Bagt guşy bolup girsin gapyňdan,
Alyp gelsin mähir bilen söýgini,
Penjiräňden agzybirlik girsinde,
Alyp gitsin gussa bilen gaýgyňy.

Öýlerňize bagt nuruny çaýsyn,
Gülki dostuň bolsun, üstünlik hemraň,
Esasy zat polat deýin jan-saglyk,
Başyň dikläp gezip ýörgün sagaman.

Ömrüň derýa ýaly, durmuşyň süýji,
Mertebäň daglar deý bolsun belentde,
Seniň mydam ýagşylygyň isleýän,
Seniň çyn dostuň men bilseň elbetde.

Baýramyňa sowgat bolsun bu goşgym,
Ruhuňa ruh goşsun, belentde parlap,
Ýürekden çykan söz ýürege barýar,
Sözler çemenini bogupdym saýlap.

Meredow Gurbanmämmet

Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir