Ata Watan
Türkmenistanda 2027-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy işlenip taýýarlanar
Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmenistany 2027-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» işlenip taýýarlanar. Bu babatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow tabşyryk berdi diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde...
Türkmenistanda şu ýylyň ahyryna çenli 5 müňden gowrak iş orny dörediler
Türkmenistan boýunça şu ýylyň ahyryna çenli 5 müň 300-e golaý täze iş orunlary dörediler. Bu barada Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi.
Döwlet Baştutany mejlisde eden çykyşynda «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürm...
Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň bilim ulgamyny ösdürmegiň institutyny döretmek teklip edildi
Türkmenistanda milli bilim ulgamyny ösdürmegiň milli institutyny döretmek meýilleşdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda teklipleri taýýarlamalydygyny we degişli işleri geçirmelidigini Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde aýtdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde gör...
Braziliýa, Hindistan, Ýaponiýa we Germaniýa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň özgerdilmegini talap edýär
Braziliýanyň, Ýaponiýanyň, Hindistanyň we Germaniýanyň daşary işler ministrleri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gyssagly reformasyny geçirmäge çagyrdylar. Olaryň pikirine görä, guramanyň häzirki gurluşy häzirki zaman geosyýasy ýagdaýlara gabat gelmeýär hem-de Afrika we Latyn Amerikasy ýaly sebitleriň bähbitlerini hasaba almaýar.
Taraplaryň bile...
Intel-iň paýnamalary 5 günde 25% gymmatlady
Intel kompaniýasynyň paýnamalary soňky bäş günüň dowamynda 25% gymmatlady. Muňa emeli aň agentleriniň ýaýramagy bilen merkezi prosessorlara (CPU) bolan islegiň artmagy täsir etdi. Bu barada Intel-iň baş direktory Lip-Bu Tana salgylanyp, «Yahoo Finance» neşiri habar berýär.
Tanyň aýtmagyna görä, CPU-lara bolan islegiň ýokarlanmagyna Reinforce...
Alymlar soňky 100 ýylyň içinde ilkinji gezek pingwinleriň täze görnüşini tapdy
Alymlar Hindi ummanynyň günorta bölegindäki Kergelen adalarynda pingwinleriň täze görnüşini tapdy. Ol 100 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda beýan edilen ilkinji täze pingwin görnüşi boldy diýip, «ScienceDaily» neşiri habar berýär.
Täze görnüşe Pygoscelis kerguelensis diýlip at berildi. Ozal bu guşlar papua pingwinlerine degişli edilýärdi, ýöne...
Dikeldip bolmaz: Windows 11-de maglumatlary doly ýok etmek funksiýasy peýda bolar
Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulgamynyň dikeltmek mümkinçiliklerini giňeltdi. Häzir synagdan geçirilýän Cloud Rebuild mehanizmine ulgamy täzeden gurnamazdan öň maglumat saklaýjylardaky maglumatlary howpsuz ýagdaýda doly ýok etmek funksiýasy goşuldy.
Bu mümkinçilik kompýuteri ikilenç satmak, iş ýeriňde yzyna tabşyrmak ýa-da enjamy gaýtadan...
Türkmenistanda astronomiki güýz başlandy
Ýeriň Demirgazyk ýarym şarynda, şol sanda Türkmenistanda hem indi gije gündizden uzyn bolar. 23-nji sentýabrda Aşgabat wagty bilen sagat 05:05-de astronomiki güýz başlandy. Şol pursatda Günüň görünýän diskiniň merkezi asman ekwatoryny kesip geçip, asman sferasynyň Demirgazyk ýarym şaryndan Günorta ýarym şaryna geçdi.
Bu kesişme pursadyna gij...
Türkmenistanda pensionerler we ýaş çagasy bolan zenanlar telekeçilik boýunça onlaýn okuw geçip bilerler
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň «Telekeçiler mekdebi» jemgyýetçilik birleşiginiň kärhanasy «Telekeçilik işine giriş» okuw maksatnamasyna onlaýn görnüşde gatnaşmak mümkinçiliginiň döredilendigini habar berdi. Okuw 2026-njy ýylyň oktýabrynda başlanýar. Maksatnama ýaş çagaly zenan telekeçiler, pensionerler, uzakda ýerleşýän etr...
Türkmenistan Samarkandda geçirilýän Bütindünýä küşt olimpiadasynda üstünlikli çykyş edýär
Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndy toparlary Samarkandda geçirilýän Bütindünýä küşt olimpiadasynda üstünlikli çykyş edýärler. Iki toparyň hem öz başlangyç reýtinginden 30 — 40 basgançak ýokarda bolup, üçünji onlukda barýandygy barada TKF-niň metbugat beýanatynda habar berilýär.
Alty tapgyrdan soň Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy 20...
«Buker» baýragy 2026-njy ýyl üçin dalaşgärleriň gysga sanawyny yglan etdi
«Buker» edebiýat baýragynyň guramaçylyk geňeşi 2026-njy ýyl üçin baýraga dalaşgärleriň gysga sanawyny çap etdi, oňa hödürlenen 163 eserden 6-sy girdi. Jemleýji sanaw baýragyň saýtynda ýerleşdirildi diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi.
Gysga sanawa Angliýadan, Şotlandiýadan, Ýamaýkadan hem-de ABŞ-dan awtorlar girdi. Olaryň arasynda öň baýraga my...
El-Nino ýarym ýylda 451 müň adamyň heläk bolmagyna getirip biler
Häzirki güýçli El-Nino hadysasy bilen bagly adatdan daşary yssy howa golaý alty aýda goşmaça takmynan 451 müň adamyň ölümine sebäp bolup biler. Şeýle çaklamany Çikago uniwersitetiniň ýanyndaky Howany öwrenmek boýunça laboratoriýanyň hem-de Berklidäki Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary taýýarladylar. Alnan netijeler barada «The Guardian» neşirine...
Türkmen wekiliýeti Berlinde geçirilýän “InnoTrans 2026” halkara ulag sergisine gatnaşýar
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň wekiliýeti Berlinde geçirilýän ulag tehnologiýalarynyň halkara “InnoTrans 2026” sergisine gatnaşyp, onda demir ýol pudagynyň iri kompaniýalarynyň wekilleri bilen iş duşuşyklaryny geçirýär. Bu barada sergä gatnaşýan türkmen wekiliýetiniň düzümindäki hünärmen “Biznes Türkmenistan” internet neşirine hab...
Türkmenistanda Günorta Koreýanyň LS Cable & System kompaniýasy bilen bilelikde optiki-süýümli kabelleriň önümçiligi ýola goýlar
Türkmenistanda optiki-süýümli kabelleri öndürýän täze kärhana gurlar. Taslama Günorta Koreýanyň «LS Cable & System Ltd.» kompaniýasy bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň çäklerinde durmuşa geçiriler.
Degişli Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen koreý öndürijisiniň arasynda 15-nji sentýabrda Seulda gol çeki...
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi
Hindistanyň ýarymgeçirijiler pudagynda işleýän Aheesa Digital Innovations startapy ýurduň özünde öndürilen Vihaan-I prosessoryny tanyşdyrdy. Işläp taýýarlama açyk RISC-V arhitekturasynyň esasynda giň zolakly tor enjamlary üçin döredildi. Bu bolsa ýurda daşary ýurt tehnologiýalaryna bolan garaşlylygyny azaltmaga mümkinçilik berýär.
Kompaniýan...
Wladimir Putin Awazada geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Prezident Wladimir Putin söhbetdeşlikde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle-de Hazar ekologiýa sammitine gatnaşjakdygyny aýtdy. Bu barada TDH habar berdi.
Se...
Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Garaşsyzlygyň 35 ýylynyň dowamynda uly üstünlikleri gazandy
Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatdaky «Maslahat köşgünde» türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Gahryman Arkadag ýygnananlara ýüzlenip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyn...
Mukamlar köşgünde baýramçylyk konserti geçirildi
22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly baýramçylyk konserti geçirildi. Çäre Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurduň gazanan üstünliklerine bagyşlandy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdylýar.
Konsertden öň g...
«Küýsedim, ine-de, gaýdyp geldim!»: Serdar Azmun ýene Eýran ýygyndysyna çagyryldy
Birleşen Arap Emirlikleriniň «Şabab Al-Ahli» klubunyň hüjümçisi Serdar Azmun ýene-de Eýranyň milli ýygyndysynyň düzümine goşuldy. Futbolçy Özbegistana we Russiýa garşy ýoldaşlyk duşuşyklarynyň öňüsyrasyndaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna çagyryldy.
Serdar özüniň gaýdyp gelmegine sosial torlarda şeýle teswir berdi:
«2014-nji ýyldan bä...
Volvo Cars kompaniýasyna Škoda-nyň baş direktory ýolbaşçy bellendi
Şwesiýanyň Volvo Cars awtoulag öndürijisi täze ýolbaşçy saýlady. Häzirki wagtda Volkswagen konserniniň Škoda brendine ýolbaşçylyk edýän Klaus Selmer prezidentiň we baş direktoryň wezipesine bellendi.
Selmer 2027-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan gijä galman wezipesine girişer, häzirki baş direktory Hokan Samuelsson bolsa işini we wezipesini tabşy...
Wenesiýa syýahatçylar üçin 5-10 ýewrolyk ýygymy 50-ä çenli galdyrjak bolýar
Wenesiýanyň häkimiýetleri şäheriň taryhy bölegine girmek üçin alynýan syýahatçylyk ýygymyny ep-esli ýokarlandyrmak mümkinçiligine seredýär. 2027-nji ýyldan başlap, töleg häzirki 5–10 ýewrodan 30 ýa-da 50 ýewro çenli ýokarlanyp biler.
Şäher administrasiýasynyň býujet boýunça geňeşçisi Mikele Zuin «Gazzettino» neşirine beren söhbetdeşliginde h...
Google ilkinji «Googlebook» noutbuklaryna öňünden sargyt alyp başlady
Google kompaniýasy ilkinji «Googlebook» noutbuklaryna öňünden sargytlary kabul edip başlady. Bu enjamlar Android tehnologik binýadyna esaslanýan hem-de «ChromeOS» ulgamynyň ösüşlerinden peýdalanylyp döredilen «Googlebook OS» adaty täze programma üpjünçiliginde işleýär.
Täze enjamlaryň bahasy 899 dollardan başlanýar. Ilkinji modelleri Acer, A...
Ronaldu türgenler hakdaky seriala gatnaşar
Vice TV teleýaýlymy sport dünýäsindäki jedelli şahsyýetler barada gürrüň berýän «Everybody Hates» («Hemme kişi ýigrenýär») atly dokumental antologiýa serialyny çykarmaga taýýarlanýar.
Variety neşiriniň habar bermegine görä, serialda meşhur türgenleriň nähili ýagdaýda millionlarça adamyň hem söýýän, hem ýigrenýän şahsyýetlerine öwrülişi hakyn...
Saud Arabystanyň CEER brendi çöli zabt edip biljek sedanyny we krossowerini görkezdi
Saud Arabystanynyň CEER markasy özüniň flagman EXOBOT elektrik awtoulagyny birbada iki nusgada — kuwwatly sedan we uly krossower görnüşinde tanyşdyrdy.
Özüni ýurduň ilkinji elektrik awtoulag öndürijisi hökmünde tanadýan bu marka üçin täze modelleriň tanyşdyrylmagy diňe bir bazara täze önümi çykarmak bilen çäklenmän, eýsem ýerli howa şertleri...
Dunaýyň düýbünden 2200 ýyl ozal tutuş goşuny ýarag bilen üpjün edip biljek demir tapyldy
Ýokarky Awstriýada alymlar Ýewropadaky iň uly gadymy demir çig malynyň tapyndysyny öwrendi.
Agramy bir tonnadan hem geçýän demir artefaktlar 2019-njy ýylyň ýazynda Dunaý derýasynyň ozalky hanasyndan çagyl çykarylýan wagty ekskawator arkaly tötänleý ýerden galdyryldy. Işgärler tapyndyny öz wagtynda ýadygärlikleri goraýan hünärmenlere tabşyrdy...