Höwürtge
(Hekaýa)
Tomsuň jokrama yssysynda öýüne dolanan Ogulhally eje palçyň aýdanlaryna 
henizem haýran, onuň sözlerini ýeke-ýeke içinden gaýtalaýardy.
- Öýüňe doga edilipdir. Gulp urulypdyr. Iki sany, otuz ýaşlaryndaky är-heleýiň işi. 
Gyzyň durmuşa çykmaz, bagty açylmaz ýaly, ýörite edilen doga. Topraga gum 
salyp gapyň öňüne sepilipdir. Ony ady „B” harpyndan başlanýan molla okat. 
Gulpy şol açar. Gyzyňam bagty açylar.
Bu yssam bir tarapdan, bäri-bärde Gökdepe barmy. Zol-zol gyňajynyň ujy bilen 
derini sylýan Ogulhally Aşgabadyň etegindäki obalaryň birindäki öýüne ýetdi, 
emma henizem palçyň aýdanlary aklyna syganokdy.
- Kimkä gyz, beýdip ýören? Käýişilerem, öýkeleşilerem, soň, ýene öňküligiňdir. 
Ganym duşmanyň bolaýanda-da şeýdiläýermi gyz? Hany, oň ýaly duşmanymyz 
barmy biziň? Gyzym-a çybynyň burnuny ganatjak çaga däl. Biriniň gapysyndan 
kowlan güjük-pişik bolsa-da, yzyna düşürip getirýä. Kakalarynyň-a, asylam, adam 
bilen işi ýok. Işine gider-geler, telewizirde top görmek bilen başagaý. Gaýta 
garasöýmez diýäýmeseň. Ýok-la, gyz, garasöýmez bolup, ýeke özi içini hümledip, 
daş-iç çykman oturan zadam däl. Menem-ä men. Özümde näme bolsa, 
goňşularyňky, il-günüňki. Onda näme üçin beýdäýdilerkä? Gül ýaly çagaň bagtyny 
baglap, gulp urup oturbermek bolarmy?
Eneli-gyzyň gözleri biri-birine kaklyşdy. Eje ýüzüni sowdy:
- Ah-eý, menem ugur-utkasyny ýitireniň biri. Kakaň eşidäýse: „Işini tükeden, 
akmak” diýer. Hudaýdan başga ertirki boljagy bilen bolarmy diýsene...
Aýnur ejesinden çintgäp hiç zat soramady. Şeýle-de bary tüm garaňykydaky ýaly, 
hiç zat görünmejegi eliň aýasynda ýaly görnüp dur. Honha, goňşam gelýär. Oňa 
habar gerekdir. Aýnur derrew iki çäýnek çaý demledi.
- Eşitdiňmi gyz, öten agşam, o ýer ýuwdan Tirkiş: „Neşe puly tap!” diýip Bibi 
petigarany ýenjip, gyrraldyp ýörmüş?..
- Petigara bolarmy, şoňa dagy özüňi urduryp. Garagyň aksyn diýer-de, çagalarymy 
alar çykar-da giderin. Gerreleri başyny iýsin, gerreleri başyny iýenleň...
- Aňsadam däldir gyz. Atasy öýüňe doguranlaryňy yzyňa tirkäp barmak.
- Hawa-da... Bizem gyzymyzy äre berjek bolup gara dert. Şoň ýaly birine 
uçurandan, gözüň alnyndajyk garranam gowy. Iýjegi öňünde, geýjegi egninde, 
adamyň gepini, derdini, jepasyny çekmeli däl.
Aýnur daşaryk çykdy. Içerik girdi. Öýle namazyny okady. Namazdan soň, 
imandan başga näme dilejegini bilmedi.
- A gyz, Aýnur! Ýygnaý, çäýnek käseleriňi. Öldüm-le gyz şu yssyda. Ogul bolan 
bolsa, karyz alardym, bergi ederdim, beýlekilem ýaly öýli-işikli ederdim. Şu ýyl ýigrimi bäş ýaşaýa. Sorap-idäp gapymdan gelýän ýok. Aljyrap, ugrumy ýitirip 
gidişim boldy-da... Kim gyz, etsin ony? Adamam adama şeýle iş edermi?..
Garaňky düşdi. Aýnur daşardan düşek saldy. Ejesi görgüli kellsini ýassyga 
goýandan hor çekmäge başlady. Aýnuram düşegine geçdi. Ondördi gijäň dolan 
Aýy dünýäni ýagtyldyp dur. Gözüňe düşýär, ukladanok. Kakasy, doganlaram 
üýşüp telewizor görýärler. Onuňam sesi ýanyňda ýaly. Birden goňşyň iti Aýa tarap 
tumşugyny tutup, uzyn-uzyn uwlady. Doganlarynyň biri ylgap çykyp, ite kesek 
zyňdy.
- Ýit! Ýok bol!
It çyňsap gitdi. Kesek Aýnuryň özüne degen ýaly boldy. Onuňam iň ýakyn jorasy, 
syr alyp, syr berişýäni Aýdy. Onda-da şeýle lowurdap duran, owadan hem ýeke...
„Meniňem kä wagt şeýdip, Aýa bakyp, içimden zarynlaýanymy eşidäýse, doganym 
kesekläp urardy. Ýanyňda ýer ýokmy, jan joram!”
Aýa seretmäge haly galmadyk Aýnur öýe girdi. Kakasy edebiýat mugallymy 
bolansoň, diwaryň tutuş bir ýüzi diýen ýaly kitapdan doludy. Aýnur olara seretdi. 
Kuprin „Nar gaşly bilezik.” Bu çaklaňja kitapçany telim ýola okanam bolsa, ýene 
eline alasy geldi. Emma näme üçindir köýnegiň ýakasyna edilýän nagyşlaryň 
çyzgysy çekilen depderini aldy. Birden ýadyna dek düýn pasportunyň suratyny 
çalyşmaga pasport edarasyna barşy düşdi. Onuň öň ýanynda bir görmegeý oglanam 
pasportuna möhür goýdurýardy. Ol birden ýylgyryp, pasport berýän daýzaň 
arkasynda ösüp oturan ullakan agaja ümläp:
- Owadan agaç eken. Oň ady näme? – diýdi.
- Agajyň adyny başyňa ýapjakmy, ondan-a gyzyň adyny sora.
Aýnur özüne diýilýän ýaly gyzardy.
- Aý, gyz gytçylygy ýok. Nirä barsaň bar...
Özüne göwni ýetýän syratly oglan gidenden soň, Aýnur ol agaçdan gözüni aýryp 
bilmedi. Hakykatdanam, adam boýundan sähel pesräk agaç owadandy, ýöne 
pasport berýän daýza welin, onuň bilen juda öwrenşen bolarly, oňa tarap 
gabagynam aýlaýanokdy. Onuň agaja seredere wagtam ýokdur. Her geleni 
bahymrak ugratjak bolup başagaý. Emma şonda-da:
- Indiki oglanlarda-da kelle ýok. Şoň ýaşynda bolsam agaja serederinmi? – diýip 
ýylgyrdy.
Garrap ugran gyz ýene utanyp gitdi.
Näme üçindir bu wakajygy ýatlan Aýnur şol agajyň suratyny çeksem diýdi, emma 
onuň adyny soran oglan hem göz öňünde. Ony nädip çekjek? Birdenem akgaýma 
tahýanyň nagşy ýaly owunjak harplar sahypada öz-özi setirleniberdi...
* * *
Onuň zatdan kemi ýokdy. Gyşyna ýyly jaý, tomsuna salkyn otag. Bol iýmit, näçe 
içse suw. Ol giň girişde, iki gat penjiräň öňünde ýaşaýar. Onuň kökleri äpet gabyň içindäki mes toprakda, dar kapasa salnan ýylan ýaly, büklüm-büklüm bolup ösýär. 
Gün uzyn gapyň agzynda oturýan garryja aýal bu mähnet ösümligi her üç-dört 
günden ýarty bedre suw bilen suwarýar. Ol bolsa ne şemal, ne ses geçirýän, ne-de 
açylyp-ýapylýan penjireden düşýän Gün şöhlesine galyň, ýasy ýapraklaryny tutup 
otyr. Ol ýagjaryp duran ýüzüni kirşen basan ýapraklar yssyny hem bilenok, 
sowugy hem. Ol şu oturşyna aýnaň öňünde urunup-urunyp ölen bal arysyndan-da 
beter ýalazy meýdany, giň jahany küýseýärdi. Daşarda welin, ýoluň ýakasyna 
oturdylan agaçlar başlaryny ýaýkaşyp, gezende şemal bilen dünýewi gürrüň edýär. 
Şemal aýdyma gygyrýar, agaçlar onuň sazyny çalýar. Honha, bir näzijek şhalaryň 
arasynda, pynhan ýerde bir guşjagaz höwürtge ýasanypdyr. Onuň gyzyletene 
perzentleri her gezek eneleri uçup gelende, çüňkjagazlaryny asmana tutuşyp, 
boýunlaryny ýolaýjak bolýarlar. Ene guş olaryň giň açylan saryja agyzlaryna iýmit 
salýar-da, ýene jakyrdap uçup gidýär. Agaç bolsa, emaý bilen şahalaryny yraýar. 
Ýapyraklaryny şelpelendirip, çagja guşjagazlary hüwdüleýär.
Daşarda ýagşyň jana şypa damjalary näzik ýapraklary sähelçe-de ynjatman suwa 
düşürende, ýyly, dymyk jaýda janyna jaý tapman oturan biçäre agajyň halyna kim 
düşüner?!
Güýzüň şemally iňriginde iň soňkuja sary ýapragyň bilen hoşlaşmak, garyň 
ýumşak ýorganyny ýapynmak, Günüň ýyly nuruna täzeden pyntyk ýarmak –
bularyň baryndan mahrum, petigara agaç çilim tüssesine bogluşyp, haýdaşyp, 
gyssanyp ýören adamlara özüniň nähili lezzet berýänine düşünmeýärdi. Alla meni 
näme üçin ýaratdyka diýip uzakdan-uzak wagtlap oýlanardy. Hakykatdan hem iş 
aladasy ýetik, howlukmaç, mydama başagaý adamlar oňa kän bir üns hem 
bermezdiler. „Sen barmysyň?” hem diýmezdiler. Adamlar: „Bu dem-düýtsiz, 
dilsiz-agyzsyz agaçlaryň hasy birine üns berjek, köçä çyksaňam agaç, girelgede-de,
hatda iş otagyňda-da penjiräň öňünde, küýzejiklerde düzülgi durandyrlar” diýýän 
mysalydylar. Diňe bir gezek, haýsydyr bir şadyýan ýigit ilki işe gelen güni:
- Munuň gözeldigini! Bu ösümligiň ady näme? – diýip, eliniň aýasy bilen onuň 
ýapraklaryny sypalapdy. Şonda biçäre agaç çöken göwnüniň asmana göterilenini 
nädip ýigide aňdyrjagyny bilmedi.Garryja aýal bolsa, elini salgap:
- Kim bilýär oň adyny, men gelelim bäri-hä şu ýerde – diýip, agajyň garyp 
göwnüne özem bilmän duz sepipdi.
- Geň agaçdygyny? Ýaşy näçekä?
- Ah-eý, Senem adam soran ýaly soraýaň. Kim oň doglan ýylyny, adyny, 
familiýasyny ýazyp ýörendir öýdýäň. Bir jan derdi. Henizem men dözemok. Kimiň 
munuň bilen işi bar. Ikimizem Allaň unudanlary...
Agaç bolsa: „Garry görgüli zordan hyk-çok edip maňa suw berýä. Ullakan 
höwrümem, gürrüňdeşimem şol. Jan derdi diýibem janynyň ýangyjyna aýdaýýar. 
Maňa nebsi agyrýar. Şazada sypat ýigidi diýsene. Şu görmegi bilen meniň adymy „Gözel” diýip tutýar. Elleriniň ýakymlydygyny” diýýärdi – öz ýarasyna özi 
melhem edýärdi. Şol günden soň her gezek şol ýigidi görende, ýalňyz agajyň 
göwni galkynardy, duşundan gaty-gaty ýöräp geçende „Işlidir, howlugýandyr” 
diýip, yzyndan naýynjar serederdi. Agaç pahyryň ykbalyň hem şeýdip, deňiňden 
geçip ötägidip bilýändigini nireden bilsin?! Belki bilmänem gowudyr. Bu pukara, 
geçirimli agajyň naçar göwnüniň ýekeje arzuwy – daşarda yssa garalyp, şemala 
sozup, sowuga dözüp, ýazyň güni az pursatlyjak bolsa-da, gül açyp meýdanda 
ösmekdi. Onsoňam guşjagazyň ýekeje höwürtgesi...
Her bir janly zatda bolşy ýaly, bu ösümligem garrady. Ýapraklary düşüp 
seýrekledi. Ahyry bir gün onuň ýerine başga bir ýaşajyk agajy alyp geldiler. Ony 
bolsa, sogrup, daşaryk okladylar. Indi agajyň büklüm-büklüm kökleri daşarda, 
seleň meýdandaguşlaryň owazynyň, tebigatyň sazynyň astynda baldaga soňky 
iýmitini berýär. Ol aýlykdan, ol aýlyga ylgaşlap, neneň garranlarynam bilmeýän 
adamlar bu garry kökleriň aýlanyp-towlanyp çeken täsin suratyna haýran galyp 
seredýärler. Ol kökleri owadan gyzyň, ýogyn saçlaryna meňzedýänem bar. Agaç 
bolsa, rahatlyk diläp, ýaňagyndan sypalaýan şemalyň ýakymly ellerinden öpýär 
hem henizem hyýalynda guşjagazyň ýekeje höwürtgesi...
* * *
Ertesi ir bilen Aýnur ullakan gara gazanda sygyrlaryna bugdaý garyndysyny 
gaýnadýardy. Bir elinde depderi, çugutdyryp oturşyna dünýäni unudan ýaly, odyň 
alawyna seredýan gyzyň henizem göz öňünde edaraň girişinde ösüp oturan agajyň 
tozan basan ýapraklary. Görmegeý ýigit onuň ýüzüni sypalaýar. „Bu ýazanlarymy 
doganlarym ýa-da kakam okaýsa...” Gyz gyzaryp gitdi. Şol wagt duýdansyz 
arkasyndan gelen körpe jigisi:
- Aýnur! Bizem futbol görüp ýatmadyk welin, senem-ä ýatmadyň-aý – diýdi.
Jigsiniň sesine tisginen gyz elindäki depderini nädip oda oklanyny hem duýmady. 
Soňam gyssanyp ony çykarjak boldy. Emma kagyz şol bada tutaşypdy. Ýalynyň 
gyzgynyna ol elini yza çekdi.
- Dur, eliňi ýakýaň, men alaýyn.
Indi jigisi bulawaç agajy bilen depderi ojakdan çykarjak bolýardy. Emma boljak iş 
bolupdy.
- Wah, içigar.
- Degme, ýansyn. Özümem ýakjak bolup otyrdym.
Aýnur hakykatdanam depderiniň otdan çykanyny isläbem duranokdy. Jigsi ony 
açyp, okap başlaýsa näderdi...
- Sen geň-laý, Aýnur.
- Zyýany ýok, köne keşdelerim. Olary şeýle-de bilýän.
- Gözüňem gyzarypdyr.
- Agladym-da, jigim. 
Näme üçin?
- Bilmedim.
Ýaňy murty taban ýetginjek uýasyna näme diýjegini bilmän aljyrady, soňam 
başarşyna görä, oýun eden boldy:
- Heýem aglarlarmy?! Gör, meň boýumy, seň deňiňe ýetdim. Meň ösäýşimi gör.
Aýnur ýanyna gelip boýuny deňeýän jigsiniň başyny sypalap, mähirli ýylgyrdy.
- Onda, bahym, ejem saňa-da gelinlik gözlär.
Jigisi monça bolup, ýuwunmaga gitdi. Gyz bulawaç agajy bilen depderiniň ýanman 
galan kiçijik bölejigini özüne çekdi. Ondan soňky sözlerini okady:
...guşjagazyň ýekeje höwürtgesi...
Birden gyzyň gözi maşyndan düşüp, öýlerine tarap gaýdan aýala düşdi.
„Kimkä gyz, irden bize gelýän...” 
Hydyr Amangeldi
Höwürtge (Hekaýa)
- 
                messibet
                5 years ago
                
- Hydyr agaň özem girýädi bärik, ýa Ylýas aga-da bolmagy ahmal. Bir gezek soramda käwagt aýlanýan bu saýta diýipdi.
- 
                messibet
                5 years ago
                
- Uniwersitetiň mollumlaryndanam dowamly girip çykýanlar bardy. Edebiýatçy, taryhçy ýa şahyrlar.
- 
                Perhat Sabirovv
                5 years ago
                
- @messibet, ekizler2.com Hydyr bilen Ylýas aga degişli öýdýän. Şol saýt şu wagt sizde işleýämi?
- 
                messibet
                5 years ago
                
- Şu wagt barladym welin girmedi. Şolaň saýty bolmaly, hawa.
Perhat Sabirovv 5 years ago- Hydyr aganyň eserlerini okanyňa degýändir