Türkmenistan ikinji emeli hemrasyny döretmegiň üstünde işleýär
Häzirki wagtda Türkmenistan ikinji emeli hemrany döretmegiň üstünde işleýär. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako saparynyň çäklerinde Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşykda belledi.
2015-nji ýylda Türkmenistan ilkinji «TürkmenÄlem520E» türkmen emeli hemrasyny kosmosa çykardy. 10...
Microsoft emeli aňlary ulanmagyň töwekgelçilikleri boýunça barlag geçirdi
Microsoft korporasiýasynyň hünärmenleri emeli aňyň ulanylyşy bilen bagly töwekgelçilikleri öwrenmek boýunça barlag geçirdiler. Barlagyň netijeleri arXiv preprint serwerinde paýlaşyldy.
Alymlar ýüzden gowrak emeli aň gurallaryny seljerip, emeli aňyň “hiç wagt hem doly derejede howpsuz bolmajakdygy” hakynda netijä geldiler. Uly dil modelleri (...
Hytaýda satuwyň pese gaçmagy netijesinde iPhone üpjünçiligi azalyp biler
Apple kompaniýasy 2024-nji ýylyň awgust aýyndan bäri bazarda iň erbet güni başdan geçirdi. Canalys analitikleriniň kompaniýanyň hytaý bazarynda ornunyň ýaramazlaşandygyny görkezýän hasabatyndan soň, onuň paýnamalarynyň bahasy 4% pese gaçdy.
Canalys-yň hasabatynda geçen ýylyň jemi boýunça Hytaýda iPhone-yň beýleki smartfonlaryň arasynda üçünj...
Hyundai 5 müňe golaý ulagyny yzyna çagyrýar: ulaglar çekişini ýitirip, durup bilýär
Hyundai ýangyç ulgamyndaky näsazlyk sebäpli, 5000 töweregi awtoulagyny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Näsazlyk hereketlendirijide çekiş güýjüni ýitmegine we onuň birden togtamagyna getirip bilýär diýip, Speedme habar berýär.
Yza çagyryş kampaniýasyna 2020-nji we 2023-nji ýyllar aralygynda öndürilen 4871 sany i30 Sedan N we Kona N modelleri...
Samsung telewizorlaryna emeli aň terjimeçisi goşular
CES 2025 sergisinde Samsung kompaniýasy QD-OLED, Neo QLED, The Frame we The Frame Pro telewizorlarynyň täze hatarlaryny görkezip, “Samsung Vision AI” atly emeli aň esasly täze funksiýalar toplumy bilen tanyşdyrdy. Vision AI tomaşa edilýän film ýa-da serialdaky aktýorlar, ýerler, obýektler barada maglumat berer. Şeýle hem görmek üçin programmalary m...
Täze BMW 3 Series, 5 Series we X7 tanyşdyryldy
BMW ilkibaşda diňe Günorta Koreýanyň bazarynda elýeterli boljak modelleriniň täze ýörite nusgalaryny hödürledi.
Täze wersiýalary özboluşly reňk çözgütleri, ýörite bezeg elementleri, şeýle hem adaty komplektasiýalarynda görkezilmedik goşmaça opsiýalary alan 3 Series, 5 Series we X7 modelleri aldy.
Mysal üçin, bu hatardaky awtoulaglar ü...
IPhone üçin döwrebap çipler ABŞ-da öndürilmez
Apple kompaniýasy iň döwrebap prosessorlary ABŞ-da öndürip bilmez diýip, Reuters habar berýär.
Apple kompaniýasynyň esasy çip üpjünçisi bolan Taiwan Semiconductor Manufacturing Co (TSMC) ABŞ-daky zawodlarynda önümçilik işlerini ýola goýmakda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy.
TSMC-niň baş müdiri Si Si Weýiň aýtmagyna görä, Arizonadaky...
Samsung Galaxy S25 Ultra-nyň ähli jikme-jiklikleri ilkinji tanyşdyrylyşyndan öň açyldy
Resmi tanyşdyrylyşdan sanlyja gün öň, insaýderler täze flagman smartfony bolan Samsung Galaxy S25 Ultra barada jikme-jiklikleri aýan etdiler. Syzdyrmalar ekranyň häsiýetnamasyny, kameralary, öndürijiligini, şeýle hem AI funksiýalaryny we korpusynyň reňklerini öz içine alýar.
Arsene Lupin lakamly bir insaýderiň berýän maglumatlaryna görä, sma...
Toyota-nyň şahamçasy dizel hereketlendirijisiniň synag maglumatlaryny galplaşdyrandygy üçin 1,6 milliard dollar tölär
Toyota-nyň Hino Motors golçur kärhanasy dizel hereketlendirijileriniň zyýanly zyňyndylary baradaky maglumatlary görkezende hilä ýüz urandygy üçin 1,6 milliard dollar jerime tölemäge razy boldy.
Kompaniýa ozal Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy gullugyna (NHTSA) ýalan maglumat berendigini boýun alypdy diýip, Motor1 belleýär.
Gürrüň ýol...
Huawei elektrikli ulaglaryň zarýad stansiýalaryna robot gol ornaşdyrar, ol zarýad kabelini özbaşdak baglar
Huawei kompaniýasy elektrikli awtoulaglary zarýada goýmagy aňsatlaşdyrmak üçin täze robot goly hödürledi. Zarýad kabelini ulagyň zarýad nokadyna özbaşdak baglap bilýän robot gol şu ýylyň ikinji çärýeginde ähli zarýad stansiýalarynda we ýangyç beketlerinde ornaşdyrylyp başlar diýip, CarNewsChina neşiri habar berýär.
Täzelenen zarýad stansiýas...
NASA «Hubble» teleskopynyň maliýeleşdirmesini azaltmagy meýilleşdirýär
Amerikanyň astronomiki jemgyýetiniň 245-nji mejlisinde «Hubble» teleskopyny dolandyrýan institutyň (STScI) wekilleri ýakyn ýyllarda maliýeleşdirmäniň azaldyljakdygyny habar berdi. NASA-nyň 2026-2028-nji ýyllar üçin býujet meýilnamasyna laýyklykda, teleskopyň ýyllyk maliýeleşdirilişi 83-87,8 million dollara çenli peseldiler diýip, SpaceNews neşiri h...
Paint-de obýektleri we fonlary aýyrmak funksiýasy Windows 11-iň hemme ulanyjylary üçin açyldy
Microsoft Windows 11 üçin Paint grafiki redaktoryny täzeledi we emeli aň (AI) bilen işleýän, obýekt we fon aýyrýan täze funksiýalary goşdy diýip, TechSpot habar berýär.
Ozal bu gurallaryň ikisi hem Qualcomm Snapdragon X çipleri ýa-da häzirki Intel Core Ultra 200 we AMD Ryzen AI 300 prosessorlary bolan kompýuterlerde bardy, sebäbi aýratynlykl...
Apple Watch awtoheläkçilige uçran adamy halas etdi
ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň 55 ýaşly ýaşaýjysy Brent Hill Apple Watch akylly sagadynyň heläkçiligi anyklamak funksiýasynyň kömegi bilen ölümden halas boldy. Ol rulda wagty huşuny ýitirip, ulagyny goňşusynyň howzuna tarap sürdi diýip, 9to5Mac neşiri habar berýär.
Waka geçen ýylyň 16-njy dekabrynda bolup geçdi. Hill birden özüni erbet duýandy...
Windows 11 hemişelik mugt bolar
Microsoft korporasiýasy Windows 11 operasion ulgamyna geçmegiň hemişelik mugt boljakdygyny mälim etdi diýip, Windows Latest neşiri habar berýär.
Neşiriň žurnalistleriniň bellemegine görä, 2025-nji ýylyň başynda kompaniýanyň blogynda Windows 10 ulanyjylarynyň çäklendirilen wagt içinde Windows 11-e mugt geçip biljekdigi barada maglumat çap edi...
Google YouTube wideolary we PDF resminamalary üçin “Gemini” AI tehnologiýasyny hödürleýär
Google kompaniýasy “Gemini” dil modeliniň täze funksiýasyny hödürleýär. Bu funksiýa ulanyjylara YouTube wideolary we PDF resminamalary bilen şol bir wagtda işlemäge mümkinçilik berer diýip, Android Authority habar berýär.
“Talk Live about video” atly funksiýa arkaly ulanyjylar görýän wideolaryndaky gyzyklanýan we düşünmeýän ýerleri boýunça e...
Emeli aň çiplerine islegiň artmagy bilen TSMC-niň çärýeklik girdejisi 57% ýokarlandy
TSMC taýwan çip öndürijisi dördünji çärýekde rekord derejede girdeji gazandy. Bu üstünlik emeli aň (AI) ulgamlary üçin niýetlenen çiplere bolan islegiň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Kompaniýanyň arassa girdejisi 57% ýokarlanyp, 11,4 milliard dollara, umumy girdejisi bolsa 38,8% artyp 26,36 milliard dollara ýetdi diýip, Bloomberg habar berýär.
Ilkinji gezek USB-C-li iPhone-ny döwmek başartdy
Howpsuzlyk boýunça barlagçy Tomas Rot Chaos Communication kongresiniň 38-nji maslahatynda iPhone 15-iň USB-C arkaly döwülendigini mälim etdi. Çäre barada maglumatlar 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda çap edildi diýip, Appleinsider neşiri habar berýär.
Rot iPhone smartfonlarynda 2023-nji ýylyň güýzünden bäri ulanylýan ACE3 USB-C dolandyryjysynyň p...
Microsoft emeli aňyň ösdürilişini tizleşdirmek üçin “CoreAI” atly aýratyn bölüm döredýär
Microsoft kompaniýasy “CoreAI” atly täze inženerçilik bölüminiň döredilýändigini mälim etdi. Bu bölümiň ýolbaşçysy Jeý Parih bolar. Bölüm emeli aň (AI) gurallaryny we programmalaryny ösdürmäge gönükdiriler diýip, The Verge neşiri habar berýär.
Microsoft-yň baş müdiri Satýa Nadella 2025-nji ýylyň emeli aň ulgamynda öwrülişikli ýyl boljakdygyn...
Microsoft emeli aňyň ösdürilişini tizleşdirmek üçin “CoreAI” atly aýratyn bölüm döredýär
Microsoft kompaniýasy “CoreAI” atly täze inženerçilik bölüminiň döredilýändigini mälim etdi. Bu bölümiň ýolbaşçysy Jeý Parih bolar. Bölüm emeli aň (AI) gurallaryny we programmalaryny ösdürmäge gönükdiriler diýip, The Verge neşiri habar berýär.
Microsoft-yň baş müdiri Satýa Nadella 2025-nji ýylyň emeli aň ulgamynda öwrülişikli ýyl boljakdygyn...
Microsoft 14-nji oktýabrdan "Windows 10-da" Office-iň goldawyny bes eder. Bu nämäni aňladýar?
Microsoft kompaniýasy 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabryndan başlap Windows 10 gurlan kompýuterlerde Microsoft Office programmalaryny goldamagy bes etjekdigini mälim etdi. Bu diýildigi, şol seneden soň ulanyjylaryň Word, Excel, Outlook, Microsoft 365, Microsoft Defender we OneDrive üçin täzelenmeleri almajakdygyny aňladýar diýip, The Verge takyklaýar.<...