Maýkl Jordanyň goly goýlan kartoçka 2,5 mln dollara satyldy

Basketbolçy Maýkl Jordanyň awtografy bolan “Fleer Michael Jordan rookie card” toplumyndan kolleksiýa kartoçkasy Joopiter auksionynda 2,5 mln dollara satyldy. Bu barada ESPN habar berýär.
Bu Maýkl Jordanyň üçünji iň gymmat kartoçkasy boldy. Rekord geçen ýylyň tomsunda Upper Deck Ultimate Collection toplumyndan 2,92 mln dollara satylan kartoçk...

Dowamy »

126 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Jeep Compass 2026 markanyň Ýewropadaky iň aerodinamik wnedorožnigine öwrüldi

Jeep markanyň Ýewropa bazary üçin iň aerodinamik wnedorožnigine öwrülen täzelenen Compass 2026-ny hödürledi. Täze krossoweriň aerodinamik garşylygynyň koeffisiýenti 0,29 bolup, bu öňki nesilden 10% gowudyr.
Kämilleşdirilen aerodinamika tehniki çözgütleriň toplumy arkaly gazanyldy: Stellantis STLA Medium platformasynyň tekiz aşagy, radiator g...

Dowamy »

120 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Volkswagen, BMW we Mercedes sürüjisiz awtoulaglar üçin umumy programma üpjünçiligini döreder

Volkswagen, BMW, Mercedes-Benz we başga-da Germaniýanyň sekiz kompaniýasy, şol sanda Bosch we ZF awtoulaglar üçin umumy programma üpjünçiligini döretmek boýunça özara düşünişmek baradaky ähtnama gol çekişdiler.
«S-CORE» diýlip atlandyrylýan taslama elektromobiller, sürüjisiz hem-de birikdirilen ulag serişdeleri üçin modul görnüşli we howpsuz...

Dowamy »

113 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Donald Tramp "Victory 45-47" ady bilen öz atyryny çykardy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Victory 45-47 ady bilen öz atyr hatarynyň satuwa çykarylandygyny habar berdi.
Atyrlar onuň 2016-njy we 2024-nji ýyllarda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňişleriniň şanyna döredildi (Tramp Ak tamyň hasap boýunça 45-nji we 47-nji ýolbaşçysy boldy).
“Trump atyrlary eýýäm satuwda. Olar Victory 4...

Dowamy »

85 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Britaniýanyň patyşa maşgalasy ýokary çykdajylar sebäpli öz otlusyny ulanmagyny bes eder

Britaniýanyň patyşa maşgalasy 2027-nji ýyla çenli dokuz wagondan ybarat patyşalyk otlusyndan ýüz öwürmegi meýilleşdirýär diýip, Sky News habar berýär.
Munuň sebäbi tehniki hyzmat üçin şertnamanyň möhletiniň tamamlanmagy we otlyny saklamak üçin çykdajylaryň ýokary bolmagy boldy. Patyşa otaglarynyň sakçysy Jeýms Çalmers bu çözgüdi serişdeleriň...

Dowamy »

86 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

BSGG ýalňyzlygy saglyk we jemgyýet üçin global howp diýip ykrar etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sosial aragatnaşyk boýunça komissiýasy ýalňyzlygyň we sosial üzňeligiň ýaýrawy barada hasabat hödürledi. Hünärmenleriň hasaby boýunça, her altynjy adam diýen ýaly ýiti ýalňyzlyk duýgusyny başdan geçirýär, bu gönüden-göni saglygyň ýaramazlaşmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu barada BSGG-niň metbugat-relizinde aýdyl...

Dowamy »

82 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Belgiýada 10 500 ýyl mundan ozal ýaşan aýalyň ýüz keşbi gaýtadan dikeldildi

Gent uniwersitetiniň alymlary hudožnikler bilen bilelikde häzirki Belgiýanyň çäginde, takmynan, 10 500 ýyl mundan ozal – mezolit eýýamynda ýaşan aýalyň ýüz keşbini gaýtadan dikeltdi. Onuň galyndylary 35 ýyldan gowrak wagt ozal Dinantyň golaýyndaky Margo gowagynda tapyldy.
Taslama arheologiýa, bioantropologiýa, genetika we wizual dikeldiş boý...

Dowamy »

81 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Lotereýadaky tehniki näsazlyk sebäpli müňlerçe norwegiýaly “millioner” boldy

Eurojackpot ulgamyndaky tehniki näsazlyk sebäpli Norwegiýanyň onlarça müň ýaşaýjysy millioner bolandyryn öýdüp, emosional tolgunmany başdan geçirdi. Olar Norsk Tipping programmasynda hakyky utuşdan birnäçe müň esse ýokary bolan utuşy gördi.
Munuň sebäbi hem walýuta hasabyndaky ýalňyşlyk boldy: ulgam ýewrony krona öwürmegiň deregine, mukdary...

Dowamy »

80 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Toyota kompaniýasy Prius modeliniň ýörite görnüşini çykardy

Toyota kompaniýasy Night Shade (“Gijeki kölege”) ady bilen Prius gibridiniň ýörite görnüşini çykardy. Awtomobil bamperlerinde gara goşundylara, gara gapy tutarlaryna, alýumin disklere we garaldylan nyşanlara eýe boldy.
Bagaž ýeriniň gapysynda Ýeriň kosmosdan düşürilen suraty bilen ýörite PHEV nyşanjygy ýerleşdirildi.
Salonda mehaniki...

Dowamy »

112 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

ABŞ-da “tirannozawrlaryň” ýyllyk ýaryşy geçirildi

Waşington amerikan ştatynda tirannozawrlaryň ýel berilýän eşiklerini geýen adamlaryň arasynda ylgaw boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Bu barada CBS News habar berýär.
Çäre Emerald Downs aýlawynda geçirildi. Oňa 300-den gowrak adam gatnaşdy. Ylgaw erkekleriň, zenanlaryň we çagalaryň arasynda aýratyn geçirildi. Dissiplinalaryň biri aýlawa pa...

Dowamy »

73 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Windows ulanyjylarynyň sany üç ýylda 400 million azaldy

Microsoft korporasiýasy golaýda Windows ulgamynyň 1 milliarddan gowrak işjeň enjamda işleýändigini habar berdi diýip, «Forbes» ýazýar.
Emma kompaniýanyň 2022-nji ýyl boýunça ýyllyk hasabatyna görä, bu görkeziji öň 1,4 milliarddan geçýärdi. Ýagny, operasion ulgam üç ýylyň dowamynda, takmynan, 400 million ulanyjyny ýitiripdir. Bu ýagdaý Micros...

Dowamy »

104 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Xiaomi-niň HyperOS 3 operasion ulgamy Apple-yň Liquid Glass stilinde çykarylar

Xiaomi özüniň operasion ulgamynyň uly täzelenmesini – HyperOS 3-i taýýarlaýar. Täzelenmäniň Xiaomi 16 smartfonlar hatary bilen bilelikde 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda hödürlenmegine garaşylýar.
Weibo platformasyndaky Digital Chat Station atly insaýder tarapyndan paýlaşylan maglumatlara görä, HyperOS 3-üň esasy aýratynlyklaryndan biri Liquid...

Dowamy »

96 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Bilermenler smartfonlar üçin iň gowy emeli aňy deňeşdirip saýladylar

Mrwhosetheboss YouTube kanaly smartfonlar üçin meşhur emeli aň çat-botlaryny deňeşdirdi: ChatGPT, Google Gemini (2.5 Pro), Perplexity Pro we Grok 3. Synagyň maksady dürli ýagdaýlarda haýsysynyň has täsirli işleýändigini anyklamakdy.
Meseleler çözülende Google Gemini Pro we ChatGPT-niň hersi 1 bal aldy, Grok 3 bolsa 2 bal toplady. Şuňa meňzeş...

Dowamy »

102 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Sukerberg Meta-da “super aňy” işläp düzmek üçin täze bölümçe döretdi

Meta-nyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg indiki nesliň emeli aňyny ösdürmek bilen meşgullanjak täze bölümçäniň – Meta Superintelligence Labs-yň (MSL) döredilendigini habar berdi. Bu bölümçä Scale AI-iň öňki ýolbaşçysy Aleksandr Wan we GitHub-yň öňki ýolbaşçysy Net Fridman ýolbaşçylyk eder. Bu barada Sukerbergiň içerki resminamasynda aýdylýar. Resminama b...

Dowamy »

97 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Dubaýa aerotaksi hyzmatyny ýola goýmak üçin ilkinji köpçülikleýin Joby elektrik uçary gowşuryldy

Joby Aviation kompaniýasy Dubaýa özüniň ilkinji köpçülikleýin dik uçuş we gonuş elektrik uçaryny (eVTOL) iberdi. Aerotaksiniň täjirçilik hyzmaty 2026-njy ýylyň başyna meýilleşdirilýär. Häzir kompaniýa birnäçe uçuş synaglaryny tamamlap, logistikany işlemäge girişdi. Ýakyn wagtda geljekki ugurlar boýunça görkeziş uçuşlary meýilleşdirilýär.
Dub...

Dowamy »

100 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Türkmenistan we Russiýa awtoulaglarda ýük daşamak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürerler

23 — 25-nji iýun aralygynda Aşgabat şäherinde Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň wekilleri bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň awtomobil gatnawlaryny amala aşyrýan düzümleri hem gatnaşdy. Gepleşiklerde halkara awtoulag gatn...

Dowamy »

80 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Şwesiýanyň kazyýeti MTS bilen jedelde, Türkmenistanyň peýdasyna karar çykardy

Şwesiýanyň Swea Apellýasiýa kazyýeti MTS kompaniýasynyň ähli talaplaryny ret edip, Türkmenistanyň peýdasyna karar çykardy. Şeýle hem kazyýet MTS-i Türkmenistanyň bu iş boýunça kazyýet çykdajylaryny ödemäge borçly etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistan halkara giňişliginde öz işj...

Dowamy »

94 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Raşid Meredow Burkina Fasonyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Burkina-Fasonyň Daşary işler, sebit hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlardaky burkinalylaryň işleri boýunça ministri jenap Karamoko Žan-Mari Traoreniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahat...

Dowamy »

95 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2025» innowasion taslamalar bäsleşigine arzalar kabul edilip başlandy

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi Türkmenistanda sanly tehnologiýalary ösdürmäge gönükdirilen “Sanly çözgüt-2025” innowasion taslamalar bäsleşigini açyk diýip yglan etdi. Bäsleşige gatnaşmak üçin hasaba alnyşyk 1-nji iýulda “Türkmentelekom” EAK-nyň telecom.tm saýtynda açyldy.
Bäsleşik:
emeli aň;
robototehnika we awtomatizasiýa;

Dowamy »

88 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Türkmenistanly ýaş alymlar Malaýziýada halkara innowasiýa bäsleşiginde altyn medal gazandylar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýaş alymlary Malaýziýada geçirilen “Borneo Halkara innowasiýa we döredijilikli pikir bäsleşigine” (BIICC 2025) gatnaşyp, ýokary sylaglara mynasyp boldular.
Bäsleşik 2025-nji ýylyň 26-30-njy iýun aralygynda Sarawak ştatynyň Kuçiň şäherinde geçirildi.
Bäsleşik jemgy...

Dowamy »

87 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago