Klasymyzyñ oglanlary bolup toýa-zada gidemizde hökman meni gepletýäler. (ýitirere abraý bolmansoñ!) menem nätjek?! Elimden gelenini etýän! Ýene bir gezek toýa gitdik üý$üp. Bu toý has üýtge$ik! Sebäbi, bu toý klas ýolba$çymyzyñ toýy! Iýdik-içdik, tans etdik... Toý gutlamaga mikrofona çagyrdylar. Men, mugallymymyzyñ gelnejesi, ýene-de bir gyz çykdy. Olar arkaýyn geplediler. "söýgüliñe wepaly bol! Çagajyklaryña guwan!" diýen ýaly sözlerem arkaýyn aýtdylar. Menem pikirlenip durun. Soñam gutladym. "ýaryñyza wepaly boluñ! Bagtly boluñ!" diýdim-de, soñam py$yrdap: "bize-de hudaý ýetirsin!" diýipdirin. Munam gapdalymda duran gyz e$idipdir. Bu waka heniz-henizlerem klasda$lar bolup üý$emizde ýatlanylýar. Bu temany ýörite toý gutlaglary üçin açdym. Toý bolsa, tüweleme, her adamyñ ba$ynda bar. Käwagt gutlag hakda diñe gutlamaly wagty oýlanýas. Has gysga hemem manyly sözler tapmaga synany$ýas. Töweregimizdäki adamlardan soraýan wagtlarymyz bolýar. Belki, meñ bilmeýänlerimi ýene biri bilýändir. Ýa-da her kimiñ arzuwy, islegi ba$gadyr. Käbiri bolsa, gutlamanka 50 gram urup, onsoñ çykýa. (hamala, ýüzi açylýamy$yn!) mümkin, beýleki welaýatlarda üýtge$ik bolýandyr. Gepiñ gysgasy, bilýänje toý gutlaglaryñyzy $u ýerik ýazsañyz, peýdaly bolarmyka diýýän hemmämize!

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir