Drive Morph atly YouTube kanaly BMW 3 seriýasynyň ewolýusiýasyna bagyşlanan wideony çap etdi. Sekiz minutlyk wideo modeliň 60 ýyllyk taryhyny — 1975-nji ýyldan häzirki güne çenli döwrüni öz içine alýar. Şeýle hem, awtorlar “üçlügiň” geljekde, ýagny 2034-nji ýylda nähili bolup biljekdigi baradaky öz garaýyşlaryny hödürleýärler. Wideo BMW 3 seriýasynyň birinji nesli bolan E21 bilen başlaýar. Soňra ilkinji M3-iň peýda bolan E30 modeli, ondan soň bolsa E90, F30 we häzirki G20 nesilleri yzygiderli görkezilýär. Her nesil üçin döredijiler şol döwürde çykan ähli kuzow görnüşlerini modelleşdiripdirler. 2010-njy ýyllarda hatara goşulan Gran Turismo görnüşine aýratyn üns berilýär. Wideoda seýrek duş gelýän, çäkli möçberde öndürilen sport wersiýalary ýok, emma iň soňky nesliň çäginde elektrikli BMW i3, şeýle hem L indeksli uzaldylan sedan görkezilýär. Wideonyň jemleýji bölümi geljege gönükdirilýär. BMW 3 seriýasynyň 2034-nji ýyl üçin niýetlenen wersiýasy i3 Vision M diýlip atlandyrylýar. Görnüşinden belli bolşy ýaly, onuň dizaýny dolulygyna wideonyň awtorlary tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. Konsept ýumşak we dinamiki sudury, özboluşly gündizki yşyklary bolan inçe faralary we häzirki BMW M4-iň stilindäki uly radiator gözenegi bilen tapawutlanýar. Şeýle-de, wirtual sedan sanly aýnalar we yza çekilýän gapy tutawaçlary bilen enjamlaşdyrylypdyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir