2013-nji ýylyň ýanwar aýynyň 07-ne Şweýsariýanyň Sýurih şäherinde her ýyl geçirilýän Ballon D'or baýragy 2012-nji ýylda iň ökde bolan futbolça gowşurylar. Menem talyplar.com agzalary haýsy oýunçyny saýlarka diýip şu temany açdym. Bilşiňiz ýaly bu baýraga 3 sany kandidat saýlandy. Olar: Ronaldo (Portugaliýa) Iniýesta (Ispaniýa) Messi (Argentina) Indi gezek siziňki! Saýlap başlabermeli! Ýöne temany biderek ýazgylardan gaýrat edip doldurmalyň! Myhman bolup girýän agzalaram öz pikirini ýazyp biler. Garry agzalaram saýta myhman bolsa gaýrat edip teswirleri bilen öz oýunçysyny saýlasyn. Gaýrat edip bu sahypada diňe 3 (üç) futbolçy hakda öz pikirlerini aýtsynlar. Berdi Şamyrada bermeli hem diýmeli däl, Burak Ýylmaza bermelem diýmeli däl, Ibrogimowiçe hem. Diňe ýokarda agzalan 3 sany giganda ses bermeli. Ýene-de Messi-Ronaldo dawwasyny hem etmäň! Bu altyn pökgi kimi saýlarka!!!???

Köneler, messibet tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir