YouTube 2029-njy ýyldan 2033-nji ýyl aralygynda «Oskar» baýraklarynyň gowşurylyş dabarasyny ýaýlyma bermek üçin aýratyn hukuk aldy. Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy wideohosting bilen şertnama baglaşylandygy barada habar berdi. Ylalaşygyň şertlerine görä, YouTube dabaranyň özüniň, gyzyl ýodadan reportažlaryň, perde aňyrsyndaky kontentiň, şeýle-de Gubernatorlyk balynyň global derejede görkezilmegini üpjün eder. Ýaýlym bütin dünýä boýunça ulanyjylara we ABŞ-nyň çäginde YouTube TV-niň agzalaryna mugt elýeterli bolar. Soňky 50 ýyl bäri dabarany görkezmek hukugyna The Walt Disney Company kompaniýasyna degişli bolan ABC teleýaýlym ulgamy eýeçilik edýär. 2028-nji ýylda şanly 100-nji dabara Disney bilen häzirki şertnamanyň çäklerinde ýaýlyma berilýän soňky çäre bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir