Ýylgyryş - söýgüdir, mähirdir. Ýylgyrýan kişi söýüp-de bilýändir. Ýylgyryşyňyz söýgi bolup, äleme dolar. Söýüň, söyüň, şonda siz ot-çöpleriň, janly-jandarlaryň diline düşünip, keramata duçar bolarsyňyz! Söýüň, Hydyr gezen çölleriňizi, ýaýlalaryňyzy, sähralaryňyzy söýüň! Söýüň, söýüň, Kowus-Kyýas gezen daglaryňyzy, deňizleriňizi söýüň! Göroglynyň, Togrul begiň agyp-dönüp söweşen ýerlerine baryp, Pyragynyň söýen daglaryny görüp söýüň! Dünýäde beýik gudrat bolan Adamy söýüň! Size gujagyny gerip, şady-horram bolup oturan tebigaty, ýaşyl şowhun bolup hellewleşýän daragtlary söýüň! Adam söýgi basgançagyna münüp, Ýagşyzada bolup biler. (340) Söýşüp, däliräp, jeýhun bolup söýen gyzyna öýlenip bagtyýar bolýan adamlar tüýs durmuşyňam, Allanyňam ýalkan adamlarydyr!(370) Ölüp-öçüp aýalyny söýüp barýan bolmasa-da, aýalyna hormat goýup, aýaly bilen dostana bolup, aýaly bilen sözsüz düşünişip bilýän adamlar zeminiň ýalkan adamlarydyr. Beýle maşgalada agzybirlik, bagt, jebislik, düşünişmek, duýgy höküm sürýändir. Beýle maşgala bagtyýar, ýagny öz-özüni bagtyýar edip bilýän maşgaladyr.

Köneler, bozkurt288 tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir