Gy$ gecip, e$dilýär baharyñ ýañy, ömür kitabynyñ ýakyndyr soñy. Gam çekme, $erap iç, hekim aýtmy$laý. Dünýäñ gamy-awy, $erapdyr emi. Bilip goý, ýowuzdyr oýny pelegiñ, dosty-ýaryñ galbyrynda elegin. Erkiñ barka, daýan özüñ-özüñe, ertir giç, $u pursat algyn alanyñ. Ömür-bir pursatdyr. Hü$gär bol, ynsan! Yapyngyn bir pursat $atlykdan engam. Ömür geçer gider geçir$iñ ýaly, aslynda $eýleräk gurlu$y dünýäñ. Eý, akmak, bir oýlan, puçdur bu älem, perzendisiñ ahyry puç $emalyñ. Hak ýaratmy$ seni go$a puçlukdan, dumly-du$uñ puçluk, añmar sen hälem! Wah, ýetmedi köpler göwün ho$una, tor gurdy $um ajal olañ da$yna. O dünýäden gelip. Habar berýän ýok, gidenleriñ ne gün dü$di ba$yna?
Omar hayyam
- 
                Auditor
                14 years ago
                
- Hehehe ozikjan yazyk dura omar hayyam diyip oynun kanay. Malatdis annashka guwja goshgy
- 
                ozik
                14 years ago
                
- aram aram degishmelem bora auditor 
  
 
 
- 
                ozik
                14 years ago
                
- aram aram degishmelem bora auditor
  
 
 
- 
                p0e0r0i0j0i0k
                14 years ago
                
- cyndanam gowuja go$gy manylyja
- 
                zagajkis
                14 years ago
                
- omar hayyamowic hayyamowyn doredijiligi barada kitap zat biyan yokmy?
- 
                Annashka
                14 years ago
                
- Mende kitaby bar kicijik jübi kitaby "RUBAGYLAR"
- 
                Annashka
                14 years ago
                
- Az owlak 6onda doredijiligem bar
- 
                DG
                14 years ago
                
- annashka aram-aram so rubagylardanam yazyp dur.
- 
                nejepturkmen
                14 years ago
                
- sagja bol!chadyrcha hormatym uly!
- 
                Adgjmptw
                14 years ago
                
 
- 
                Adgjmptw
                14 years ago
                
- Birazajyk alkaş bolupdyr diýmeseñ, sypat-a erbedem däl ýaly.
- 
                nejepturkmen
                14 years ago
                
- dost .ol alkasham bolan däldirle gatybir...?menä ony uly alym hökmünde tanayan!
- 
                nejepturkmen
                14 years ago
                
-   asmanda aý,zöhre shugla salyaka,
 Sherap ichmän neneñ,oñup bolyaka?!
 Mey satyan ynsana,özümä hayran...
 ...pula,meyden govy,näme alyaka.
- 
                Adgjmptw
                14 years ago
                
- Geliñ, meýhanada durup geçeliñ,
 Şatlykda bir käse urup
 geçeliñ,
 Kurhany, selläni meýe
 çalşyp,
 Meçjide omzumyz urup geçeliñ.
 
 Meý içen wagtyñda aklyñ ýitirme,
 Huwşuñy ýitirip, samrap oturma,
 Isleseñ şerabyñ halal
 bolmagyn,
 Däliräp, ynsana azar
 ýetirme.
 
 Menden Muhammede
 ýetiriñ salam,
 Hormat bilen soñra aýdyñ bir kelem!
 –Turşy çaly halal edip
 şerygat,
 niçün gyzyl meýi edipdir haram?
 
 Meniñ tarapymdan
 Haýýama salam,
 Soñra aýdyñ:“ham ekeniñ eý, Haýýam,
 Men haçan aýtdym meý haram diýp?
 Akylla halaldyr, akmaga haram”.
 
 Añ-bilim ugrunda söý
 akyl-huşy,
 Söýme, bet kişini, ger
 tapsañ ýagşy,
 Yýl-halka özüñi söýdürjek bolsañ,
 Hoşgylyk bol, bolma
 ulumsy kişi.
 
 Dünýäñ eşreti meý bilen sazdyr,
 Ýene bir ýagşy zat oñat owazdyr,
 Her näçe seretseñ dünýäñ işine,
 Ýamanlyk bir gyşdyr,
 ýagşylyk ýazdyr.
 
 Her kim iki günde ýetse bir nana,
 Döwük gapdan suw
 tapdyrsa ynsana,
 Niçün hyzmat eder özi dek kişä,
 Ýa niçün gul bolar her bir nadana.
 
 Hiç haçan şeraby gözden salmaryn,
 Ýaryşkyndan özge zady bilmerin,
 “Alla saña ynsap bersin diýýärler,
 berse beribersin, hergiz almaryn.
 
 Gördüm meýhanada bir piýan piri,
 Soradym:“gidenler
 bolarmy diýri?”
 Diýdi: “meý iç, ençe biziñ ýalylar,
 Gidendirler, emma
 gelmedi biri.
 
 Säher meýhanadan çykdy bir seda,
 Meýhanyñ mesi, eý däli-şeýda,
 Tur, ömür käsämiz
 dolamazdan owal,
 Piýalany meýden dolduran peýda.
 
 “Meý içýäñ” diýp, mese berme gyjalat,
 hiýle torun gurma,
 aldawuñ bes et,
 sen gabarma“men
 içmeýän” diýp,
 ýüz dürli iş edýäñ
 meýden-de erbet.
- 
                magnit
                14 years ago
                
- aý sagbola!!! Molodcik oglanlar ýazyp duruñ käwagt "meý" hakyndada :-) :-) 
 Ýöne Omar akgañ biografiyasy ýokmydy???
- 
                nejepturkmen
                14 years ago
                
- magnit dost.bardyr biografy.men bilyädim veli shumat seneler yadyma dushenok.uzak gijeki ukusyzlykdan soñ...
ozik 14 years ago- hemmelere salam!  bu goshgyny özung duzdunmi? 
 
  
Gowy goshgy eken.