Men söýgiňden ganat baglap uçaryn,
Menzillere, dür derimi seçerin,
Söýgiň böwedini böwsüp geçerin,
Emma, seň söýgiňden asla geçmerin

Dag-daşlary ýumrup, baglara gonup,
Söýginiň güýjünden bilmedim ganyp,
Bilsem-de, bu ýollaň kynlygyn aňyp,
Emma, seň söýgiňden asla geçmerin

Derýalarda, tolkunlarda ýüzerin,
Yşk şerabyn pyýalalap süzerin,
Kynçylyklara men özüm dözerin
Emma, seň söýgiňden asla geçmerin

Gam-gussadan müzermerin ejizläp,
Gaýtam süyjäp, has söýerin ezizläp,
Ykbaldan bagtymy tapynçam gözläp,
Seň söýgiňden asla-asla geçmerin

Bu söýginiň hupbatlary owadan,
Söýgiň dämi meni ile tanadan,
Hiç kim bilmez, aýyrmasa, Yaradan,
Yogsa, welin seň söýgiňden geçmerin.

Lezzeti başgadyr päkize duýgyň,
Jebrinden gorkmaryn, hözürli gaýgyň,
Çünki meni bu dünýäde ýaşadýan,
Seniň söýgiň!
                                   Gurbanmämmet Meredow. (Özüm)

ÖZ PIKIRIŇIZI ÝAZYŇ HAÝYŞ!

Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir