Ata Watan
Waşington ştatynda tokaý ýangynlary 600 binany ýok etdi
Amerikanyň Waşington ştatynyň Spokan okrugyndaky tokaý ýangynlary sebäpli 60 müň töweregi adam öýlerini terk etmäge mejbur boldy, ýangyn azyndan 600 binany ýok etdi diýip, «Associated Press» habarlar agentligine salgylanýan TASS habar berdi.
Ýangyn ştatyň ikinji uly şäheri bolan Spokanyň daşyny gurşady, dynç günleri oduň eýelän meýdany 21 in...
Türkmenistanyň Prezidenti awtomobil ýollarynyň gurluşygyna yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti awtomobil ýollarynyň gurluşygyna we saklanylyşyna yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy. Degişli tabşyryk 1-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Annamämmedowa berildi.
TDH-de habar berlişi ýaly, gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlar...
Türkmenistanda nebit çykarmagyň meýilnamasy 108,7 göterim ýerine ýetirildi
Türkmenistanda nebit çykarmagyň meýilnamasy 108,7 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada 1-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer G.Agajanowyň ýurtda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen...
Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa bilen Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Ýewr...
Türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryndan 471 medal gazandylar
Türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryndan 471 medal gazandylar. Bu barada 1-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda bellenildi.
TDH-de habar berlişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Bilim işinde okatmagyň öňde...
Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň wekilleri atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatyna görülýän taýýarlyklary ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Niderlandlar Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Gaaga şäherinde Niderlandlar Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň syýasy meseleler boýunça baş direktory Ýost Flamand hem-de Patyşanyň edarasynyň direktory Fr...
Türkmenistanyň Ilçisi Taýlandyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalowyň Taýland Patyşalygyna amala aşyran gulluk iş saparynyň çäginde Taýlandyň Daşary işler ministrliginde Günorta Aziýa, Ýakyn Gündogar we Afrika işleri boýunça Baş direktor Urasa Mongkolnawin bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik gatna...
Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynda Ýanka Kupala adyndaky uniwersitetiň talyplary bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetiniň talyplaryny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çärä gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şag...
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli Döwlet münberiniň öňündäki dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görler
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerine we Döwlet münberiniň öňünde geçiriljek dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Degişli tabşyryk 1-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Seýidowa berildi.
TDH-de habar berlişi ýaly, ilki bilen wi...
Türkmenistanyň KHBS-inde halkara hukugynyň ähmiýeti giňden şöhlelendiriler
Türkmenistanda halkara hukugynyň ähmiýeti barada tele-radioýaýlymlarda ýörite gepleşikler we dokumental filmler taýýarlanylar, metbugatda ylmy-köpçülikleýin makalalary çap ediler.
Şeýle hem Halkara hukuk ýylyna bagyşlanan köp dilli internet sahypasyny ýa-da ýörite maglumat bölümini döretmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen bir hatarda...
HGI-niň binýadynda «Halkara hukugy» atly Aşgabat halkara platformasy dörediler
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda «Halkara hukugy» atly Aşgabat halkara platformasy dörediler. Degişli teklip 1-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow tarapyndan beýan edildi.
TDH-de habar berlişli ýaly, Birleşe...
Adatdan daşary yssy howa Britaniýany gök önümsiz goýdy
Adatdan daşary yssy howa hem-de guraklyk sebäpli Britaniýa gök önümleri daşary ýurtlardan köp möçberde satyn almaga mejbur bolýar. Hasylsyzlyk netijesinde işdäaçaryň we pomidoryň bahasy içerki bazarda iki essä golaý gymmatlady.
Öň oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyna garaşylýardy, emma adatdan daşary howa temperaturalary sebäpli daýhanlaryň...
2028-nji ýylda Aşgabatda halkara hukugy boýunça ýokary derejeli Bütindünýä forumy geçiriler
2028-nji ýylda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda halkara hukugy boýunça ýokary derejeli Bütindünýä forumyny geçirmek, onuň jemleri boýunça halkara hukugynyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň möhüm binýady hökmündäki ornuny tassyklaýan Aşgabat Jarnamasyny kabul etmek meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen b...
«Bloomberg»: Dünýä uruşlar we howanyň üýtgemegi bilen bagly azyk ýetmezçiligi howp salýar
Dünýäde azyk howpsuzlygy harby gapma-garşylyklardyr howa hadysalary bilen baglylykda, howp astynda diýip, «Bloomberg» ýazýar.
Habarda esasy töwekgelçilik zolagynyň Gara deňiz sebitidigi aýdylýar. Sebäbi bu sebitiň ýurtlary ösümlik ýagynyň eksportynyň üçden iki bölegini hem-de mekgejöweniň 10 göterime golaýyny üpjün edýärler. Sebitde däne inf...
Dunaýyň suwunyň çekilmegi Wengriýada elektrik energiýasy bilen üpjünçilikde bökdençlik döremek howpuny ýüze çykardy
Ýewropanyň ep-esli bölegini gurşap alan gurakçylyk sebäpli ýurtdaky ýeke-täk atom elektrik stansiýasynyň işiniň wagtlaýyn togtadylmagy Wengriýada elektrik energiýasy bilen üpjünçilikde bökdençlikleriň ýüze çykmagy baradaky aladalary güýçlendirdi. Bu barada «The Telegraph» neşiri habar berýär.
Wengriýanyň Premýer-ministri Peter Madýar ýurduň...
2026-njy ýylyň birinji ýarymynda Türkiýä 25 milliondan gowrak daşary ýurtly syýahatçy bardy
Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý şu ýylyň ilkinji alty aýynda ýurduň syýahatçylyk pudagynda gazanylan netijeleriň jemini jemledi. Bu barada ol 31-nji iýulda Stambulda geçirilen metbugat maslahatynda çykyş edip beýan etdi — diýip, interfax-russia.ru neşiri habar berýär.
Ministrligiň beýan eden maglumatlaryna gör...
Birža söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzys...
«Ýaňlan, Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde guralýan «Ýaňlan, Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşige sebitiň şäherlerinde we etraplarynda bolan deslapky gözden geçirilişlerde öňe saýlanan e...
«Guardian»: Ýewropa FIFA-nyň başlygy Infantinonyň ornuna ýolbaşçy gözleýär
Ýewropanyň futbol federasiýalarynyň ýolbaşçylary Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) başlygynyň wezipesine häzirki ýolbaşçy Janni Infantinonyň gopguna uçramagy sebäpli dalaşgär gözleýärler diýip, «The Guardian» neşirine salgylanýan «INTERFAX.RU» ýazýar.
Şeýle pikiriň Ýewropanyň ýurtlarynyň futbol ligalary tarapyndan hem goldanylýandygy hab...
Türkmenistanda howa +42 gradus yssy we az-kem ýagyşly bolar
Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda berilýän maglumatda şeýle diýilýär:
Aşgabatda az bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem...
Türkmenistanda mekdep bazarlary işläp başlady
1-nji awgustda Türkmenistanda täze 2026-2027-nji okuw ýylynyň ýetip gelmegi bilen mekdep bazarlary işläp başlady. Däp bolşy ýaly, ýurduň bazarlarynyň, iri söwda merkezleriniň ýanynda okuwçylardyr talyplar hem-de mugallymlar üçin ähli gerekli harytlary özünde jemleýän göçme söwda nokatlary döredildi.
Şu ýyl Aşgabadyň çäginde mekdep harytlaryn...
Iň gymmat rus suratkeşi belli edildi
Wasiliý Kandinskiý dünýäniň öňdebaryjy söwdalaşyklarynda eserleriniň umumy nyrhy babatda iň gymmat rus suratkeşi diýlip yglan edildi. Abstrakt sungatyň esasyny goýujylaryň biri Kandinskiniň 40 töweregi eseriniň her biri 5 million dollara satyldy. Netijede, geleşikleriň umumy bahasy takmynan 591 million dollara deň boldy diýip, söwdalaşyklaryň jemle...
Türkmen karateçileri Aktau şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýanyň çempionatynyň ilkinji gününde 4 medal gazandylar
Gazagystanyň Aktau şäherinde badalga alan karate boýunça WKF-niň Merkezi Aziýanyň 11-nji çempionatynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň türgenleri bir altyn, bir kümüş we iki bürünç medal gazandylar. Bu barada «Türkmenistan:Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Üç gün dowam etjek ýaryşa Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistanda...
Win Dizel täze «Forsažyň» ssenarisini okap tolgunandygyny gürrüň berdi
Amerikan aktýory Win Dizel «Forsaž: Hemişelik» atly täze filmiň ssenarisini okanynda togunmadan aglandygyny gürrüň berdi. Filmiň premýerasy 2028-nji ýylyň maýynda bolmaly diýip, «ria.ru» habar berýär.
Aktýor ssenariniň özüniň soňky on ýylda okan iň edebi esasydygyny nygtady. Öň Dizel serialyň 11-nji bölüminde meşhur portugal futbolçysy Kriş...
Türkmenistanyň Prezidenti geçen 7 aýyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde şu ýylyň geçen 7 aýynda ýurtda alnyp barylan işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar – i...