Germaniýanyň «Volkswagen» awtoulag läheňi hem-de onuň «Audi» golçur kärhanasy dolandyryş ulgamyndaky näsazlyk sebäpli tutuş dünýäden 2,1 milliondan gowrak awtoulagy yzyna çägyrdy. Bu barada Umumygerman awtoulag klubuna (ADAC) salgylanýan TASS habar berdi. Habarda näsazlygyň rul dolandyryş ulgamynyň işlemezligine getirjekdigi bellenýär. Şunuň bilen baglylykda, Germaniýada 960 müň ulag yzyna çagyrylýar, olaryň 900 müňüsi «Volkswagen», 60 müňüsi «Audi» kompaniýasyna degişlidir. Gürrüň 2013-nji ýylyň 24-nji sentýabryndan 2024-nji ýylyň 1-nji iýuly aralygynda öndürilen VW Golf, Golf Variant, Tiguan, Touran, Caddy kysymlary hem-de 2017-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 2024-nji ýylyň 23-nji maýy aralygynda öndürilen Audi Q3 kysymy barada barýar.