Bu çarhy-pelegiň zulumdyr işi,
Maksada ýetmedi munda bir kişi.
Her ýerde görse ol bir dagly ýürek,
Ýene bir dag basar, gyzdyryp çişi.
.....
Durmuş hem bagt üçin çalyşan akyl,
Her günde ýüz gezek eýleýär nakyl:
" Şat geçir ömrüňi, ýorunja dälsiň,
Orlup, gögermersiň, muny ýagşy bil!"
.....
Gökde bir sygyr bar, adydyr Perwin,
Ýene biri ýeriň astynda gizlin,
Bu iki sygyryň aralygynda
Bir topar eşek bar, eger etseň syn.
.....
Taňry palçygmyzy eýlände başda,
Her kime bir kysmat ýazanmyş başda,
Meniň günälerim öz hökmi bolsa,
Neçüýn magşar güni ýandyr ataşda.

Edebiýat, sapalybegenjow000000 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir