Ispaniýadaky XVI asyryň köşgüni bäş ýyldyzly myhmanhana öwürdiler

Ispaniýanyň Penýaranda-de-Duero şäherindäki XVI asyra degişli Palacio de Avellaneda köşgi üç ýyla çeken abatlaýyş işlerinden soň bäş ýyldyzly myhmanhana öwrüldi.

Castilla Termal myhmanhanalar ulgamyna giren desga özüniň taryhy binagärlik keşbini saklap galdy. Onda 80 otag, döwrebap şertler we termal (ýyly suwly) bejergi proseduralary...

Dowamy »

77 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

BMW we Kith brendi bilelikde eşik toplumyny çykardy

BMW kompaniýasy Kith egin-eşik brendi bilen hyzmatdaşlygyny täzeden dikeldýär. Brendler bilelikde Chapter IV (Dördünji bap) atly täze geýim we öý harytlary toplumyny hödürlärler. Bu barada Hypebeast neşiri habar berýär.

Täze toplum meşhur aerikan köçe geýim (streetwear) brendiniň döredilenine 15 ýyl dolmagyna bagyşlanýar.

Dowamy »

69 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Erendellde uly toý: Disney janköýerlerine goşa sowgat etdi

Disney kompaniýasy D23 tanyşdyrylyş çäresiniň çäginde janköýerlerini iki täzelik bilen begendirdi. Studiýa «Haýwanlar şäheri 3» (Zootopia 3) multfilmini resmi taýdan anons etdi, şeýle hem «Doňan ýürek» multfilminiň üçünji bölüminiň ilkinji promo-suratlaryny hem-de kadrlaryny hödürledi.

«Haýwanlar şäheri 3» multfilminiň sýužeti barada...

Dowamy »

78 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Aşgabat ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumyny kabul eder

Bäşinji ITTC 2026 halkara logistika forumy we sergisi 24-26-njy noýabr aralygynda Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Duşuşygyň esasy temasy halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini, logistikany we ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek bolar.

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: baglanyşyk we ösüş» diýlip atla...

Dowamy »

84 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Iň uly elektrik uçarynyň ýarym sagatlyk uçuş üçin çykdajysy 5 dollara-da ýetmedi

Şwesiýanyň Heart Aerospace kompaniýasy diňe elektrik energiýasy bilen işleýän X1 uçaryny ilkinji gezek asmana göterdi. Synag uçuşy 27 minut dowam etdi, muňa sarp edilen elektrik energiýasynyň çykdajysy 5 dollara-da ýetmedi, diýip, Engadget neşiri habar berýär.

Uçary döreden inženerleriň ýaňzytmagyna görä, X1 dünýädäki iň uly elektrik...

Dowamy »

108 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkiýäniň ilçisi Ahmet Demirok Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlady

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirokuň diplomatik missiýasyny tamamlamagy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi.

Çäre Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň, ýurtda akkreditirlenen diplomatik korpuslaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, şeýl...

Dowamy »

84 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Aşgabat energetika orta hünär mekdebi 20 hünär boýunça okuwa kabul edişlik yglan etdi

Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi möhleti iki aýdan bir ýarym ýyla çenli bolan okuw maksatnamalaryny hödürleýär.

Isleg bildirýänler täze hünäri çalt özleşdirmek hem-de has çuňňur hünär başarnyklaryny almak üçin ugurlary saýlap biler.

Gysga möhletli hünärler

Gysga wagtyň dowamynda möhüm başarnykl...

Dowamy »

102 0
Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Apple kompaniýasy iPhone X smartfonyny könelenleriň hataryna goşdy

Apple kompaniýasy çykan gününden tas dokuz ýyl geçenden soň, ýubileý iPhone X smartfonyny möhleti geçen önümleriň kategoriýasyna goşdy. Şol sanawa 2018-nji ýylyň 15 dýuýmlyk MacBook Pro noutbugy hem girdi.

Könelenleriň sanawyna girizilenden soň ussahanalar öndürijiden enjamyň ätiýaçlyk şaýlaryny sargyt edip bilmeýär. Adatça, kompaniý...

Dowamy »

88 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Boeing uçar heläkçiliginde pida bolanyň maşgalasyna $29 mln tölemeli edildi

Boeing kompaniýasy 2019-njy ýylda Efiopiýada 737 Max uçarynyň heläkçiliginde pida bolan Maýkl Raýanyň maşgalasyna 29 million dollar tölemäge borçly edildi. Şeýle karary Çikagonyň oturdaşlar kazyýeti çykardy diýip, AFP agentligi habar berýär.

Irlandiýaly Maýkl Raýan BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasynda inžener bolup işläpdir. Arza...

Dowamy »

80 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Netflix täze multfilmi üçin ýyldyzlary ýygnaýar

«Çarli Şokolad fabrikasyna garşy» atly animasiýa filmi 2027-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Netflix platformasynda çykarylar. Şol ýylyň 5-nji noýabrynda multfilmi kinoteatrlarda hem görkezip başlarlar.

Roald Dalyň meşhur ertekisi indi düýbünden täze hem-de döwrebap sýužet bilen gaýtadan janlanýar.

Sony we Netflix tarapynda...

Dowamy »

75 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Arkadag şäherinde toý sadakasy berildi

14-nji awgustda Arkadag şäherinde gurulýan täze metjidiň «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylyp, hasaba alnandygy baradaky şahadatnamanyň gowşurylmagy mynasybetli toý sadakasy berildi. Bu barada TDH habar berýär.

Metjide bu ady bermek baradaky çözgüt raýatlaryň teklipleri esasynda kabul edildi we Adalat ministrligi tarapyndan r...

Dowamy »

77 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Hytaý krossoweri 130 km/sag tizlikde Şumaheriň meşhur tilsimini gaýtalady

Dongfeng-iň premium subbrendi bolan Voyah kompaniýasy Passion S elektrik krossoweriniň mümkinçiliklerini görkezdi. Täze awtomobil Uhandaky synag meýdançasynyň tunelinde doly 360 gradus aýlawly halka tilsimini ýerine ýetirdi.

Bu tilsim 16 ýyl ozal Mihael Şumaheriň Mercedes-Benz SLS AMG-de ýerine ýetiren meşhur mahabat wideosyna salgyl...

Dowamy »

74 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Italiýanyň polisiýasy ogurlanan 10 million dollarlyk sungat eserlerini tapdy

Italiýanyň polisiýasy Parma şäheriniň golaýyndaky «Manýani-Rokka» gaznasynyň willasyndan mart aýynda ogurlanan üç sany sungat eserini yzyna gaýtardy. Renuaryň, Sezannyň we Matissiň çeken suratlarynyň umumy bahasy 8,9 million ýewrodan (10,4 million dollardan) geçýär diýip, Euronews habar berýär.

​Parma şäheriniň polisiýa başlygy Andre...

Dowamy »

68 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Serdar Berdimuhamedow Günorta Koreýany Azat ediş güni bilen gutlady

15-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýona milli baýram — Azat ediş güni mynasybetli çyn ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

Döwlet Baştutany ýurtlaryň arasyndaky dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýokar...

Dowamy »

71 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ýolbaşçylaryny milli baýram bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa, premýer-ministri Narendra Modä hem-de ýurduň ähli halkyna Hindistan Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýol...

Dowamy »

83 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

«Eurovision 2027» bäsleşigi Burgasda geçer

Eurovision aýdym-saz bäsleşigi 2027-nji ýylda Bolgariýanyň Burgas şäherinde geçiriler. Bu barada Ýewropa teleradioýaýlymlar birleşigi (EBU) hem-de Bolgariýanyň Milli teleradioýaýlymy mälim etdi.

Ýarym finallar 11-nji we 13-nji maýda, final tapgyry bolsa 15-nji maýda «Arena Burgas» sport-dynç alyş toplumynyň çäginde guralar.

Dowamy »

69 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Islam Mahaçew vs. Ien Gerri: UFC 330 ýaryşynyň kardy we başlanýan wagty

16-njy awgustda ir bilen Filadelfiýada (ABŞ) garyşyk başa-baş söweş boýunça UFC 330 ýaryşy geçiriler. Onuň esasy wakasy ýarym orta agram (77 kg çenli) derejesindäki köpden bäri garaşylýan söweş bolar: russiýaly Islam Mahaçew irlandiýaly Ien Gerrä garşy uruşda çempionlyk guşagyny gorar.

Ýaryşy göni ýaýlymda «Матч ТВ» we «Матч Боец» te...

Dowamy »

90 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

20 ýyla çeken gözegçilik çaganyň geljegine çagalar bagynyň nähili täsir edýändigini görkezdi

Florida Halkara uniwersitetiniň we Jorj Meýson uniwersitetiniň alymlary Maýami-Deýd etrabynda tas 400 müň okuwçynyň ýetişigini 20 ýylyň dowamynda gözegçilikde saklady. Ahyrsoňy olaryň gelen netijesi şeýle: mekdepden öňki alýan biliminiň hili çaganyň soňraky tutuş okuw ýyllarynyň dowamynda näderejede gowy okajagyny kesgitleýär.

Barlag...

Dowamy »

69 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Alp daglarynyň astynda ägirt seýf gurulýar: içinde altynam, awtomobilem saklasa bolýar

Şweýsariýanyň Brünig daglygynda iňňän baý adamlara niýetlenen dagasty ammar gurulýar. Ol ýerde müşderiler iň gymmatly zatlaryny, şol sanda altyn-kümüşini, sungat eserlerini, gymmat bahaly çakyrlaryny, hatda del awtomobil kolleksiýalaryny-da saklap bilerler.

Taslama Brünig Mega Safe diýlip at berildi. Ol Lýusern şäherinden 40 kilometr...

Dowamy »

82 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Bir günde iki rekord: italiýaly türgen öz-özüni ozup geçdi

Parižde geçirilýän sportuň suw görnüşleri boýunça Ýewropa çempionatynda 19 ýaşly italiýaly Sara Kýortis arkanlygyna 50 metre ýüzmekde bir gije-gündiziň dowamynda iki gezek dünýä rekordyny täzeledi.

Ilki bilen ýarym final ýüzüşinde Kýortis aralygy 26,63 sekuntda geçip, awstraliýaly Keýli Makkiounyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda goýan...

Dowamy »

89 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago