gelenok. Göyä pikir hem etmän Bu gürrüňler babatda. Ak guş kimin irkilip, Ene yatyr tabytda. Göterlerne garaşyp dur Köpi gören agaç at. Ene yatyr üstünde Giň maňlayly, Agajet. Şol enäniň ogluna Garaşyp dur hemmeler. Geldi tanyş, nätanyş - Geldi şondan öňňeler. ...Ol henizem gelenok. Meger, häzir yoldadyr. Iň söygüli ulagy Samolyot däl, “Wolgadyr”. yöne weli uçuryandyr Samolyota deňeçer. Şondan yza-ha galmaz, Oňarsa öňe geçer. Ol henizem gelenok... Meger, häzir yoldadyr. ya-da iki eli hem Ullakan stoldadyr. Tüweleme, uly adam Bolup gitdi indi ol. yaňy bolsa has ullakan Bir stula mündi ol. “Sypaymasyn birden!” diyip, Oturandyr yapyşyp. Owadanja gelinler Çay çekyändir çapyşyp. Üytgeşikdir öňündäki Kişmiş, kemput, şokolad. ya gök çayyň humaryna yazyandyr bir doklad. yok, yok, özi doklad yazmaz, yazyandyrlar başgalar. yaranjaňlar her sözüne Ellerin çarpyşarlar. Ol bolsa özi yazyan dek Gülümsirär, yylgyrar. yazanlar onuň deregne Utanjyrar, yygrylar. Yigrimi yyl mundan ozal Gutarypdy bir WUZ-y. Ony oňa gutardan hem Tabytdaky ezizi. Güyzde pagta yygypdy. Gyşda körek çöpläpdi. “Oglum ullakan okuwda!” Buysanç bilen gepläpdi. Howdan gurdy, gazy gazdy Laya batyp dyzyndan. yygnanjasyn lükgeläp Ibererdi yzyndan. Ogly üçin ak mütgelden Bir haltajyk tikindi. Üçlügini, manadyny, Şayysyny, köpügni- Artdyranja puljagazyn Atdy şonuň içine. Şeyde-şeyde kyrk yaşynda Ak çozupdy saçyna. Ogly okuwyn gutardy. Ene dertläp yykyldy. Ol şonda sypap otyrdy Bir gözeliň çokulny. Dakyardy enäň pulundan Her barmagna bir yüzük, Gulagyna teneçir, Bilegine bilezik. Söyüşdi, gujaklaşdy. Paytagtdan jay tutundy. ...Enesinden utanmady, Ene ondan utandy. Ene käte paytagta Gezmäge gelen wagty, Gelni diydi: “yok etsene Bu porsy garabagty!” Ogly diydi: “yakymsyz Ysyň bar-la, jan eje. Bu eyyamda arassa Bolmaly myhman, eje!” Ene diydi: “Wah, jan ogul, Her niçe porsasak-da, Ulalansyň, yetişensiň Şu porsuja gujakda...” Soňra bolsa uzak gije yorganynda aglardy. Daňyň atarna mähetdel, Otla tarap ylgardy. ...Şeyde-şeyde günler ötdi, Aylar ötdi nobatly. Edeni şowuna boldy. Durmuş ony aynatdy. Her sözünde bir oyun, Her elde bir desmaly- Bir yyl bäri saklap otyr Has uly bir stoly. Bu gün bolsa enesi Amanadyn tabşyrdy... Gelen telegrammany Stolunda yygşyrdy. Ony ayalyndan başga Görkezmedi hiç kime. Är-heley karara geldi: “Barsak bor-la üçüne!” ...Bütin obaň gözi yolda. Garaşyp dur hemmeler. Atasy pyşyrdayar: “Geler, geler, geler”. Gelnejesi pyşyrdayar: “Gelermikä! Kim biler!” Ene-de misli gozganyar: “Geler balam, geler, geler.” Onyança-da “Gelyär!” diyip, Ardyndy bir yaşuly. Göründi yaşyl meydanda “Wolgalaryň” yaşyly. “Geler diydim ähbeti!” Bir dayandy atasy. Gara-köyük yüzüniň Artyp gitdi yagtysy. Onyança-da yaşyl “Wolga” Aşak indi yapydan. Geljek adamyň deregne Şofyor çykdy gapydan. “Şu gün gelip biljek däl. Gyssagly bir iş çykdy...” Birden ataň gözlerinden Iki çogdam yaş çykdy. Yetmiş yaşyň içinde Aglamadyk ol goja, Gözyaşyny süpürdi-de, Bir yylgyrdy çalaja. Ol yylgyryş ömürbaky Çykmaz meniň yadymdan. Beyle ayylganç yylgyrşy Görmändim men adamda. ...Göterdiler enäniň Ak guş yaly tabydyn. yaz şemaly ykjatdy Üstündäki mawudyn. Salladylar çukura Ak saçly bir dünyäni. Içki öyüň gapysyna Eltilende enäni - K. Gurbannepesov

Köneler, agash55 tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir