UZAGA ÇEKEN OÝUN (Hekaýa)

UZAGA ÇEKEN OÝUN
(Hekaýa)
— Iş wagtam-a paýawlap barýa welin, oglanlar, bir müşderi gaty gyssanýa. Şu gün ýetişmesek, ertir irdene barsagam razy. Eger häzir gitmäge döwtalabyňyz bar bolsa-da, aýdyň — diýip, ýolbaşçymyz otagymyza gelip, matlabyny aýtdy.
— Näme mesele ýüze çykypdyr? — diýip, ekabyrrak işdeşimiziň biri ondan sorad...

Dowamy »

1097 2
Edebiýat, myspaser tarapyndan 4 years ago

EDEPLI-EKRAMLY MYLAÝYMZADA...

21.08.2021
Türkmenlerde gyz maşgala her ýaşda bir at berlipdir. Gyzjagaz ulalyp göze görnen bolsa, oňa «ulugyz» diýlipdir. Bu sözüň manysy gyzyň ýetginjek ýaşa ýetendigini aňladypdyr. Gyz maşgala hoşsurat we näzenin bolsa «gözel gyz» diýlipdir. Bu sözüň çuň mazmuny ata-babalarymyzyň durmuş pelsepesinden gelip çykýar. Sebäbi biz ähli gözegelü...

Dowamy »

1305 2
Edebiýat, Razymy? tarapyndan 4 years ago

Gul bolgul

...

Magtymguly bardyr demiñ hesibi,
Ir-giç ŷeter her bendäniñ nesibi.
Kishi bolsañ goŷgul gury tebsihi,
Ŷagshy-ŷaman barçalara dil bolgul.

Dowamy »

1129 2
Edebiýat, Razymy? tarapyndan 4 years ago

"Ezilen ýassyk diýmeseň..."

"Sensiz guşlar saýramaýar..."
(aýdymdan)

Sensiz guşlaram saýrady,
Güllerem açdy gunçasyn.
Durmuş piňe-de almady
Söýginiň onça-munçasyn.

Aýralyk ajy derman deý
Söýgiň emi-ýomy boldy.
...Seni ýitirip tanadym.
(Beýgeleniň gowy boldy)

Gedem göwnüm...
Ne...

Dowamy »

1209 8
Edebiýat, Pegas tarapyndan 4 years ago

UFOLOGIYA. Gumanoidler ot islediler!

1989njy yylyn 2nji noyabry guni gije surujiler Oleg.K we Nikolay.B, KamaZ awtoulagynda Arhangelsk'den Moskwa tarap gelyardiler. Rayonyn Yemsa stansiyasynda olar yza aylanyp gechilyan yolda sowuldylar. Shol owrumlerin birinide ulagyn farasynyn yagtysy, yolun sag tarapyndaky garanky yerinde bir apet desganyn shekilini yagtylandyryp gorkezip gechdi....

Dowamy »

1262 19
Edebiýat, zumerchi tarapyndan 4 years ago

Gorkana goşanyň goşasy görüner...

Gorkana goşanyň goşasy görüner...

Ir-säher bilen, güneş şuglalary, süýji ukuda ýatan Çarynyň ýüzüne mylaýym mähir berdi, myýmyk şemal bolsa emaý bilen sypalap geçdi. Edepli-ekramly çaga, gözlerini açyp, ýuwunmaga ýöredi, irdenki maşk, ertirlik-nahar, soňra bolsa mekdep-okuwyna. Çary adaty çagalar ýaly, emma onuň içki dünýäsi weli...

Dowamy »

1437 13
Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 4 years ago

Ejeme gyz, bolup bilseň ;)

Gyzym diýip çagyrsa, how diýip galsaň
Kalbuna ýol tapyp, göwnüni alsaň
Ejemjan diýip ýüzlenseň, ýüzlenip bilseň
Iň bagytly gyzsyň, bolarsyň bilsen
Söýgülim ejeme gyz bolup bilseň ;)

Ejemjanyň göwni, gyz mährine zar
Üç ogul, bir gyz alyp, çeken kän azar
Şu sözüm unutma, unutma asla
Iň b...

Dowamy »

1335 7
Edebiýat, ZET-PRO2003 tarapyndan 4 years ago

Bu Watanda!

Öňe Türkmenistan...
Türkmenistan!!!

Bu watandaaa.
Bu watanda!!!

Geçmişe buýsanç, geljege höwes, döreýändir,
Bu watanda!!!
Asuda parahat, ak ýollardan, ýöreýän men,
Bu watanda!!!
Mert ýigitleriň, öçmejek ruhy, siňdendir baky,
Bu watanda!!!
Çalyşmaryn seni, hiç bir...

Dowamy »

1163 3
Edebiýat, ZET-PRO2003 tarapyndan 4 years ago

Dowrebap taze dini hereketler. Bahaizm.

Bahaizm ( arap. Al-Bahaiyla)-"taze asyryn" dini bolup, XIX asyryn ikinji yarymynda Yrakda dorapdir. Bahaizmin duybuni tutujy- Baha-Ulla-Allanyn yshygy lakamly eyranly dworyan Mirza Huseyin Ali Nuri'dir(1817-1892 yy). Bahait'lerin kopusi eyrandaky irki babizm'in yzyny eyerijilerdir. Babizm hereketi derbi dagyn edilenden son olar Yraga gachyp gidipdi...

Dowamy »

1040 0
Edebiýat, zumerchi tarapyndan 4 years ago

“Seni görsem, niredendir bir ýerden...”

Seni görsem, niredendir bir ýerden
Mylaýym sabalar düşýär ýadyma.
Seni görsem, niredendir bir ýerden
Humarly sapalar düşýär ýadyma.

Seni görsem, niredendir bir ýerden
Dowamly ýagyşlar düşýär ýadyma.
Seni görsem, niredendir bir ýerden
Doňaklyk (bagyşla) düşýär ýadyma.

Seni görse...

Dowamy »

1067 2
Edebiýat, Pegas tarapyndan 4 years ago

“Barsaň, “döwran ötdi” diýgil daglara.”

“Barsaň, “döwran ötdi” diýgil daglara.”
(“Görogly” eposyndan)

Köňlümden syzylyp çykan, eý, goşgym,
“Barsaň, “döwran ötdi” diýgil daglara.”
“Örtedi, örtendi, emma ki yşkyn
Başyna täç etdi” diýgil daglara.

“Özün aýamady, çekdi ah baryn,
Diňe maňa diýip bildi ahwalyn,
Arzuwy gezme...

Dowamy »

1111 2
Edebiýat, Pegas tarapyndan 4 years ago

Eneler ýylgyrsyn. Meredow Gurbanmämmet

Eneler ýylgyrsa açylar güller,
Saýraşarlar saýramaýan bilbiler,
Eneleň ýylgyrşy ýyladar dünýäň,
Eneleň ýylgyrşy tutuş bir dünýä,

Eneler ýylgyrsa açylar göwün,
Dikelip, boý alar saralan, bägül,
Eneleň ýylgyrşy unudar gussaň,
Eneleň ýylgyrşy dermandyr hassa.

Eneler ýylgyrsa şatla...

Dowamy »

1014 0
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 4 years ago

“KEMSINME, EZIZIM...”

Kemsinme, ezizim,
Kemsinme asla,
Geýýän geýimleriň sadalygyna.
Seni söýgim bilen bagryma basýan,
Melul men gözleriň jadylygyna.

Kemsinme, ezizim, durmuşda häli
Meň kärim utulmak,
Utup bilemok
Hem käbir işewür adamlar ýaly,
Arzan alyp, gymmat satyp bilemok.

Kemsinm...

Dowamy »

1274 10
Edebiýat, Pegas tarapyndan 4 years ago

Leýlisaç. Meredow Gurbanmämmet

Bu ümsüm gijeler tümli gijeler,
Gökde gözün gyrpýar, ýyldyzlar üyşüp,
Aşyklara hemaýatkärdir olar,
Saýrak guşlar bagtly boluň diýşip,

Owsun atýan köller ýuwaş tolkunyp,
Aýyň keşbin ýatyr üstüne gatyp,
Ýel öwsende, leýlisaçlar gorkuzyp,
Dymyp otyr olar niçe syr basyp.

Aşyklary b...

Dowamy »

967 0
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 4 years ago

“Ýollar meni alyp gider...”

Ýollar meni alyp gider,
Dözer gider ýyllar maňa.
Ýürek ýanar ot içinde,
Üşeýänler ýylnar maňa.

Daga-daşa siňer ahym,
Hasratymy diňlär asman.
Syrlarymy alan baglar
Meni ryswa etmez asla...

Armanymy bagra basan
Otagyma gysylaryn.
Joşa gelen ýaz ýagşy deý
Ahyr...

Dowamy »

1189 23
Edebiýat, Pegas tarapyndan 4 years ago

Nädip unutmaly. Gurbanmämmet Meredow

Gitseňemä gitdiň, welin hoşlaşyp,
Indi seni nädip unutmalykam?!
Bilmedim men senden asla daşlaşyp,
Indi seni nädip unutmalyka?!

Wagt taparmyka munuň çäresin,
Tapyp bilmen elwredim därisin,
Görmändim men yşkyň beýle dälisin,
Indi seni nädip unutmalykam?!

Hat-da gijelerne goýman...

Dowamy »

1054 0
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 4 years ago

Gutlag dostuma Gurbanmämmet Meredow

Bagt guşy bolup girsin gapyňdan,
Alyp gelsin mähir bilen söýgini,
Penjiräňden agzybirlik girsinde,
Alyp gitsin gussa bilen gaýgyňy.

Öýlerňize bagt nuruny çaýsyn,
Gülki dostuň bolsun, üstünlik hemraň,
Esasy zat polat deýin jan-saglyk,
Başyň dikläp gezip ýörgün sagaman.

Ömrüň der...

Dowamy »

1130 3
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 4 years ago

Haýsu saýtlarda mùmkin bolsw?!

Salam dostlar men öz döreden goşgularymy mp3 format görnüşinde saytlara ýükläp paýlaşasym gelýär ýöne haýsy saytlarda ýukläp bolýarka? Köpçülikleýin paýlanar ýaly bir maslahat beriňdä indi dostlar!

Dowamy »

1056 5
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 4 years ago

Adym...

Adyma aşyk men, söýýän adymy,
Uzynam däl, ap-aňsatjak aýdylýar.
Agzalanda gobsundyrýar adamy,
Onda men bar,
onda saz bar, aýdym bar.

Adymda nagma bar,
agma bar hetden,
Onda dünýäň tüm lezzeti jemlenen.
Onda yşk bar ― aşyp bilýän serhetden,
Oňa özün ýöňkäp bilýär çem gelen.
...

Dowamy »

1138 5
Edebiýat, Pegas tarapyndan 4 years ago

“Sen düýşüme girdiň...”

Sen düýşüme girdiň ― öňküje bolşuň,
Öňkiň ýaly süýji gürrüňler edip.
Menem hezil edip gulagym asdym,
Özüm dymyp, seni bolsa gürledip.

Sen-ä saçlaryňy şemala berip,
Ýöräp barýarmyşyň arzuwma tarap.
Menem seň yzyňdan galman barýaryn,
Kä yzyma garap, kä saňa garap.

Sen-ä köpmanyly...

Dowamy »

1117 2
Edebiýat, Pegas tarapyndan 4 years ago