Ata Watan
«Ýeke özi öýde» filminiň Makoleý Kalkin bilen täze bölümi surata düşüriler
«Disney» studiýasy meşhur «Ýeke özi öýde» (Home Alone) filminiň täze bölümini surata düşürmek mümkinçiligine seredýär, onda ýene-de baş keşbi Makoleý Kalkin ýerine ýetirer diýip, «rg.ru» ýazýar.
«The Town» podkastynda žurnalist Mettýu Belloni 45 ýaşly Kalkiniň eýýäm studiýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşandygyny, onuň pikiriniň makullanandygyny...
Usman Nurmagomedow Kolgany nokaut bilen ýeňip, PFL-iň çempionlyk adyny gorap saklady
Russiýanyň garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) boýunça ussady Usman Nurmagomedow Professional Fighters League (PFL) guramasynyň ýeňil agram (70 kilograma çenli) derejesindäki çempionlyk guşagyny üstünlikli gorady. Ol Nýu-Ýork şäherinde geçirilen söweşde amerikaly Arçi Kolgany birinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi.
28 ýaşly Usman Nurmag...
ABŞ-da näbelli adam lotereýada 800 million dollar utdy
Amerikanyň Florida ştatynda näbelli adam «Mega Millions» lotereýa oýnunda 800 million dollar utuş gazandy, bu şu ýyldaky iň uly we oýnuň taryhyndaky onunjy uly utuş boldy. Bu barada «New York Post» gazeti habar berdi.
Indi utuşly petegiň şahsyýeti anyklanmadyk eýesi 800 million dollar baýragy bölekleýin ýa-da bir gezekde salgytlary hasaplama...
Indoneziýada äpet piton 35 ýaşly erkek kişini ýuwutdy
Indoneziýanyň Demirgazyk Maluku ülkesinde betbagtçylykly waka boldy, 35 ýaşly Hasym Lumbessini gije äpet piton diri ýuwutdy. Polisiýanyň başlygy Sula Handresiniň sözlerine görä, bu waka gije sagat 3-de bolupdyr, erkek kişi tokaýyň içi bilen serhoş halda öýüne dolanyp gelýärkä, oňa äpet ýylan hüjüm edipdir. Ol Hasymyň aýagyndan ýapyşyp göwresiniň da...
Türkmenistanda kiçi telekeçilik üçin «Clever CRM» hyzmaty işe girizildi
Türkmenistanda kiçi telekeçiligiň müşderilerini, maliýe serişdelerini we toparynyň wezipelerini hasaba almak üçin «Clever CRM» hyzmaty işe girizildi. Munuň özi ýurtda türkmen we rus dillerinde elýeterli bolan hem-de daşary ýurt platformalaryna ýüz tutmazdan işleýän ilkinji şeýle çözgütdir. Hyzmatdan peýdalanmagyň ilkinji aýy mugt bolup, soňraky aýl...
Awstraliýada kitaphana kitaby 150 ýyldan soňra gaýdyp berdiler
Awstraliýaly öýünde abatlaýyş işlerini geçirip ýörkä, diwara örülen köne kitaby tapdy. Ol kitaby kenarýakadaky Kiama şäheriniň jemagat kitaphanasyna gowşurdy. «Afinynyň gadymy taryhy» atly kitap 1858-nji ýylda neşir edilipdir diýip, «360» neşiri habar berdi.
Hümmetsizlenmäni hasaba almak bilen, kitaby 150 ýyl gijikdirendigi üçin soňky okyjyn...
Ýuwaş ummandaky ada döwleti adyny üýtgetdi
Ýuwaş ummandaky uly bolmadyk Nauru döwleti adyny resmi taýdan Naoro Respublikasy diýip üýtgetdi. Häkimiýetleriň pikiriçe, däp bolan ada dolanmak milli özboluşlylygy hem-de medeni mirasy gorap saklamaga ymtylyşy berkitmäge gönükdirilendir.
Öň maý aýynda ýurduň Parlamenti döwletiň adyny üýtgetmek barada sala salşyk geçirmegi teklip edipdi, emm...
Mejlisiň Başlygy ÝB-niň Aşgabatda işini tamamlaýan ilçisi bilen hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berildi. Durnukly ös...
Pekinde türkmen-hytaý dialogy geçirildi
Şu gün Pekin şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanan türkmen-hytaý dialogy geçirildi. Çäre türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barmagynda şu ýylyň 15-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisine we onuň dowamynda...
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystana sapar bilen bardy
Şu gün — 31-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Yssyk-Köl welaýatynyň Çolpon-Ata şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna geldi diýip, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabineti habar berýär.
Türkmenistanyň Pr...
«Çemmerli» gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy
Merkezi Garagumda ýerleşýän «Çemmerli» gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy. Bu barada TDH habar berdi.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň buýurmasy esasynda, «Türkmengazburawlaýyş» müdirligi tarapyndan «Çemmerli» gaz känini özleşdirmegiň çäginde 265 belgili baha beriş-ulanyş guýusy 1 müň 200 metr çuňlu...
Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň gümrük gulluklarynyň wekilleri bilelikdäki iş duşuşygyny geçirdiler
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gümrük gulluklarynyň wekilleri 30-njy iýulda wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygyny geçirdiler.
Duşuşygyň esasy mowzugy deslapky maglumatlary alyşmak boýunça baglaşylan ikitaraplaýyn Ylalaşygyň çäklerinde import edilýän harytlary gümrük taýdan resmileşdirmekde ýeňillikli tertibi ulanmak boýunça tejribe alyşmakda...
Kriştian Ronaldu serialda surata düşer
Portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu britan futboly baradaky çeper serialyň ýerine ýetiriji prodýuseri bolar hem-de esasy keşpleriň birinde surata düşer. Bu barada «The Sun» neşiri habar berdi.
Taslama eýýäm surata düşürilip başlandy, onda britan aktýory Demien Luis tarapyndan ýerine ýetirilýän futbol agenti barada gürrüň berilýär. Seria...
Bütindünýä tatar kongresiniň Milli geňeşiniň başlygy Türkmenbaşy şäheriniň häkimi bilen duşuşdy
Tatarystan Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenbaşy şäherine amala aşyrýan iş saparyny dowam etdirýär. Maksatnama laýyklykda, Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Bütindünýä tatar kongresiniň Milli geňeşiniň başlygy Wasil Gabtelgaýazowiç Şaýhraziew Türkmenbaşy şäheriniň häkimi Nyýazjan Nyýazjanow bilen duşuşdy.
Duşuşygyň...
Ilon Maskyň hytaýly çişlik bişiriji «ekiztaýy» sosial torda ýyldyz boldy
Biržada kompaniýasynyň paýnamalary pese gaçandan soňra amerikaly iň baý işewür Ilon Masky Hytaýyň ýol ýakasynda ýerleşýän çişlikhanada gördüler. Ýagny ol ýerde amerikan işewürine bir almany iki bölen ýaly meňzeş hytaýly çişlik bişirýärdi diýip, «MIR 24» gürrüň berýär.
Maskyň «ekiztaýynyň» wideosy we fotosy dessine sosial torlarda ýaýrady. Ol...
Ýaponiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy «JEC Fund» gaznasy tarapyndan yglan edilen grantlaryň bäsleşigini mälim etdi
Ýaponiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy öz resmi saýtynda 1970-nji ýylda geçirilen Expo Bütindünýä sergisiniň hatyrasyna döredilen «JEC Fund» gaznasy tarapyndan yglan edilen täze grantlaryň bäsleşigine badalga berlendigini mälim etdi. Grant bäsleşigine arzalar 2026-njy ýylyň 1-30-njy sentýabr aralygynda kabul ediler. Maksatnamanyň 2027-nji maliýe ýyly ü...
Alymlar: Dinozawrlar sanaýmaly sagatda ýok bolupdyr
Alymlar dinozawrlaryň heläk bolmagy tiz bolup geçendir diýen ylmy çaklamany öňe sürdüler. Bu sanaýmaly sagadyň dowamynda bolandyr diýip, «argumenti.ru» habar berýär.
Bu mähnet süýrenijileriň eýýamynyň tamamlanmagyna elten heläkçilikli waka Çiksulub diýlip at berlen asman daşy (asteroid) sebäp bolupdyr. Çaknyşyk 66 million ýyl mundan öň häzir...
Awazada «Tatar gyzy» halkara bäsleşigini geçirmäge taýýarlyk görülýär
Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Wasil Şaýhraziýew Türkmenistana iş saparynyň çäginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna baryp gördi we «Tatar gyzy» halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny geçirmek üçin niýetlenilýän desgalar bilen tanyşdy. Bu barada Bütindünýä tatar kongresi saýtynda habar berildi.
Awazada «Tatar g...
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň liderleri Çolpon-Atada golf klubunyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
Çolpon-Ata şäherine amala aşyrylan saparyň çäklerinde Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Azerbaýjanyň prezidentleri Gyrgyzystanda halkara ölçeglerine laýyk gelýän ilkinji golf klubunyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Bu barada kun.uz habar berýär.
Dabaranyň dowamynda döwlet baştutanlary täze toplumyň döwrebap sport we syýahatçylyk d...
Finler çernika ýygnamakdan günde 300 ýewro gazanýarlar
Finlýandiýanyň ýaşaýjylary Hökümet tarapyndan wiza bermek ýatyrylan daşary ýurtly miwe ýygnaýjylaryň ýokdugy bilen baglylykda, çernika miwesini rekord derejede ýygyp, bazarlarda ýerleýärler. Özem miwäniň lomaý satyn alyş nyrhy tas üç esse artdy diýip, «Yle» neşirine salgylanýan «rg.ru» ýazýar.
Ýagny eger 2025-nji ýylda lomaý satyn alyjy komp...
Tatar wekiliýeti Aşgabatdaky Halkara atçylyk sport toplumy bilen tanyşdy
Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Bütindünýä tatar kongresiniň Milli geňeşiniň başlygy Wasil Gabtelgaýazowiç Şaýhraziýew Aşgabatdaky Halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi.
Sport toplumynda tatar wekiliýetine halkara ýar...
Ferdöwsiniň «Şanama» eseriniň täjik neşiri halkara bäsleşigiň baş baýragyny aldy
Abulkasym Ferdöwsiniň «Şanama» poemasynyň täjik neşiri Minsk şäherinde geçen GDA ýurtlarynyň 23-nji «Kitap sungaty» halkara bäsleşigiň Gran-pri baýragyny aldy. Bu barada «MIR 24»-iň habarçysy Mariýama Rahmanowa habar berdi.
Bäsleşige 6 döwletden 60 neşir gatnaşdy. Täjigistanda neşir edilen kitap biragyzdan ýeňiji diýlip yglan edildi.
...
Hazar deňziniň türkmen böleginde tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar boýunça okuw türgenleşigi geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy jogapkär ýerine ýetiriji hökmünde Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy geçirildi. Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradak...
Türkmenistanyň medeniýet ministri Tatarystanyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň medeniýet ministri Gurbanmyrat Myradalyýew Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Bütindünýä tatar kongresiniň Milli geňeşiniň başlygy Wasil Şaýhraziýew bilen duuşdy. Taraplar Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» halkara bäsleşiginiň finalyna taýýarlyk görmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Büt...
Bir günüň dowamynda 49 müňden gowrak migrant Ispaniýanyň Seuta şäheriniň serhedinden geçdi
Demirgazyk Afrikadaky Ispaniýanyň çägine degişli Seuta şäheri migrantlaryň görlüp-eşidilmedik köpçülikleýin akymyna sezewar boldy. Ispaniýanyň Içeri işler ministrliginiň berýän maglumatyna görä, soňky bir gije-gündiziň dowamynda deňiz we gury ýer arkaly bu ýere takmynan 49 müň adam geldi. Deňeşdirmek üçin aýdylanda, Seuta şäheriniň takmynan 84 müň...