ÇAGA WE PÄHIMDAR Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanlarda bir pähimdar adam bar eken. Halk tarapyndan sylanýan pähimdar örän paýhasly eken. Güneşli günleriň birinde pähimdar paýtunyna münüp, ýola düşenmiş. Pähimdar oýlanyp gidip barýarka onuň paýtuny birden duranmyş. Pähimdar paýtundan başyny egip seretse, ýoluň ortarasynda bir çaga çerepisa bölejiklerini oýnap oturan eken. Ol çerepisa bölejikleriniň kömegi bilen şäher gurup oturan eken. Birsalymdan oglanjyk paýtuna seredip, öz işini dowam ediberenmiş. Pähimdar oňa ýüzlenip: - Körpe, meniň paýtunyma ýol bermek hyýalyň ýokmy seniň - diýenmiş. Kiçijik oglanjyk pähimdara seredip, şeýle jogap berenmiş: - Jenap, men size päsgel beremog-a. Görýäňizmi, men şäher gurýan. Şäheriň diwarlary paýtuna ýol bermeli däl-de, paýtun şäheriň daşyndan aýlanyp geçmeli ahyryn. Şeýle jogap pähimdary haýran galdyranmyş. Ol paýtundan düşüp, oglanjygyň ýanyna golaýlaşanmyş-da, şeýle diýenmiş: - Meni diňle, körpe. Görýän welin, seniň aklyň ýaşyňa görä däl öýdýän. - O näme üçin? Towşan dünýä inen gününden üç gün soňra ylgabam, bökübem bilýär. Şeýle bolsa, ýedi ýaşda sanaýmalyja zatlary bilmek mümkin dälmi näme - diýip, oglanjyk ara salym salman jogap berenmiş. Pähimdar gülüp: - Onda saňa birnäçe sorag bersem bolarmy? Eger sen meniň soraglaryma jogap berseň, seniň bir zatlar bilýändigiňe azda-kände ynanaryn - diýenmiş. Oglanjyk şol bada: - Men-ä taýýar - diýip, pähimdara ýüzlenenmiş. - Hany, onda, aýt bakaly. Haýsy ot tüssesiz bolýar? Haýsy suwda balyklar ýaşamaýar? Haýsy dagda daş bolmaýar? Haýsy agajyň şahasy ösmeýär? Az salym pikirlenen oglanjyk: - Ýaldyrawuk tomzagyň ody tüsse bermeýär. Çeşme suwunda balyklar ýaşamaýar. Gum depesinde daş bolmaýar. Çüýrän agajyň şahasy ösmeýär - diýip, jogap berenmiş. Pähimdar haýran galyp, onuň jogaplaryny diňlänmiş. Kän wagt geçmänkä oglanjyk pähimdardan soranmyş: - A men size sorag berip bilerinmi? Pähimdar: - Soraber, körpe - diýenmiş. - Ýöne bir şertim bar. Eger siz jogap berip bilmeseňiz, meniň gurup oturan şäherimden aýlanyp geçmeli bolarsyňyz - diýip, ýumruk ýalyjak oglanjyk Pähimdaryň öňünde şert goýanmyş. Pähimdar: - Men taýýar - diýip, gülüp goýberenmiş. - Onda siz aýdyň, asmanda näçe ýyldyz bar - diýip, oglanjyk öz soragyny berenmiş. - Balam, näme üçin bizden şeýle daşda bolan zatlar hakynda sorag berýärsiň? Ýakynrakdaky zatlar hakynda sora, men jogap bereýin - diýip, pähimdar birneme aljyranmyş. - Onda... - diýip, soragyna dowam eden oglanjyk pähimdara şeýleräk sorag berenmiş: - Siz aýdyň, siziň gaşyňyzda näçe sany gyl bar? Çaganyň özünden pähimlidigine göz ýetiren Pähimdar paýtunyna münüp, oglanjygyň gurup oturan şäheriniň daşyndan aýlanyp gidiberenmiş

Köneler, aynash tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir