Google öz Gemini çat-botuna kompaniýanyň EA modelleri tarapyndan döredilen kontenti tanamak funksiýasyny goşdy. Munuň üçin ýörite sanly bellik ulanylýar. Ulanyjy Gemini çat-botuna surat ýa-da wideo iberip, olaryň emeli aň tarapyndan döredilendigini ýa-da ýokdugyny sorap biler. Kompaniýa modeliň hatda logotip kesilen bolsa-da, Veo we Nano Banana tarapyndan döredilen EA kontenti kesgitleýändigini aýdýar. Bu funksiýa Google-yň öz EA hyzmatlarynda döredilen kontentleri bellik etmek üçin ulanýan SynthID sanly suw belligine esaslanýar. Şeýle-de, Gemini, eger wideo neýroulgamyň kömegi bilen redaktirlenen bolsa, wideonyň haýsy böleklerinde bu belligiň peýda bolýandygyny görkezip biler. EA suratlary tanamak funksiýasy barada 2025-nji ýylyň noýabrynda habar berildi. 20-nji noýabrda Google surat döretmek üçin täzelenen Nano Banana Pro modelini hödürledi. Ulanyjylar onuň adamlary hakyky ýaly döredýändigini belleýär. Käbir ulanyjylar bolsa sosial ulgamlarda EA kontentine kanuny derejede bellik goýmagy girizmelidigi barada ýazýar. Google wideo döretmek üçin Veo 2, Veo 3 modellerini, şeýle-de onuň kämilleşdirilen Veo 3.1 wersiýasyny ulanýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir