Salam hormatly agzalar we myhmanlar! Düýn diamond agzamyzam "uklap bilmeyan bolsanyz" diyen tema açdy, menem bu temada käbir maglumatlar bilen paýlaşmakçy! Üstünlige eltýän ýollaryň geçilme­ gi üçin esasy şertleriň biri, wagt­ ly-wagtynda uklamakdyr, dynç almakdyr. “Kadaly uky üçin nähili uklamaly, näçe wagt uklamaly?” diýen ýaly soraglara jogap tap­mak zerurdyr. Şeýle uky üçin be­rilýän käbir maslahatlar: - Uky sagatlaryny üýtgetmän, günde 6-7 sagat uklamaly; - Säher bilen turmak we günorta­ na çenli uklamazlyk gerek; - Günortan sagat 13–15 araly­ gynda ýarym sagat dynç almak peýdalydyr; - Dok wagtyň uklamazlyk, başga­ ça aýdanymyzda, nahary uku­ dan 2,5-3 sagat öň iýmek; - Birahat edip biljek sesli, ýakym­ syz ysly, aşa ýumşak ýa-da bü­dür-südür ýerde ýatmazlyk ze­rur. "Pygamberimiz (s.a.w.) hem günortan ukysynyň ynsana örän peydalydygyny 14 asyr mundan öñ aýdypdyr". Ukynyñ dowamlylygy adamlaryñ arasynda dürli-dürli bolup, 4-11 sagat aralygynda üytgeýär. Bu dowamlylygy genetiki aýratynlyklar kesgitleýär. Beýniniñ bir işi bolan uky her bir ynsan üçin zerurdyr.

Köneler, Maykl tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir