Saudiýada altyn,3608 sany gara we ak almazdan işlenen örtük görkezildi. Bu hakda «ArabNews» habar berdi.

Mälim bolşuna görä, koronawirusdan goranmak üçin döredilen bu örtük häzirki wagtda dünýädäki iň gymmat örtük hasaplanyp, ýurtdaky «Riyadh Season» zergärlik salonunda saklanýar. Harydar zregärlik salonyna örtük üçin 1.5 million dollar töläpdir.

«Men dünýädäki iň gymmat kowid örtügini döredenligime buýsanýaryn. Muny Los-Anželesdaky iň gowy müşderilerimden biri sargyt etdi», — diýýär örtügi döreden zergär Isaak Levi.

Aýtmaklarna görä, örtük 3 bölekden durýar. Öň tarapy 280 gram agyrlykdaky dür (жемчуг) bilen gaplanan,içine «N99» örtügi birikdirilen. Üçünji gatlak bolsa bir gezeklik filtrden ybarat bolup, ABŞnyň derman önümleriniň hil barlagy sanitariýa gözegçiligi tarapyndan peýdalanmak üçin tassyklanan.

Habar berilmegine görä, örtügiň eýesi önümi sargyt edende üç şert goýan. Oňa görä,bu dünýädäki iň gymmat örtük bolmagy,31 dekabra çenli taýýarlap berilmegi we özi anonim bolup galmagy aýdylan.

Täzelikler, Гость tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir