Samsunggalaxy x smartfon üçin ýasalan maýyşgak ekran.
samsung kompaniýasy maýyň aýagyna, san—fransiskoda öz işine başlan we 26-njy maýa çenli dowam etjek sid displayweek sergisinde samsunggalaxy x smartfony üçin ýasalan maýyşgak ekrany görkezmegi ahmal. öň inasaýderleriň habar bermegine görä, bu rewoliýusion hasap edilýän elektron enjamy çykarmak 2017-nji ýylda göz öňüne tutulýan eken.
adaty...
Mark tarlowskiý. “ikilik”. hekaýa.
-lipow, ýeriňden tur.
ör gökden gelen borka partaň gapyrjagyny galdyryp, gündeligini eline almak üçin portfeline elini uzatdy. ol mugallymyň soragyndan halas bolup bolmajagyny bilýärdi. sapagyň tamamlanmagyna entäk eslije wagt bar bolmaly. ýöne şeýle-de bolsa portfelini dördi,güýmendi. ahyryn gündeligini eline alyp ýerinden turdy. bir salym...
Ummanyň düýbinden tapylan iň geň tapyndylar.
1900-nji ýylda ummanyň düýbinden galdyrylan antiker mehanizmi, 20-nji asyryň iň wajyp tapyndylarynyň biri hasap edilýär. alymlaryň pikirine, bu artefakt, greklere matematikany we astranomiýany özleşdirmäge kömek eden, dünýäde ilkinji analog kompýuteri bolmaly.
gadymy şäher.
gadymy geraklion şäheri birnaçe müň ýyl ummanyň ast...
Hyýar.(çagalar üçin hekaýa) n. nosow
bir gezek pawlik kotkany ýany bilen derýa balyk tutmana alyp gitdi. ýöne ol gün olaryň eli gelmedi: balyk asla çeňňege gelmedi. oňa derek, haçan-da öýlerine gelýärkäler, olar kolhozyň bakjasyna girip, jübülerini hyýardan doldurdylar. kolhoz garawuly olary görüp, jürlewügini çaldy. jürlewügiň sesini eşiden dessine, ikisi-de ol ýerden ýazzyny berdil...
Salam
talyplar, salam!))
Gatyrak gygyryň. çagalar üçin hekaýa. mark tarlowskiý
-a-a-alik!..
baharyň mährem howasy säher bilen özüne maýyl edýärdi, otagyň içine günüň şöhleleri öz ýylylygyny düşeýärdi. ýöne aligiň keýpi ýok, ol krowatyň arkasyna duwlanyp, diwara ýakyn bir zatlara dümtünüp otyrdy. birden-kä howludan çykan çagalaň agzybir sesi onuň ünsüni böldi:
-a-alik!..
alik boýnuny sallap, tukat halda,...
Gülki – dünýäniň bezegi
Iki adamyň gürrüňinden:
—Bir adamyň aýaly ýaltarak eken. Çörek bişireninde, hamyryny bir gyzy alyp gitmeli, bişende, ýene biri alyp gaýtmaly.
—Şükür etsin!
—Nämesine şükür etmeli?
—«Özümem arabaly äkidip getiriň» diýäýse nätjek...
* * *
Iki dost duşuşýar. Biri beýlekisine ýüzlenýär:
—...
DEGIŞMELER DÜNÝÄSI
Elkyssa Ependi...
Batyrlyk
Dostlar üýşüp çaýhanada otyrkalar, batyrlyk barada gürrüň edilipdir. Bir ýigit:
—Meniň yzymdan adamçy öküz kowalady, şonda-da gorkmadym. Dagyň içinde maňa bars topuldy, şonda-da gorkmadym. Meni ýyldyrym urdy, şonda-da men gorkmadym. Dünýäde iň batyr adam mendirin—diýipdir.
Ependi elindä...
ýeňilişiň sebäpleri. çagalar üçin hekaýa. mark tarlowskiý
taryh sapagynda mugallym şeýle bir täsirli düşündürýärdi, hamala onuň ömri biziň eýýamymyzdan öňki döwürde geçipdirde, häzir ol öz ýaşlygyny ýatlaýardy. “şikara çykanlar üçin mamontlara duşmak örän howuply bolupdyr... soňpa hemmesi özgeripdir... demirgazykdan buzluk aralaşypdyr... aýazlyk gelipdir... haýwanlaryň derisinden ýapynja edinmeli bolupdy...
BILDIRIŞ. BILDIRIŞ. BILDIRIŞ. BILDIRIŞ. BILDIRIŞ.
Gözel paýtagtymyzda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk hökmünde geçiriljek Synag ýaryşlarynyñ ilkinjisi 2016-njy ýylyñ maý aýynyñ 26-30 aralygynda geçiriler. Sportuñ Sambo görnüşi boýunça ulularyñ, ýaşlaryñ we ýetginjekleriñ arasynda geçiriljek Aziýa çempionaty Paýtagtymyz Aşgabat şâherindâki Olimpi...
Hemmanizi Turkmenistanyn Konstitusiyasynyn we Magtymguly Pyragynyn shygryyet guni bilen gutlayarys !
"Magtymguly, sözlär tili Türkmeniň"
Magtymguly Pyragy.
Türkmeniň
Asmany asuda, çeşmesi dury,
Alnyndan akyp dur rehnetiň nury.
Ýaýlasy sonarly, örüde süri,
Gapysy bakjaly-bagly Türkmeniň.
Bilbil owazy bar aýdym-sazynda,
Söýgi bar, rakyp bar ogul-gyzynda.
Hödür bar-kerem b...
MAGTYMGULY SÖZLÂR TILI TÜRKMENIÑ.
Ter güllere beslenip lowurdap gelen maý aýy toý baýramlara baý aý bolup her bir adamyñ kalbyny heýjana getirýâr. Toýly günlerde döwlet derejesinde geçirilýân baýramçylyklara ser salanymyzda muña aýdyñ göz ýetirýâris. Şeýle baýramçylyklaryñ biri hem Türkmenistanyñ Konstitusiýasynyñ we Magtymguly Pyragynyñ Şygryýet baýramy döwlet derejesinde diýarymy...
Adam Hukuklary we azatlyklary baradaky alada
Döwletimizde häzirki wagtda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň degişli edaralaryny we jemgyýetçilik guramalarynyň işini kämilleşdirmekden, şeýle hem ýurduň kanunçylygyna we hukuk ulanyjylyk tejribesine halkara gumanitar hukugynyň kadalaryny ornaşdyrmak ýaly işler yzygider durumuşa geçirilýär..
Türkme...
Salam talyplar
salamchik!))
Gökdepe şehitleri
✏Weli Kömek ogly
Ýat edeliň Gökdepäniň galasyn,
Jan berip, jan alan jan ýatyr munda.
Döş gerip garşylap ors belasyn,
Ýany ýansyz ýatan ýan ýatyr munda.
Gugaryp galypdyr, ätläp ýüz ýylyn,
Syry açylmady lal oldy dilim.
Başyň göter, hany däli perheniň,
Dessurly dergähli kän ýatyr...
Köýtendag–türkmen tebigatynyň ajaýyp künjegi
Güneşli Türkmenistanyň ajaýyp tebigaty bar: dag ýerinde Köpetdag, Köýtendag, Uly Balkan, Kiçi Balkan ýaly belent-belent daglary seleňläp görünýär, derýa ýerinde Amyderýa, Murgap, Tejen, Sumbar, Etrek ýaly bol suwly derýalary tolkunup akýar, deňiz ýerinde Hazar deňziniň uç-gyraksyz mawy tolkunlary çyrpynyp ýatyr, sähra ýerinde Garagumyň aňňat-aňňat...
Bir çaga baly gowy görýän eken. Oňa enesi-atasy hernäçe “Bal iýme” diýselerem, ol bal iýmän durup bilmeýärmiş. Çagany Ymam Agzamyň (r.a) ýanyna getiripdirler. Ýagdaýy aýdypdyrlar. Ymam Agzam:
- Çagany häzir äkidiň, kyrk günden getiriň – diýipdir.
Kyrk günden soň çagany ýene alyp gelipdirler. Ymam Agzam (r.a)...
„Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan“ gaz geçirijisi: bähbitleriň utgaşýan ýeri
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Döwletimizde tebigy gazyň ägirt uly gorlaryň bardygyna garamazdan, biz „Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan“ gaz geçirijisiniň taslamasyny we türkmen tebigy gazyny Ýewropa ýurtlaryna ibermek bilen bagly taslamalary durmuşa geçirenimizden soň, uglewodorod serişdelerini daşa...
Salam talyplar
salamchik talyplar))
Gipnoz. (hekaýa) awtory mark tarlowskiý
-sapaga jogap bermäge çykmaly...
lýonka woloskow demini alman okuw kitabyna kellesi bilen girdi. tolgunmadan ýaňa gözleri sözlemleri saýgarmady.
mugallymyň galamy assalyk bilen jurnalyň ýüzünden gaýyp başlady. “a” we “b” bilen başlaýan familiýalar köşeşdiler. galam “w”- niň üstünden barýar...
“çaltrak”, -diýip woloskow gyssady...