armanym sen,armanym sen dünýede, Dermanym sen,dermanym sen,dermanym! Günäsi ýok,özgeleriñ bu ýerde, Bu ykbalyñ oýny,aýryldyk janym. Ellerime salsam,jem$idiñ jamyn, Belki beýle,bolmasada bolmazdy. Öñünden bilerdik nämäñ boljagyn, Hiç kes seni,ellerimden almazdy. Elimde bolsady,garry gojanyñ, Üç isleg bitirýän tylla balygy. Ählisinde, diñe seni dilärdim, Howwa seni,eý kòñlimiñ aramy. Elimde bolsady,hool alletdiniñ, Ïçi jynly,$ol jadyly çyrasy, Belki jasminyma ýetip bilerdim, Tapylardy, aýralygyñ çäresi. Ýöne welin,bulañ bary erteki, Ertekiler bolsa oñat gutarýar. Gerçek ýigit,$ol rehimsiz döwleri, Öldürýärde,$a gyzyny getirýär. $a bolsa olara,nika gyýdyryp, Görlùp e$dilmedik toý tutyp berýär. Bu durmu$dyr,hakykatdyr öýdi$ip, Ertekiniñ okyjysy begenýär. Durmu$ erteki däl,durmu$ ýeñil däl, Çyra ýa jam,balyk ,dadyña gelmez. Ýöne seni söýmän,oñup biljekdäl, Seniñ ýüregiñem,wah mensiz oñmaz. Bagytdyr dünýäde,söýlip ýa$amak, Armany bolmaklyk,seniñ dek gyzyñ. Ýeri bolýa, goýaly bu gürriñi, Diýme maña,"umyt bara henizem" Biz aýryldyk,biz aýryldyk ahyry, Sen nämùçin,dü$ineñok henizem, Hemme zat, gowluga gutarar ýaly, Durmy$ hindi filimi däl ezizim! Vento: $ahsy döredijilik 19.08.2012.
Durmush we erteki.
-
Makintos
13 years ago
- bet bet, bravo,
respect tebe
-
dominic
13 years ago
- Berekella vento goshgy Ajayyp bolupdyr.sonky dowurlerde bal tapmaga gitdinmikan diyip pikir etyadim tokayda yazdynmy muny
-
turkmenintalyby
13 years ago
- Tuweleme, galamyn yiti bolsun!
-
turkmenintalyby
13 years ago
- Tuweleme, galamyn yiti bolsun!
-
burguttm
13 years ago
- sagja bol agam,diýseñ ajaýyp go$gy! Ýene ýetirip dur!
-
makgush
13 years ago
- +5
-
akylym1989
13 years ago
- vento paýlashyp duruñ ýitip gitdiñizä
-
sahett
13 years ago
- Tüweleme
-
pida
13 years ago
- erbet dal ekenooov!!!!!! saol vento!
-
turkmenntug
13 years ago
- başy gowy eken
-
vento
13 years ago
- ha ha ha ha,ay yok tokayda ýazamok dominic dost, senem otlap ýörkäñ ýazana dälsiñdä jogaby! :-)
Patron 13 years ago- Galamyň ýiti bolsun şahyr.